Imissyou
04.12.2023 19:54
Bu gün söýdügim ýary,
Nalaýan intizarym.
Ýazylypdyr kysmatymda,
Nalaç derde çydaryn.

Dert çekdirmegin munda,
Tükener sabyr kararym,
Göwnüm senden dönmez,
Ýarym Gülmährem.

Zynjyr bilen daňsalar,
Çölden çöle zyňsalar,
Gözüm oýup ýumsalar,
Dönmen Gülmährem.

Saňa söýgim ýalan däldir,
Aldasam ýerler ýuwutsyn,
@imissyou keşbiň söýendir,
Söýmesem yhlasym tutsyn.

Söýsem senden başgany,
Bedenimden janym gitsin.
Göwnüm senden dönmez,
Ýarym Gülmährem.

22
166
surprise
5 Dekabr 2023
Sahyr 🙂
my_angel
5 Dekabr 2023
Öz adyny yazsan bolanokmy imissyou diyen bolup😂
paradisem
4 Dekabr 2023
😄 onda kim duzdi sen adyn bara goşgyda
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.