HUKUKKÖMEGI
07.06.2022 07:08
Türkmenistanyň raýatlaryna pyýadalaryň ýol hereketiniň kadalaryny bozmagy üçin jerimeler kesgitlenildi



Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi raýatlara pyýadalaryň ýol hereketiniň kadalaryny bozmagy we onuň jerimeleri barada habar berýän bildiriş kagyzlaryny köpçülikleýin mälim etdi.

Hususan-da, düzgün-tertibiň berjaý edilişine gözegçilik edýän işgärler paýtagtyň we welaýatlaryň ýaşaýjylaryny ýol hereketiniň kadalaryna laýyklykda, pyýada geçelgelerinden, şol sanda ýerasty we ýerüsti geçelge ýerlerinden geçmegi berk berjaý etmäge çagyrýarlar.

11-nji maýda Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň güýje girizilendigini ýatladýarys.

Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 231-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda, pyýadalaryň ýol hereketiniň düzgünleşdiriji duýdurmasyna boýun egmezligi ýa-da bellenilmedik (geçmesiz) ýerlerde ýoluň gatnalýan böleginden geçmegi, mopedleri, welosipedleri we gaýry hereket serişdelerini dolandyrýan adamlaryň, arabakeşleriň hem-de ýoldan peýdalanýan beýleki adamlaryň ýol hereketini düzgünleşdiriji duýduryjylara boýun egmezligi, hereketde ilkinjiligi görkezýän, gadagan ediji ýa-da buýruk beriji ýol belgileriniň talaplaryny berjaý etmezligi üçin 40 manat möçberde jerime kesgitlenilýär.

Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmasy üçin administratiw temmisi ulanylandan soň onuň alty aýyň dowamynda gaýtadan edilmegi üçin 100 manat möçberinde jerime salynýar.

On alty ýaşa ýetmedik ýetginjek pyýadalaryň ýol hereketiniň kadalaryny bozmagy üçin ata-enelerine ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara jerime salynýar. Bu ýagdaýda 358-nji maddanyň 4-nji bölegine laýyklykda, düzgüniň birinji gezek bozulmagy üçin 40 manat jerime tölegi tölenýär.
6
77
HUKUKKÖMEGI
06.06.2022 20:55
ETMIŞIŇ JENAÝATÇYLYKLYDYGYNY ARADAN AÝYRÝAN ÝAGDAÝLAR
Zerur goranyş JK 37 madda
   (1) Eger çozuş goranýanyň ýa-da başga adamyň jany üçin howply zorluk ulanmak ýa-da gös-göni şeýle zorlugy ulanmak haýbatyny atmak bilen edilse, hyýanat edýäne islendik zyýan ýetirmek arkaly şahsyýetiň, goranýanyň, başga adamyň, jemgyýetiň we döwletiň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy jenaýat bolmaýar we kanunylyga laýyk hasap edilýär.

   (2) Goranýanyň ýa-da başga adamyň jany üçin howply bolan zorluk bilen ýa-da şeýle zorluk ulanmak haýbaty bilen baglanyşykly bolmadyk çozuşdan goranmak, eger şunda zerur goranyşyň çäklerinden aňry çykmaga ýol berilmedik bolsa, ýagny, hyýanatçylygyň häsiýetine we howpuna açyk laýyk gelmeýän bilkastlaýyn hereketlere ýol berilmedik bolsa, ol kanunylyga laýyk hasaplanylýar.

   (3) Hyýanatçylykdan gutulmaga ýa-da başga adamlara ýa-da häkimiýet edaralaryna kömek üçin ýüz tutmaga mümkinçilige garamazdan, adama zerur goranyşa bolan hukuk degişlidir.


Bialaç zerurlyk JK 39 madda
   (1) Bialaç zerurlyk ýagdaýynda hukuk goralýan bähbitlere zyýan ýetirilmegi, ýagny, şol adamyň ýa-da başga adamlaryň janyna, saglygyna, hukuklaryna we kanuny bähbitlerine, jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbitlerine gös-göni abanýan howpy aradan aýyrmak üçin, eger bu howp şol ýagdaýlarda gaýry serişdeler bilen aradan aýrylyp bilinmese we şunda zerurlygyň çäklerinden bialaç çykylmagyna ýol berilmedik bolsa, şonuň ýaly hereket jenaýat bolmaýar.

   (2) Bialaç zerurlygyň çäklerinden çykylmagy diýlip, salynýan howpuň we howpuň aradan aýrylan ýagdaýyna, onuň häsiýetine we derejesine açyk laýyk gelmeýän zyýan ýetirilmegi, haçanda öňi alynýana garanda, hukuk goralýan bähbitlere has köp zyýan ýetirilende hasap edilýär. Şeýle çäkden çykylmagy diňe bilkastlaýyn zyýan ýetirilen halatlarynda jogapkärçilige eltýär.



Fiziki we psihiki taýdan mejbur etmek JK 40 madda
   (1) Fiziki ýa-da psihiki taýdan mejbur etmek netijesinde hukuk goralýan bähbitlere zyýan ýetiren adamyň hereketi (hereketsizligi), ol eger şeýle mejbur etmegiň netijesinde, öz hereketlerine erk edip bilmese, şeýle hereket jenaýat bolmaýar.

   (2) Başga halatlarda fiziki ýa-da psihiki taýdan mejbur etmek netijesinde hukuk goralýan bähbitlere zyýan ýetirilendigi üçin jogapkärçilik hakyndaky mesele şu Kodeksiň 39 maddasynyň düzgünlerini nazara almak bilen çözülýär.
7
37
HUKUKKÖMEGI
05.06.2022 13:20
SENIÑ ÜSTÜÑDE

Ýykylmyş şährimiz heniz oturmyş.
Niçe horluk gördük seniň üstüňde.
Ölenler ozdurdy, galan ne gördi.
Köp jepalar çekdik seniň üstüňde.

Bir musallat geldi jahany alyp.
Bir maslahat tapmadylar il bolup.
On bäş gün gan akdy misli sil bolup.
Niçäni baýdyrdyk seniň üstüňde.

Nurberdi han gol ýeterden daş boldy.
Berdimyrat han uly ile baş boldy.
Gökdepäň üstünde çyn söweş boldy.
Niçe horluk gördük seniň üstüňde.

Ýegenäniň kärizine gelensoň.
Ondan soňra Ýaňgalany alansoň.
Aý tutuldy Berdi kary ölensoň.
Aý, gün ýas baglady seniň üstüňde.

Her ýaga ýanaşsaň belent bagt bilen.
Kesgir gylyç, bedew arap at bilen.
Gara batyr ötdi saý ýigit bilen.
Niçeler jan berdi seniň üstüňde.

Nedir daşaýakdyr ýygynyň güli.
Amanşa söýünhan baryndan uly.
Annamämmet keçe, Öwlüýäguly.
Olary aldyrdyk seniň üstüňde.

Hanmämmet atalyk, Orazmät hany.
Illerniň üstünde perwazdy jany.
Ol ärleriň hemra bolsun imany.
Olaram aldyrdyk seniň üstüňde.

Öwezmyrat Dykma inip jahana.
Kürdüstany getirmişdi amana.
Söweş güni deger her biri ona.
Niçäni aldyrdyk seniň üstüňde.

Bu işler iş däldir, belli zyýanlar.
Oňa gulak salmaz akly nadanlar.
Meýlisde dalaşan sermest ýigitler.
Olary aldyrdyk seniň üstüňde.

Niçesiniň allanäme geregi.
Niçesiniň gara bagry ýaraly.
Şol zalymyň görülmedik ýaragy.
Ulug dawa gurduk seniň üstüňde.

Ejizlermiz saçyn ýaýyp aglady.
Hudaý urdy, pygamberler gargady.
Ýigrim üçi, duşenbe gün dargady.
Köp jepalar çekdik seniň üstüňde.

Kätibi diýr galdyk ah bilen dada.
Ryswa bolduk biz ýakyna-ýada.
Hemmesi hyrlyly bäş müň pyýada.
Olary aldyrdyk seniň üstüňde.

Öweztagan KÄTIBI.
13
49
HUKUKKÖMEGI
HUKUKKÖMEGI
04.06.2022 00:27
Ine, indi bir hepdäniň içidir, onuň kelle döwüp oturyşy. Hernäçe pikir öwürse-de, kelebiň ujy tapylyberenokdy. «Näme etmeli? Nämeden başlamaly?» diýen sowallar onuň beýnisini edil gurçuk kimin
HUKUKKÖMEGI
HUKUKKÖMEGI
03.06.2022 00:05
NÄME ÜÇIN ADAMYNYÑ GÖZINE FANAR TUTULÝAR? Adamynyñ anataomýasy, bedeni kän syrlary özünde jemjeýär. O syrlaryñ biride adamynyñ gözleridir. Näme üçin adamynyñ gözlerne fanaryk (emeli yşyk) tutulýar.
HUKUKKÖMEGI
02.06.2022 00:08
GARA GIRDAPLAR (''GARA DEŞIKLER'')

Eýnşteýniñ otnositellik taglymatyna görä, asman gümmezinde bolaýmaly, emma Ýerden gözegçilik edip bolmaýan, täsirine düşen hemme zady özüne çekip ýuwudýan asman jisimi. Onuñ dartyş güýjünden sypmak üçin, şöhleden ýokary tizlik bilen hereket etmeli. Olaryñ bar ýerleri, diñe gara girdaba gaçýan gazlaryñ togtamaklary zerarly şöhläniñ gyzyp, gysga rentgen tolkunlaryny goýberýändiklerine gözegçilik etmek bilen anyklanylýar. Eger Ýeriñ häzirki massasyndan hiç zat ýitirmän, ony gysyp,radiusy 9 mm bolan togalaga öwürseñ ýa-da Güni häzirki massasyndan hiç zat ýitirmän, ony 969000 km-den gysyp, radiusy 3 km togalaga öwürseñ, onda 969000 km-den gysyp, radiusy 3 km togalaga öwürseñ, onda olaryñ hem gara girdaba öwrülip biljekdiklerini görkezýän hasaplar bar. Şol radiusa Şwarsşildiñ radiusy diýilýär. Alnan maglumatlara görä, ýyldyzyñ massasy Günüñ massasyndan 3 esse artyk bolan halatynda, ol ýyldyz ömrüniñ ahyryny gara girdaba öwrülmek bilen tamamlaýar diýlip çak edilýär.
12
141
HUKUKKÖMEGI
01.06.2022 00:22
OGURLUK TALANCYLYK GARAKCYK
Ýönek sözlik: MYSAL Bir adamynyn öninde duran emlagini özi bilmezden almak ogurluk bolyar, Birinin emlagini serdip duran wagty alsan onda talancylyk bolyar, Egerde birinin emlagini elinden ganyryp alasan onda ol garakcylyk bolya.
Bellik: ogurluk edenin usti acylmanka ogurlukda ogurlanan emlagi meyletin dolylygna eyesine getirmegi we cyn yurekden okunmegi jenayat jogapkarcilikden bolaşadyp bilner. Egerde basga jenayatyn alamaty yok bolsa.


TÜrkmenistanyñ JK 227 madda OGURLYK
   (1) Ogurlyk edene, ýagny, başga biriniň emlägini gizlinlik bilen ogurlana,
   zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan ellisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

   (2) Şu aşakdaky ýagdaýlarda ogurlyk edene:
   a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen bolsa;
   b) gaýtadan;
   ç) ýaşaýyş jaýyna, başga jaýa ýa-da zat saklanylýan jaýa girilip ogurlyk edilen bolsa;
   d) edilen ogurlyk raýata ep-esli möçberde zyýan ýetiren bolsa,
   emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

   (3) Şeýle ýagdaýlarda ogurlyk edene:
   a) uly möçberde zyýan ýetirmek bilen;
   b) guramaçylykly topar tarapyndan ogurlyk edilen bolsa, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, alty ýyldan on iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

   (4) Şular ýaly ýagdaýda ogurlyk edene:
   a) aýratyn uly möçberde zyýan ýetirmek bilen;
   b) jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan ogurlyk edene,
   emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

   Bellikler.
   1. Şu Kodeksiň maddalarynda ogurlyk diýlip, kesekiniň emläginiň kada-düzgüne ters ýol bilen mugt alynmagyna we (ýa-da) günäkäriň ýa-da başga adamlaryň peýdasyna geçirilmegine, betnebislik maksatlary bilen amala aşyrylyp, hususyýetçä ýa-da şol emlägiň başga eýesine zyýan ýetirilmegine düşünilýär.
   2. Şu babyň maddalarynda görkezilen emlägiň uly möçberi diýlip, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýüzüsinden geçýän emlägiň bahasy; aýratyn uly möçberi diýlip bolsa, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň iki ýüzüsinden geçýän emlägiň bahasy hasap edilýär.
   Ýetirilen zyýanyň möçberi hasaplanylan mahalynda zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberi diýlip, jenaýat edilen pursatyna çenli Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen iş hakynyň ortaça derejesine düşünilýär, uzaga çeken we dowam edýän jenaýatlar boýunça bolsa, degişlilikde jenaýatçylykly hereketiň gutaran pursatyna çenli ýa-da iň soňky jenaýat edilen pursata çenli kanun tarapyndan bellenilen iş hakynyň ortaça derejesine düşünilýär.
   3. Şu Kodeksiň 227-233 maddalarynda gaýtadan edilen jenaýat diýlip, şu maddalarda göz öňünde tutulan jenaýatlardan birini ýa-da birnäçesini ozal eden adam tarapyndan edilen jenaýat hasap edilýär, şeýle hem şu Kodeksiň garakçylyk üçin, radioaktiw materiallaryny ogurlamak ýa-da gorkuzyp almak, ýaragy, ok-därileri, partlaýjy maddalary ýa-da partladyş enjamlaryny ogurlamak ýa-da gorkuzyp almak, neşe serişdeleri ýa-da psihotropiýa maddalaryny ogurlamak ýa-da gorkuzyp almak üçin jogapkärçiligi göz öňünde tutýan maddalardaky jenaýatlardan birini ozal eden adam tarapyndan edilen jenaýat hasap edilýär.




Türkmenistanyň JK 230 madda TALAŇÇYLYK


Talaňçylyk
   (1) Talaňçylyk edene, ýagny, kesekiniň emlägini aç-açan ogurlana,
   bir ýyldan iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

   (2) Şu aşakdaky ýagdaýlarda talaňçylyk edene:
   a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen bolsa;
   b) gaýtadan;
   ç) ýaşaýyş jaýyna, başga jaýa ýa-da zat saklanylýan jaýa girmek bilen;
   d) jebir çeken adamyň ömri ýa-da saglygy üçin howply bolmadyk zorlugy ulanmak bilen ýa-da şeýle zorlugy ulanmak howpuny salmak bilen;
   e) raýata ep-esli möçberde zyýan ýetirmek bilen edilen bolsa,
   emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

   (3) Talaňçylyk şular ýaly ýagdaýlarda amala aşyrylanda:
   a) uly möçberde;
   b) guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,
   emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, alty ýyldan on iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

   (4) Şu aşakdaky ýagdaýlarda talaňçylyk amala aşyrylanda:
   a) aýratyn uly möçberde zyýan ýetirmek bilen;
   b) jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan,
   emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.




TÜRKMENISTANYÑ JK 231 madda GARAGCYLYK
Garakçylyk
   (1) Başga biriniň emlägini almak maksady bilen, adamyň jany üçin ýa-da saglygy üçin howply bolan zorlugy ulanmak ýa-da şeýle zorlugy ulanmak howpuny salmak bilen birlikde çozuş (garakçylyk) edene,
   emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

   (2) Amala aşyrylan garakçylyk:
   a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;
   b) ýaşaýyş jaýyna, başga jaýa ýa-da zat saklanylýan jaýa girmek bilen;
   ç) ýarag ulanmak ýa-da ýarag hökmünde başga zatlary ulanmak arkaly;
   d) gaýtadan;
   e) rayata ep-esli möçberde zyýan ýetirmek bilen edilen bolsa, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

   (3) Şu aşakdaky ýagdaýlarda garakçylyk amala aşyrylanda:
   a) uly möçberli zyýan ýetirmek bilen;
   b) guramaçylykly topar tarapyndan garakçylyk edilen bolsa,
   emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, alty ýyldan on iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

   (4) Şular ýaly ýagdaýlarda garakçylyk edilende:
   a) aýratyn uly möçberde zyýan ýetirmek bilen;
   b) jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan;
   ç) jebir çekeniň saglygyna agyr şikes ýetirmek bilen garakçylyk edilen bolsa,
   emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilyar
8
122
HUKUKKÖMEGI
31.05.2022 00:00
Türkmenistanyñ JK 74 madda
Wagt möhletiniň dolmagy sebäpli jenaýat jogapkärçiliginden boşadylmagy
   (1) Eger jenaýatyň amala aşyrylan gününden başlap, şu aşakdaky möhletler geçen bolsa, adam jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar:
   a) uly bolmadyk agyr jenaýat amala aşyrylanyndan soň – iki ýyl;
   b) ortaça agyr jenaýat amala aşyrylanyndan soň – sekiz ýyl;
   ç) agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýat amala aşyrylanyndan soň – on bäş ýyl.

   (2) Jenaýatyň amala aşyrylan gününden başlap we hökümiň kanuny güýjüne giren pursatyna çenli bolan aralyk wagt möhleti hasaplanylýar. Şol adam täze jenaýaty amala aşyran halatynda wagt möhleti her jenaýat boýunça aýratynlykda geçýär.

   (3) Eger adam derňewden ýa-da kazyýetden boýun gaçyrýan bolsa, wagt möhletiniň dowamy togtadylýar. Şeýle halatda wagt möhletiniň dowamy adamyň tutulan ýa-da onuň öz günäsini boýun alyp gelen pursatyndan täzeden başlanýar.

   (4) Aýratyn agyr jenaýaty amala aşyran adama wagt möhletini ulanmak hakyndaky mesele kazyýet tarapyndan çözülýär.

   (5) Parahatçylyga we adamzadyň howpsuzlygyna garşy jenaýaty amala aşyran adamlar babatda wagt möhleti ulanylmaýar.
11
56
HUKUKKÖMEGI
30.05.2022 02:12
Türkmenistanyñ JK 138 madda
J.l..pcilik bilen meşgullanmak
   Administratiw temmi berlenden soň bir ýylyň içinde gaýtadan jelepçilik bilen meşgullanana,
   zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden kyrkysyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Türkmenistanyň AHBHK 360-njy madda.
J.l..pcilik bilen meşgullanylmagy
J.l..pcilikbilen meşgullanylmagy -
binýatlyk mukdaryň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime
salynmagyna ýa-da otuz alty sagatdan altmyş sagada çenli möhlete jemgyýetçilik
işleriniň berilmegine eltýär.-


TAHBHK 361nji madda. J.l..pcilik bilen meşgullanýan şahs bilen jyns
gatnaşygynyň edilmegi
J.l..pcilik bilen meşgullanýan şahs bilen peşgeş töläp, jyns gatnaşygynyň
edilmegi binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna
ýa-da ýigrimi dört sagatdan otuz alty sagada çenli möhlete jemgyýetçilik işleriniň
berilmegine eltýär

BELLIK: 1 biýatlyk mudar 100 manada deñ
13
117
HUKUKKÖMEGI
29.05.2022 15:33
Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna girizilen goşmaçalaryň we üýtgetmeleriň hatarynda ýol hereketiniň düzgünleri bilen bagly birnäçe üýtgeşmeler bar. «Mir24-iň» habar bermegine görä, Kanunyň rejelenen görnüşinde ýol hereketiniň düzgünlerini bozanlaryň jerimeleri artdyryldy.

Kanun resmi taýdan çap edilen gününden — 2022-nji ýylyň 11-nji maýyndan güýje girýär.

Resminama laýyklykda, bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 10-dan ýokary, ýöne 30 kilometrden ýokary bolmadyk derejede artdyrylmagy — binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

Bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 30-dan ýokary, ýöne 50 kilometrden ýokary bolmadyk derejede artdyrylmagy — binýatlyk mukdaryň üçüsi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

Sürüjiniň gaýtadan hukuk bozulmasy üçin administratiw temmisi ulanylandan soň onuň alty aýyň dowamynda gaýtadan edilmegi — binýatlyk mukdaryň bäşisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

Bellenilen hereket tizliginiň ulag serişdelerini sürüjiler tarapyndan sagatda 50 kilometrden ýokary artdyrylmagy — binýatlyk mukdaryň ýedisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

Sürüji tarapyndan gaýtadan hukuk bozulmasy üçin administratiw temmisi ulanylandan soň onuň alty aýyň dowamynda gaýtadan edilmegi — ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň üç aý möhlete çäklendirilmegine eltýär.

Ýollaryň, demir ýol geçelgeleriniň, beýleki ýol desgalarynyň ýa-da ýol hereketini düzgünleşdirmegiň tehniki serişdeleriniň zaýalanmagy, şol sanda ýol örtüginiň hapalanmagy, şeýle hem dürli gurluşlaryň gurulmagy, agaçlaryň ekilmegi ýa-da olaryň öz wagtynda çapylmazlygy netijesinde ýol hereketini düzgünleşdirmegiň tehniki serişdelerine gözýetimiň çäklendirilmegi, eger bu ýol hereketi üçin päsgelçilik ýa-da howp döredýän bolsa — fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde, wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň üçüsi möçberinde, ýuridik şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.

«Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi bilen «Türkmenistan» we «Нейтральный Туркменистан» gazetlerinden tanşyp bilersiňiz.
13
121