Imissyou
03.12.2023 06:51
Dünýäniň iň gadymy agaçlary.

Agaçlar adamlardan has uzak ýaşaýany syr bolmasa gerek. Käbir agaçlaryň ýaşy ençeme asyrlara uzaýandyr. Hat-da, dünýäde müsür piramidalaryndan garry agaçlar hem bardyr.
Agaçlar dünýäsiniň iň gojasy – ýaşy 5 müň ýyla barabar bolan Mafusaildir. Ol Kaliforniýanyň gündogaryndaky Inio milli seýilgähinde ösýändir. Onuň takyk ýerleşýän ýeri hökümet tarapyndan bilkastlaýyn gizlin saklanylýar, çünki syýahatçylaryň köpçülikleýin tolkuny Mafusaila zyýan ýetirer diýip gorkulýar. Bu agaç 1957-nji ýylda klimatolog Edmund Şulman tarapyndan açyldy. Mafusailiň uzak wagtyň dowamynda bir sebitde ösmekliginiň esasy sebäbi biologiki aýratynlyklary bilen baglanşyklydyr. Pürli agaç bolanlygy sebäpli, ol pürlerini her 20-30 ýyldan çalyşýar. Bu bolsa ösümlige energiýa tygşytlamaklyga ýardam edýär. Ýyldyrym çakmagy netijesinde zeperlenen bölekleri gurap aýrylýar, bu bolsa bütin ösümligiň ölmekliginiň öňüni alýar. Mafusailiň agajynyň smolalara baý bolmagy, ony bakteriýalardan, kömeleklerden we zyýanly mör-möjeklerden goraýar.

Dünýädäki agaçlaryň iň gadym koloniýasy ABŞ-nyň Ýuta ştatynda ösüp, düzümine 50 müň agaç girýär. Koloniýa girýän agaçlaryň ählisi bir enelik agajynyň neslidir. Koloniýanyň jemi ýaşy 80 müň ýyla barabar. Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda bu koloniýa – dünýädäki iň uly janly organizm hökmünde kabul edildi.
Birnäçe ýyl mundan ozal Şwesiýada kök ulgamy 10 müň ýyla barabar bolan arça tapyldy. Bu arça Garry Tiko diýip at berdiler, onuň baldagynyň ýaşy 600 ýyla barabardyr.
27
103
qwer12
3 Dekabr 2023
Havo sonda gowy kino bolor
nabat_
3 Dekabr 2023
1nji suratdaky agaçlary gorkunç kino duşurilende ulanaysañ😁😅
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.