Imissyou
04.12.2023 07:52
Hyundai-awtoulaglaryna-jenayatlary-yuze-cykarmagy-we-olar-barada-polisiya-habar-bermegi-owreder.


Hyundai Motor topary 2010-njy ýyldan bäri her ýyl öz işgärleri üçin geçirýän nobatdaky «Pikirler festiwalynyň» netijelerini jemledi. Ýeňijileriň biri H-SOS atly howpsuzlyk ulgamyny işläp düzen topar boldy. Bu toplum awtoulagda oturanlara howp salýan jenaýaty ýa-da adatdan daşary ýagdaýy ýüze çykarmaga we hukuk goraýjy edaralara habar bermäge ukyplydyr.

Düşündirişe seretseň, H-SOS aslynda mikrofonlaryň we ýörite programma üpjünçiliginiň toplumydyr. Ulgam adam gykylyklaryny ýa-da partlama seslerini «eşidip» biler, şondan soň çyralary we duýduryşy ýakyp, kameralar arkaly bolup geçýän zatlary ýazga geçirip başlar. Bu ýazgylar, şeýle-de ulagyň ýerleşýän ýeri awtomatiki usulda hukuk goraýjy edaralara iberiler.
Mundan başga-da, agyr jenaýatlar ýa-da tebigy betbagtçylyklar ýüze çykan halatynda golaýda duran ulag eýelerine wakadan uzakda durmagy maslahat berýän gyssagly habarlar iberiler.
Hyundai Group entek H-SOS-y seriýalaýyn çykarmagyň geljegi barada hiç zat aýtmaýar, ýöne şular ýaly çärelere ilkinji gezek hödürlenen köp pikirleriň amaly durmuşa geçirilendigini belleýär.
25
62
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.