Imissyou
04.12.2023 17:13
Klimatologlar-şu-gyşyň-rekord-derejede-maýyl-boljakdygyny-caklaýarlar-ähtimallyk-95

Hytaýly klimatologlar 2023-2024-nji ýyllaryň gyş paslynyň Ýeriň ortaça temperaturasynyň iň ýokary rekordyny goýjakdygyny, soňky onýyllyklaryň dowamynda ortaça görkezijiden bir dereje Selsiýa ýokary boljakdygyny 95% ähtimallyk bilen anykladylar. Bu barada Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Atmosfera fizikasy institutynyň metbugat gullugy geçen anna güni habar berdi.

"Alymlar tarapyndan geçirilen hasaplamalar Ýewraziýanyň orta giňişliklerinde we Täze Dünýäniň köp böleginde temperaturanyň ýokary boljakdygyny görkezýär. Şol bir wagtyň özünde, Ýer togalagynyň umumy temperaturasynyň 2023-2024-nji ýyllaryň gyşynda täze rekord goýjakdygynyň 95% ähtimallygy bar. Aýratynam Hytaýda howanyň temperaturasy has-da ýokarlanar, ýurtda 1991-nji ýyldan bäri iň maýyl gyş bolar” - diýip, habarda aýdylýar.

Pekindäki Hytaý Ylymlar akademiýasynyň Atmosfera fizikasy institutynyň dosenti Çžen Feýanyň ýolbaşçylygyndaky hytaý klimatologlarynyň topary tarapyndan, howa gözegçilikleriň taryhynda häzirlikçe iň yssy hasaplanýan soňky ýylda planetanyň howasynyň nähili üýtgändigini öwrenilip, bu açyş edildi. Klimatologlaryň häzirki berýän bahalaryna görä, soňky 12 aýyň dowamynda temperatura XX asyryň başlary üçin adaty görkezijilerden Selsiýa boýunça 1,25 dereje we ondanam ýokary boldy.
Alymlar bu rekord görkezijileriň diňe bir antropogen ählumumy maýyllaşmanyň tizleşmegi bilen bagly bolman, eýsem, El-Ninýo howa hadysasynyň güýçlenmegi bilen hem baglanyşyklydygyny çaklaýarlar. Feýiň we onuň kärdeşleriniň anyklaýşy ýaly,  bu agzalan hadysa üç dürli global klimat modelini ulanyp, 2023-2024-nji ýyllaryň gyşynyň rekord derejede maýyl boljagynyň ähtimallygyny 95% eder.
27
86
nabat_
4 Dekabr 2023
@flowers_, hä bolýa😊
nabat_
4 Dekabr 2023
@Imissyou, nesip bolsa
nabat_
4 Dekabr 2023
@Imissyou, wooww onyaly zadlaram bolyamy😃
nabat_
4 Dekabr 2023
@flowers_, o niri bolýa😊
gulshatayewa97
4 Dekabr 2023
Ynanyp otyrmaly dällegy. Imoda-da iş edil oktýabrda gar ýagjakmyş minus plança boljakmyş dýp ýykdylar. Gül ýaly howa boldy. 3nji günden aňyrsy sowap başlaýa howa nesipbolsa
nabat_
4 Dekabr 2023
@myrataly_, gowydygyny😁😊
myrataly_
4 Dekabr 2023
@nabat_, Sen ucin gar zakaz ederis
nabat_
4 Dekabr 2023
@myrataly_, mayyl bolya diyip yazylga postda😕
myrataly_
4 Dekabr 2023
@nabat_, Basym yagya
perman07
4 Dekabr 2023
@nabat_, Come to Russia
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.