Imissyou
03.12.2023 14:59
Agramyna gyzyl tölelenen gelin... Bu erteki däl hakykat.

Asly pakistanly gurply söwdagärleriň biri Muhammet durmuş toýunyň üýtgeşik hem-de ýatda galyjy bolmagy üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde täsin bir dabara gurnady. Üýşmeleňe çagyrylan myhmanlaryň öňünde ol göwün halan gyzyna söýgüsini mälim edip, «Galyň hökmünde gelinliginiň agramyna barabar gyzyl-altyn tölejekdigine» söz berdi.

Toý pursatlaryndan paýlaşylan wideokliplere görä, öýlenjek baý ýigit toýa gelenlere ýüzlenip, bu sözlerine göçme manyda däl-de göni manysynda düşünmeklerini towakga edýär. Soňra bir terezi hem-de altyn guýmalaryny getirmeklerini soraýar. Ölçelip görlende 69 kilograma deň bolan gelinligine 69 sany altyn guýmasyny köpçüligiň öňünde sowgat berýär.
«Şebekat» telegepleşiginiň alyp baryjysy toý pursatlaryndan paýlaşylan bu wideo ýazgylara esaslanyp, «24 karata deň bolan arassa altyn guýmasynyň 1 kilogramynyň bahasy 60 müň 500 dollardan gowrak. Şeýle hasaplap görenimizde, baý ýigit özüniň durmuş hemrasyna dört million dollardan gowrak galyň haky töledigi bolýar» diýip belleýär.
«Şebekat» telegepleşiginiň şu ýylyň 1-nji martynda ýetiren bu wideohabary dürli mediaplatformalarynda, esasanam «Twitterde» gyzgyn jedelleri körükledi. Pikirini ýaňzytmaga çalyşanlaryň birnäçesi wideoda görkezilen altyn guýmalarynyň hakyky däldigini, çünki altyn guýmasynyň barmak ujunda saklar ýaly beýle ýeňil bolmaýandygyny ýazdylar. Käbirleri şeýle ululykdaky altyn guýmalarynyň azyndan bäş kilograma deň bolýandygyny, käbirleri bolsa onuň altyn däl-de, altyn çaýylan başga bir metal bolmagynyň mümkindigini belläpdirler. Ýaş çatynjalara altyndan has zyýada bagt arzuw edenlerem az bolmandyr. Käbirleri bolsa «Mundan öň «Agramyňa görä altyn berjek» diýen sözlere diňe adaty gürrüňlerde, ertekilerde ýa edebi eserlerde duşýardyk. Indi gözümiz bilen görmegem miýesser etdi» diýip, özünde galdyran täsirlerini paýlaşýarlar. Dogrusy, gurbuň bolsa, dünýäni berseň degýän gyza dört million dollar uly galyňam däl ahyry...
31
198
4982
6 Dekabr 2023
Gyzlar hemmãñize şular ýaly baý ýigit sataşsyn.
altyyeva
3 Dekabr 2023
@Bitter, semrap başlaber hazirden 😁
altyyeva
3 Dekabr 2023
@tim_, suratda onca uzyn gorunmedi boyy
altyyeva
3 Dekabr 2023
altyyeva
3 Dekabr 2023
Horrak gyz alaymalykenda onda 😁 69kg 🙄 newela
nabat_
3 Dekabr 2023
Iñ soñky setirler gaty gowy...soñky 3 setir
nabat_
3 Dekabr 2023
Agramyna gyzyl😯😂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.