ETMIŞIŇ JENAÝATÇYLYKLYDYGYNY ARADAN AÝYRÝAN ÝAGDAÝLAR
Zerur goranyş JK 37 madda
(1) Eger çozuş goranýanyň ýa-da başga adamyň jany üçin howply zorluk ulanmak ýa-da gös-göni şeýle zorlugy ulanmak haýbatyny atmak bilen edilse, hyýanat edýäne islendik zyýan ýetirmek arkaly şahsyýetiň, goranýanyň, başga adamyň, jemgyýetiň we döwletiň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy jenaýat bolmaýar we kanunylyga laýyk hasap edilýär.
(2) Goranýanyň ýa-da başga adamyň jany üçin howply bolan zorluk bilen ýa-da şeýle zorluk ulanmak haýbaty bilen baglanyşykly bolmadyk çozuşdan goranmak, eger şunda zerur goranyşyň çäklerinden aňry çykmaga ýol berilmedik bolsa, ýagny, hyýanatçylygyň häsiýetine we howpuna açyk laýyk gelmeýän bilkastlaýyn hereketlere ýol berilmedik bolsa, ol kanunylyga laýyk hasaplanylýar.
(3) Hyýanatçylykdan gutulmaga ýa-da başga adamlara ýa-da häkimiýet edaralaryna kömek üçin ýüz tutmaga mümkinçilige garamazdan, adama zerur goranyşa bolan hukuk degişlidir.
Bialaç zerurlyk JK 39 madda
(1) Bialaç zerurlyk ýagdaýynda hukuk goralýan bähbitlere zyýan ýetirilmegi, ýagny, şol adamyň ýa-da başga adamlaryň janyna, saglygyna, hukuklaryna we kanuny bähbitlerine, jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbitlerine gös-göni abanýan howpy aradan aýyrmak üçin, eger bu howp şol ýagdaýlarda gaýry serişdeler bilen aradan aýrylyp bilinmese we şunda zerurlygyň çäklerinden bialaç çykylmagyna ýol berilmedik bolsa, şonuň ýaly hereket jenaýat bolmaýar.
(2) Bialaç zerurlygyň çäklerinden çykylmagy diýlip, salynýan howpuň we howpuň aradan aýrylan ýagdaýyna, onuň häsiýetine we derejesine açyk laýyk gelmeýän zyýan ýetirilmegi, haçanda öňi alynýana garanda, hukuk goralýan bähbitlere has köp zyýan ýetirilende hasap edilýär. Şeýle çäkden çykylmagy diňe bilkastlaýyn zyýan ýetirilen halatlarynda jogapkärçilige eltýär.
Fiziki we psihiki taýdan mejbur etmek JK 40 madda
(1) Fiziki ýa-da psihiki taýdan mejbur etmek netijesinde hukuk goralýan bähbitlere zyýan ýetiren adamyň hereketi (hereketsizligi), ol eger şeýle mejbur etmegiň netijesinde, öz hereketlerine erk edip bilmese, şeýle hereket jenaýat bolmaýar.
(2) Başga halatlarda fiziki ýa-da psihiki taýdan mejbur etmek netijesinde hukuk goralýan bähbitlere zyýan ýetirilendigi üçin jogapkärçilik hakyndaky mesele şu Kodeksiň 39 maddasynyň düzgünlerini nazara almak bilen çözülýär.