Ine, indi bir hepdäniň içidir, onuň kelle döwüp oturyşy. Hernäçe pikir öwürse-de, kelebiň ujy tapylyberenokdy. «Näme etmeli? Nämeden başlamaly?» diýen sowallar onuň beýnisini edil gurçuk kimin iýýärdi.
Içeri işler bölüminde oňa uly ynam edildi. Uly başlygyň hut özi onuň arkasyna kakyp, haýyş etdi. Başlygyňam bu iş baradaky aladasy çökder bolmaly. Zol-zol uludan demini alýardy, gaýga gidýärdi.
—Gaýrat et, Soltanow! Sen biziň ýalňyz umydymyz!
«Iň uly başlygyň şeý diýip durka, nädip buýrulan işden ýüz öwürjek! Özüňi gereksireden bolup, arkan gaýyşmak uslyp dälmidir?!» diýip, sülçi Garaş Soltanow alyn saçlaryny penjeläp, hyrçyny dişläp durşuna, äpişgeden gök öwsüp ugran baglara nazaryny dikip, oýlanmagyny dowam etdirýärdi. Ýöne her näçe oýlansa-da, nämeden başlajagyny bilenokdy.
Ol baglara seredip ýadansoň, yzyna öwrülip, özüni oturgyja goýberdi. Haşlap, uludan dem aldy. Öňünde ýatan «Delonyň» ýüzüne nazaryny dikip, eýýäm telim sapar okan ýazgylaryny gözden geçirdi. «Jenaýat iş nomeri» diýip, ýazgylary hetjikläp okady. «Jemile Dawudowanyň jenaýat işi...»
Daşyndaky ýazgylary bölüp-biçip, okap bolansoň, jenaýat işi baradaky «Delonyň» gatlaryny agdaryşdyrmaga durdy. Ilkinji sahypalarda ýerleşdirilen suratlary synlady. Öň näçe synlanam bolsa, gyzyň «Delodaky» suratyndan misli jadylanan dek, gözlerini aýryp bilmedi. Gyzyň ýüz keşbi hut elde çekilen ýalydy. Onuň ýaly owadan gyzy sülçi Garaş Soltanow şu ömrüne heniz görmändi. Ýogsa ýaşy-da kyrka golaýlap ýördi. Bu ýaşa çenli geçilen menzil, göterilen ýük, sataşylan adamlar az däldi. Owadan-owadan zenanlara-da sataşylypdy. Ýöne bu jenaýat işine sebäpkär gyz ýaly näzenini sülçi Garaş Soltanow hiç bir ýerde görmändi. Henizem gyz surata hut özi ýaly owadan düşmändi. Onuň özüni ilkinji sapar görende, sülçi Garaş Soltanow misli demi tutulan dek, gepläbem bilmändi. Dili doňana döndi. Diňe gyza seredip-seredip, soňam kameradan çykyp gaýdyberipdi. Häzir ol gyzyň ýanyna ýene gitmelidi. Ýa-da onuň özüni şu ýere getirtmelidi. Bu zatlar ýadyna düşende, sülçi Garaş Soltanowyň ýüregi misli ýarasyndan basylýan dek, jigläp-jigläp gidýärdi. Ýok, sülçi gyza aşyk bolmandy. Nädip aşyk bolsun! Birinjiden-ä, gyz ýaňyja on dokuz ýaşynyň içinde, sülçi Soltanow bolsa eýýäm kyrkyň ökjesini basjak bolup ýör. Ol öz gyzy ýaly ýaş maşgalany söýüp bolar öýdüp, ýatsa-tursa, pikir öwürýän adam däl. Ikinjidenem, Garaş Soltanow-a sülçi. Onda-da şöhraty eýýäm etrabyň çägine dolan, ençeme sylag-hormata eýe bolan sülçi. Eýýäm ençe gün bäri etrabyň içeri işler bölüminiň iş gozgamagy boýunça gözenegiň aňyrsynda saklanýan Jemile Dawudowa bolsa, jenaýatkär. Onsoň, heý Garaş Soltanow özi hakda: «Sülçi Soltanow jenaýatkäre aşyk bolupdyr» diýen habaryň döremegini islärmi?! «Hudaý saklasyn!» diýip, bu zatlar ýadyna düşende, sülçi Garaş Soltanow ör-gökden gelip, pikir öwürdi. «Bir kemim şoldy!».
Günälenýän Jemile Dawudowa hakda ýatlanda, sülçi Soltanow iki eli bilen kellesini tutup, başyny ýaýkaberýärdi. Ol owadan, melek ýaly gyzjagaz iki adamynyň janyna kast edipdir. Şol jebir çekenleriň birem sülçi Soltanowyň şägirdi. Merkezde bilim alyp gelen oglan. «Ýaňyja işe başlapdy, bende» diýip sülçi Soltanow ýene hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady. Soň nazaryny Jemile Dawudowanyň gapdalynda goýlan suratda egledi. «Şirmyrat!» diýip pyşyrdady. «Adyňa görä bolmadyň-a sen. Sen nähili daýawjadyň! Göreşmeli bolaňda hiç kesden pes oturmazdyň-a. Şol batyrlygyň bilen mitrik ýaly, çepiksije gyzdan asgyn gelipsiň. Oňa janyňy aldyrypsyň».
Soňra sülçi Soltanow ýene «Delonyň» sahypasyny agdaryp, onuň beýleki tarapynda ýerleşdirilen surata seretdi. Bu synlaýan suratdaky ýigit hem kiçi-girim pyýada däldi. «Bu ýigidem-ä ejiz zat däl» diýip, öňem ençe sapar beýnisinde aýlan pikirine sülçi Soltanow ýene dolandy. «Nädip çöp ýaly gyza özüni öldürtdikä?»
Sülçi Soltanowy öň hiç bir waka haýran galdyrmaýardy. Ähli zady durmuşyň bir hadysasy diýip kabul edýärdi. Ýöne bu gezek özüne ynanylan jenaýat işi ony aldym-berdime salýardy. «Eý, Hudaý-eý!» diýip, ol her gezek «Delony» gözden geçiren halaty gaýtalaýardy.
Geň galmaz ýalam däldi. Sülçi Soltanowyň öňünde ýatan jenaýat işiniň döremeginiň sebäpkäri Jemile Dawudowa bar bolan maglumatlara görä, iki gezek durmuşa çykypdyr. Ýöne oňa öýlenen ýigitleriň ikisem toý gijesi öldürilipdir.
Şaýadam ýok, fakt-da. Iki sany garry-ha eýýäm nije gündür, içeri işler bölüminiň öňünde: «Gyzymyzda ýazyk ýok, ony goýberiň» diýip, uwlap otyr. Gyz bolsa, dymýar. «Men günäkär däl» diýen sözden başga sözem aýdanok.
«Bu bolan zatlar üçin seniň-ä özüň günäkär, jigi!» diýip, sülçi Garaş Soltanow «Delonyň» sahypasyny ýene yzyna açyp, öz şägirdi Şirmyrat Myradowyň suratynda nazarlaryny egledi-de, pikir öwürdi. «Gitdiň-de, jenaýatkäri söen bolduň. Ile aýtman, oňa öýlenjek bolduň. Ine-de, söýgiň üçin alan almytyň! Juwan ýaşyňda gitdiň bakyýete».
Hawa, şeýle boldy. Bir gün içeri işler bölümine dat-perýat edip, bir naçar ene bilen garry ata başy açyk, aýagy ýalaňaç ylgap geldi. Agşam toý tutandyklaryny, ýöne ol gijeden ogullarynyň öli çykandygyny olar zordan düşündirdiler.
Garrylar aglaşyp duransoň, şol wagt başga hiç zady anyklap bolmandy. Işe milisiýa goşulmaly boldy. Sülçi Garaş Soltanow şol wagt uly jenaýat işi bilen meşguldy. Şol sebäpli, peýda bolan waka bilen meşgullanmak sülçi Soltanowyň şägirdi Şirmyrat Myradowa tabşyryldy.
Garry ene-atanyň arzasy bilen jenaýat işi gozgaldy. Jenaýat işiniň «Delosy» döredildi. Şirmyrat toý ýerine gidip, jebir çekeniň suratyny aldyrdy. Şirmyradyň «Deloda» galdyran ýazgylaryna görä, durmuşa çykan gyz bolan Jemile Dawudowany öýlenýän ýigidiň hossarlary toý gününiň daňdany urup-urup, öýüne kowupdyrlar.
Jebir çekeni ekspertiza barlagyndan geçirenlerinden soň, Şirmyrat halypasy Soltanowa: «Işi ýapaly, bu ýerde hiç hili jenaýatkärçilik ýok» diýip, ýalbaryp ugrady. Sebäbi ekspertizanyň görkezmegine görä, ýigidiň ýüregi ýarylyp ölüpdir.
—Bu ýerde gyzyň näme günäsi bar!—diýip, Şirmyrat özelenipler ýalbarypdy. Şeýle bir ýalbarypdy welin, Garaş Soltanow henize çenli özüne beýle ýalbaran adamy görmändi. Şirmyrat Myradow ellerini owkalap, ýöne onuň yzyna düşüp ýördi. Oturmaga-da goýanokdy, turmaga-da.
«Indi, görüp otursam, sen şol wagt ol gyza aşyk bolan ekeniň, Şirmyrat!» diýip, sülçi Soltanow suratdan özüne ýylgyryp bakyp oturan şägirdi bilen hyýalynda gepleşdi. «Iň bolman, oňa öýlenjegiňi bize bir duýdurmaly ekeniň. Biz saňa beýtmäge ýol bermezdig-ä!».
Sülçi Soltanow gynansa-da, şägirdiniň ykbaly şeýle bolupdy. Şirmyrat eýtdi-beýtdi, «Toý tutan ýigidiň ýüregi ýarylyp ölüpdir» diýip, jenaýat işini önümçilikden ýatyrtdy. Soň onuň edip ýören işini kim bilsin! Daşyndan syn edeniňde, ol öz işi-aladasy bilen bolup ýördi. Buýrulan işi edýärdi. Hiç kime hiç zat aýtmaýardy. Diňe ýekeje gezek halypasynyň ýanynda öýlenýän ýigidiň ölmeginde günäkärlenýän Jemile Dawudowanyň juda görmegeý gyzdygyny agzapdy. Jemile Dawudowa öýlenýänini bolsa halypasyndan-da, öz ene-atasyndan-da gizläpdi. Şirmyradyň şeýtmesi hem sülçi Soltanowy geň galdyrdy. «Näme üçin beýtdikä?» diýip, hernäçe oýlansa-da, sülçi Soltanow pikir ýumagynyň uşlybyny tapyp bilmedi. Bu ýerde bir sebäbiň bardygy welin, düşnüklidi. «Eger sebäp bolmasa, öýlenersiň-de, eneň-ataňa duýdurmazmyň!» diýip, sülçi Soltanow içinden öz pikirlerini makullady. Bar gaharyny suratdan çykarjak bolýan dek, günäkärlenýän Jemile Dawudowanyň suratynyň üstünden ýumrugyny inderip goýberdi. Soňam dişleriniň arasyndan syzdyryp, gahar bilen pyşyrdady: «Men entek ähli zadyň sebäbini sen gyzjagaza aýtdyraryn! Јhli zadyň!».
Şirmyradyň ölümi boýunça-da ekspertiza şol bir görkezmäni berdi: «Ýüregi ýarylypdyr!»
«Beh» edip, sülçi Soltanow ekspertiza ynam etmän, gaharly seslendi. Göwnüne çiglik gidip, ekspertiza til kakdy. Şirmyrat Myradowyň ölümi bilen bagly berlen netijä ynam etmeýändigini duýdurdy.
—Nije ýylyň içi ahyry ikimiziň bile işleşip gelýänimize. Biz ýat adamlar däl-ä!—diýip, ekspert gelin trubkada gaty görýändigini mese-mälim duýduryp gepledi.—Şu çaka çenli-hä meniň seni aldan ýerim ýokdy. Ala-böle, bu gezek men näme üçin ýalan sözläýin!
Gaharyna ekspert gelniňem göwnüne degenini sülçi Soltanow diňe gelniň öýkeli sesinden soň aňdy.
—Bagyşla! — diýdi-de, trubkany ýerinde goýdy.
«Delony» ýapyp, ýene kabinetinde eýläk-beýläk gezmeledi. Soň ilkinji ýogalan ýigidiň hossarlary bilen hut özi gidip, gürleşip görmegi niýet edindi. Ýene «Delony» açyp, olaryň adresini gördi. Çakylyk hatyny ibermekçi boldy. Soň goýbolsun etdi. «Wakanyň bolan ýerine-de syn edeýin» diýip, içini gepletdi-de, jebir çeken ýigidiň öýlerine tarap ýola düşdi.
Ýogalan ýigidiň hossarlary kän eken. Howluda gaýda-gaýmalaşyk ýetikdi. Çagalar jagylda-juguldy. Içeri işler bölümine arz edip, aglap gelen garry är-aýaly sülçi Soltanow derrew tanady. Garry goja-ha pil sapy bejerip otyrdy. Garry aýal bolsa, howludaky üzüm dalbarynyň aşagyna atylan keçäniň üstünde agtyklarydyr gelinleri bilen çaý içýärdi.
—Salawmaleýkim!—diýip, sülçi Soltanow bürünç reňk çalnan derwezeden ätländen salam berdi.—Şalarowlaryň öýümi şü?
Goltugy gara papkaly sülçä hemmeler üşerilişip seretdiler. Garrylar onuň salamyny aldylar. Gelinler ýygrylyşdylar.
—Geleweri—diýip, garry goja elindäki pil sapyny goýup, ýerinden galdy.—Edil özüdir. Gel, geçiber!
—Geçip oturjak däl, men işli—diýdi-de, sülçi Soltanow özüniň näme maksat bilen gelenini aýtdy. —Men sülçi. Ýadyňyzda bolsa, siz öňräk arz edip barypdyňyz... bölüme...Ogluňyz üçin...
—Men seni tanadym, oglum—diýip, goja onuň ýanyna gelip, mürähet etdi.—Hany, ýör, öe gir. Arkaýyn gepleşeli. Sen Hanjar jan sebäpli gelen bolmaly.
Aýallar ýuwaşjadan ses edip ugradylar.
—Iner balam-eý, çynar balam-eý!—diýip, garry aýal sesini has batlandyrdy.
Goja olara azgaryldy:
—Goýuň-aýt sesiňizi!
Goja şeý diýenden howla ýene ümsümlik aralaşdy.
—Biler bolsaňyz, siziň ogluňyzyň öýlenen şol gyzyna ýene bir ýigit öýlendi—diýip, sülçi Soltanow hemmelere eşitdirip gepledi.—Has dogrusy, biziň işgärimiz ol.
—Häk, ýer ýuwudan! —diýip, garry daýza sögündi.—Meň oglumyň nädip ölenini öwrenjek diýip, soň hem ol gyzy gazamada ibermän goýan ýer ýuwudanmy?!
—Bi dünede ýok adama sögünmäň, daýza!—diýip, sülçi Soltanow uludan demini aldy. —Onuňam ykbaly edil siziň ogluňyzyňky ýaly boldy. Ol hem öýlenen gijesi ýogalypdyr.
Sülçi Soltanow şeý diýenden aýallar ellerini ýakasyna ýetirip, içlerini çekdiler:
—Hih!
—Eý-ho! O nähili beýle bolaýdy?—diýip, goja-da gözlerini gyrpyldydap, geň galdy.
—Meň oglumy öldürenleri tapyşmaga derek işi ýapyp goýany üçin, soňam kümsüklik edip, özi ol gyza öýlenendir!—diýip, garry daýza ýumrugyny howada galgatdy.—«It alyna gelen gurt alyna-da geler» diýipdirler-ä!
—Hany, gyjalaty goýaly daýza! —diýip, sülçi Soltanow garry aýaly köşeşdirmäge synanyşdy. —Çynlakaý, gürrüň edeliň. Bu ýerde bir syr-a bar! Özem biziň işgärimizem edil siziň ogluňyz ýaly, ýüregi ýarylyp ölüpdir.
—Ýüregi ýarylar-da bir topar banditi üstüne çozdursa!—diýip, garry daýza gaharyndan açylyp bilmän, ýene gygyrdy.—Urup ýarandyrlar onuň ýüregini. —Şeý diýip, gykylyklansoň, garry daýza ýene aglamjyrady.—Waý, balam-eý!. Endam-jany gökdür gören bolsaňyz, meň balam-a şeýdip, it ýenjen ýaly ýenjipdirler...
—Men siziň ogluňyzy görmedim, daýza—diýip, sülçi Soltanow müýnli gepledi.—Işdedim ol wagt. Siziň ogluňyzyň işi ýogalan işgärimize tabşyrylypdy. Ýöne ýürek sebäpli ölýänleriň endam-jany urulmasa-da, göm-gök bolýar.
—Ilki şaňňyrdap, äpişge döwüldi—diýip, gepe goja-da goşuldy.—Јpişgeden kimdir biri giren bolmaly. Јpişgäniň şaňňyrdysy şeýle bir ýiti çykdy welin, misli, ullakan daş bilen urlan dek, wagşyldap ses etdi. Goňşy-golamlara çenli eşidip, ylgap geldiler.
—Şol wagt men toýda halys ýadap, ymyzganan ekenim—diýip, garry daýza-da ýerinden turup, sülçi Soltanowyň goja bilen duran ýerine geldi.—Oguljygym: «Waý! Eje!» diýip, çirkin gygyrdy. Men şu ýaşyma çenli heniz adamyň beýle gykylygyny eşidip göremok. Gyzam gygyrdy. Onuňam sesi içiňden geçip barýardy. Edil mekejiniň böwrüne pyçak sokulýan ýaly... Barymyz öe ylgadyk. Gapyny döwüp açdyk. —Garry daýza ýene aglamjyrady. —Oguljygymyň eýýäm boljagy bolupdyr. Göm-gök bolup, serlip ýatyrdy. Gyzam bir çetde çaşan bolup ýatyr...
Sülçi Soltanow garry daýzanyň sözüni böldi:
—Çaşan bolup ýatyrmydy ýa-da hakykatdanam çaşypmydy?
—Hakykatdan çaşan bolsa-da ahmal—diýip, garry daýzanyň ýerine goja jogap berdi.
Garry daýza azgyrylyp, gojanyň ýüzüni aldy:
—Çaşan däldir, çaşan kişi bolandyr. Ony hiç kim galdyrmandyr. Soň özi turupdyr.
—Näçeräk wagtdan galdy ýerinden?—diýip, sülçi Soltanow sorady.
—Kim oňa seredipdir!—diýip, hamala, garşysynda duran sülçi däl-de, oglunyň başyna ýeten gyz ýaly, garry daýza ýene gahara atlanyp, ellerini kelemenletdi.—Biz ony urup-urup, äpişgeden okladyk. Özi turup, öýlerine gidipdir.
—Urýan wagtyňyz, gyz duýdumy urulýanyny?—diýip, sülçi ýene daýzanyň sözüni böldi.—Ýa siz özüni bilmän ýatany uruberdiňizmi?
—Oglumyň perýady bilen o zatlar meniň ýadymda galmandyr—diýip, kempir gahar bilen ellerini daldalatdy. Soňam adamsyna igenip ugrady.—Asyl-a şu günäkär. Şu äpişgä demir gözenek et diýe-diýe, dilim syryldy gitdi. Göwnüňe gara getirme diýipjik içimi çüýretdi. Sen göwnüňi ak tutaňda näme, ilde her hili göwni gara köpkä!
—Men nä bileýin-äý beýle-beýle zatlaň boljagyny!—diýip, goja ýüzüni aşak saldy.
—Onsoňam, men ol ganjygy ogluma almakçy däldim—diýip, garry daýza ýene dowam etdi.—«Ogluň göwnüni syndyrma, söenini alyp ber» diýip, günüme goýmadygam sensiň! Şeýdip, oguljygymyň işini gördüň-eý—diýip, garry daýza ýene aglamjyrady.
—Men nä bileýin beýle zatlaň boljagyny—diýip, goja ýene hüňürdedi.
—Ol owadan gyz-a, näme üçin ogluňyzyň oňa öýlenmegine göwnemediňiz?—diýip, sülçi Soltanow garry daýzadan sorady.
—Men ol gyz oglumy öldürer-ä öýtmeýädim. Ikilik eder-de, oglumy ýakar öýdýädim—diýip, garry daýza baş ýaýkady.— Sebäbi ol şeýle görmegeýdi... Başga zatlar bolar öýdüp kelläme-de gelenokdy. Aýratynam beýle-beýle zatlar... Beýle zatlar boljagyny bilsem, ol gyzy ogluma asla ýanaşdyrjak däl-ä men.—Garry daýza sözüniň arasyny kesdi.—Şol gyzy gören pursadymdan, ýüregim birhili tisgindi durdy. Ol şeýle owadanam bolsa, ony hiç ýüregim çekmedi.
—Ene ýüregi-dä! Öňünden syzypdyr—diýip, goja uludan dem aldy.
—Ogluňyzyň hiç kim bilen duşmançylygy ýokmudy? Belki, ogluňyzdan ar almak üçin arman çekeniň biri şeýdendir ony?
—Ýok, oglum hiç wagt biri bilen uruşdym-sögüşdim diýmezdi—diýip, garry daýza jogap berdi.—Beýle, toýy wagty öldürer ýaly derejedäki duşmany bolan bolsa, ony bizem bilerdik. Oglumy öldüren kimem bolsa, gyzyň tanşy bolmaly! Belki, gyzy öň aljak bolup, arman çekip ýöreniň biridir.
—Aýak yz-zat barlanmadymy?
Garry daýza ýene hüňürdedi:
—Ol iberen bendäňiziň aýak yz ýadyna düşmedi. Derrew işi ýapmak bilen bold-a. Gyzy görüp, aňkasy aşan bolmaly ol bendäniňem. Ýatan ýeri ýagty bolsun pahyryň.
Goja-da ýene gepe goşuldy:
—Aýak yz-a bolanam bolsa, bilner ýaly bolan däldir. Otaga näçe adam girip-çykd-a milise gelýänçä. Depeşek boldy.
—Onda-da äpişgede, äpişgäniň daş ýüzünde yz-a galyp bilerdi—diýip, sülçi Soltanow durup ýadady-da, bir çetde goýlan agaçlaryň üstüne labyryny goýberdi. Goja-da onuň ýanynda oturdy. Garry daýza bolsa erjellik bilen aýak üstünde durmagyny dowam etdi. Soltanow ýene pikirini aýtdy.
—Diýmek, Şirmyrat barlagy doly geçirmändir. Ýogsa äpişgäniň gabsalarynda el yzlary-da bolaýmaly. Häk, ýaş oglan-da...
—Men-ä, dogrusyny aýtsam, inim, öe keseden adam gelendir öýdemok—diýip, goja agras gepledi.—Sebäbi toýa gelen ýaşulularyň daşarda, ojagyň başynda oturanlary-da bardy. Olar-a äpişgeden giren-çykany duýmandyrlar.
—Giren-çykan saňa girip-çykjagyny aýdar durarmy!—diýip, garry daýza ýene gaharyna gaýnap başlady.
Goja-da ýeň bermedi:
—Goňşularam ylgaşyp geldiler-ä derrew. Şolaram giren-çykany gördük diýenoklar.
Garry daýza öz diýenine tutdy:
—Girip-çykjak adam seň goňşulaň öňünden ylgap çykasy ýok, çal. Јpişgeden bökenden bukulandyr ol bag-sagyň garaňkysyna!
—Entek bu işi gowy öwrenmeli—diýip, sülçi Soltanow garry är-aýalyň özara jedelini köşeşdirmäge synanyşdy.—Juda gowy öwrenmeli iş bu. Göwne degişmäň, belki, bu ýerde has düýplüräk zat bardyr.
—Wah, sebäbini bilseňiz, biziň üçinem kem däl-le—diýip, goja özelendi. Soňam ol uludan dem alyp, sülçi Soltanowyň eliniň üstüne damarlak ellerini goýdy.—Näme diýsene, hanym, kempir üstüme näçe jabjynyp gygyrsa-da, men bir zat aýdaýyn saňa. Bela şol gyzyň özünde bolaýmasa. Ol däli bolaýmasyn?
—Däli bolsa, oglumyz duýmazmydy ony! Näçe wagt söýüşdi, ol gyz bilen! —diýip, garry daýza ýene adamsynyň garşysyna gidip gepledi.—Onsoňam, däli bolanda näme! Oglum şol mitrik ýalyjak ganjyga eýgertjek ogulmydy! Nähili daýawdy!
—Adam dälirän halaty oňa şeýle bir güýç gelýändir, sen heý, goýaý! —diýip, goja pikirinden dänmedi. —Men bu bolan betbagtçylygy diňe şol gyzdan görýän. Öe del adam gelen bolmaly däl. Özem kä kişiniň däliligi nikada açylýandyr, şony biliň. Onsoňam, eger şol gyz sag bolsa, onuň biziň oglumyz bilen toý tutanyna ýaňy iki aýa golaý wagt geçdi ahyry. Ol bolsa ilkinji adamsynyň ýasyny tutmagyň ýerine, ýene siziň işgäriňize-de barmakçy bolupdyr.
Gojanyň bu diýenlerini makul gördümi-nämämi, gaýdyp garry daýza adamsy bilen dawa tutmady.
—Tob-eý, daş edewersin!—diýip, ýakasyna birki gezek tüýkürdi-de, elleri bilen ýakasyny towlap-towlap tutdy. —Daş edewersin, tüf-tüf! Musulman bendesine sataşmawersin şoň ýaly zat.
Keçede oturan gelinlerem, ekabyrrak gyz agtyklaram garry daýzanyň hereketini gaýtalap, ýakalaryna tüýkürdiler.
Sülçi Soltanow ýigidiň toý gijesi bolan jaýyny, döwlen äpişgeleri görüp yzyna dolandy. Elbetde, äpişgä täze aýna oturdylypdy.
Sülçi Soltanow bir bada gojanyň pikiri bilen ylalaşman durmady. Ýöne gapdaldan: «Eger däli bolsa, Şirmyrat ony duýar-da. Ol hem kemakyl ýigit däldi. Däli gyza öýlenmezdi» diýen pikir döräp, onuň aňyny garjaşdyrdy.
Onsoňam, ol gyzyň bolup oturyşy dälä meňzänokdy. «Eger gyz däli bolmasa, onda Şirmyradyň ölümine näme sebäp bolduka?» diýip, sülçi Garaş Soltanow birdenem pikirini üýtgedýärdi. Bu hakda bilýän diňe üç adam bardy. Bir-ä günälenýän Jemile Dawudowanyň özi. Birem onuň garry ene-atasy.
«Gürrüňi ilki haýsysyndan başlasamkam?» diýip, sülçi Soltanow oýa batdy.
Ol merhumyň hossarlary bilen hoşlaşyp gaýtdy. Işine sowulmady. Dynç alyp, nepesini durlamak üçin öýüne gitdi.
Gijesi bilen pikir öwürse-de, sülçi wakanyň sebäbiniň uşlybyny tapyp bilmedi.
Irden iş ýerine gelenden, ol günälenýän Dawudowany öz ýanyna soraga getirmeklerini buýurdy.
Iki sany milisiýa işgäriniň öňüne düşürilip getirilýän gyz kabinete girende sülçi Garaş Soltanowyň göwnüne bolmasa, içeri öňküden-de ýagtylan ýaly boldy. Sülçi gyzyň nurana keşbini näme bilen deňejegini bilmedi. Özem onuň adam öldürmekde aýyplanýandygyna garamazdan, sülçi gyzyň göwnüne degmek islänokdy. Oňa gaty-gaýrym zat hem diýesi gelenokdy. Hat-da ony gözenegiň aňyrsynda saklaýanyna-da şu pursatda gynandy. Gyz diýseň mähirli, kömege mätäç görünýädi.
Gyzyň gözlerinde gahar-da ýokdy, ýigrenç-de. Ol gözler jenaýat edýän adamyň gözleri kimin oýnaklamaýardy. Ol gözlerde ummasyz gussa bardy. Gyzyň gaýgy-hasrat çekýäni mese-mälim bildirýärdi. Özem zol-zol uludan dem alýardy. Onda ajy ykbala sataşyp, takdyra kaýyl bolmagyň alamaty bardy. Ol göz astyndan sülçiniň kabinetini nazardan geçirýärdi.
—Siz boş—diýip, sülçi Soltanow milisionerlere rugsat berdi.
Ol kabinetinde gyz bilen ikiçäk galdy. Biraz salym eýläk-beýläk gezmeledi. Gyza sereden wagty, näme üçindir, ýüregi jigläp-jigläp gidýärdi.
Sülçi Garaş Soltanow ýerine geçip oturdy-da, Dawudowanyň üstünden gozgalan jenaýat işiniň kitabynyň sahypalaryny açyşdyrdy. Soňam gyza ýüzlendi:
—Saňa agramlyrak söz aýtmaga-da dilim baranok, jigim. Sen sebäpli bolsa, iki sany ne gözel ýigidiň ömür tanapy üzüldi...
—Iki däl, üç —diýdi-de, gyz sülçi Soltanowy aňkaryp galmaga mejbur etdi.
Gyzyň bu habary sülçi Garaş Soltanow üçin top atylandan enaýy bolmady.
—Näme diýdiň? Üç?—diýip, ol misli düşünmedik ýaly, gaýtalap sorady. Soňam elini jenaýat işiniň kitabyna patladyp goýberdi. — Bu ýerde ýazylyş-a iki ýigit.
Gyz ýene-de gysgadan pert jogap berdi. Özem diýseň mylaýym gepleýärdi:
—Onuň üçin men günäkär däl.
—Diýmek, sen iki däl-de, üç adamy öldüripsiň-dä?—diýip, sülçi Garaş Soltanow ýene gyzdan geň galyp sorady.
—Men hiç kimi öldüremok—diýip, gyz şol bir mylaýym hörpüni saklap jogap berdi.
—O nähili öldüreňok?—diýip, sülçi Soltanow hem geň galyp, hem birneme gaharlanyp gepledi.—Özüň-ä ölen iki däl-de, üç adam diýýäň. Ýene-de olary öldüreniňi boýun alaňok.
—Öldüremok-da! —diýip, gyz gözlerini balkyldadyp, sülçi Soltanowa seretdi.—Etmedik işimi neneň boýun alaýyn men?
—Sen öldürmedik bolsaň, olar nädip ölüp bilýä?—diýip, sülçi Soltanow sesini batlandyranyny özem duýmady. —Ölüpdir-ä bir topar ýigit!
Gyz sesini has peseltdi:
—Öldüler-dä, men näme edeýin?
Sülçi Soltanow endigi boýunça stola ýumrugy bilen ýelmedi-de, gygyryp ugrady:
—Nädip öldüler? Nädip? Sen şony aýt maňa!
Gyz uludan dem aldy:
—Men ony aýdyp biljek däl!
—O näme üçin aýtmarsyň sen?—diýip, sülçi Soltanow şol bir badyhowalygy bilen dowam etdi. —Men «Men-men» diýip, döşüne kakyp ýören ýigitlerem bilbil kimin saýradandyryn. Senem saýradaryn, eşidýäňmi, gyzjagaz!—Sülçi Soltanow ýerinden turup, ellerini balagynyň jübülerine sokdy-da, eýläk-beýläk gezmeledi.—Gyz maşgala halyňa, özüňi urduryp dursaň-a ýagşy däl, jigi. Iň gowusy, bu bolan zatlaryň nähili bolanyny öz erkiňe aýdaý. Aýtmasaňam, men ony barybir aýtdyrjagyma söz berýän!
—Men hiç zat aýtman!—diýip, gyz düneden gidip barýan adamyň ahmyry bilen sülçä ýene nazar salyp goýberdi. —Öldürseňizem aýtman.
—O näme üçin? —diýip, sülçi Soltanow gyzyň oturgyjynyň ýanyna öz oturgyjyny getirip goýdy-da, oňa ýakyn oturdy. Gaharyny birneme ýuwudyp geplemäge çalyşdy. Sowukganly bolmak üçin özüne agram saldy.—Sen bilýäňmi, jigim, jenaýaty ýaşyrsalar ýa-da ony aýtmakdan boýun gaçyrsalar nähili jeza berýärler, hä?
—Nähili jeza berilse, berlibersin!—diýip, gyz ýan bermedi.—Barybir men hiç zat aýtman.
—Sen ol ýigitleň ölümine gynanaňokmy?—diýip, sülçi Soltanow indi başga hörpden gopup başlady.
—Gynanmanmy!—diýdi-de, gyz gözlerine ýaş aýlap, bokurdagyny doldurdy. Biraz salym gepläp bilmän oturdy. Birhaýukdan soň pyşyrdady.
—Durmuşa çykan ýigidi ýogalanda kim gynanmaz?
Gyzyň gözýaşlary hem-de soňky sözleri sülçi Soltanowy birneme oýlanmaga mejbur etdi. Ol ýerinden turup, kabinetiň içinde gezmeledi. Soň äpişgäniň ýanyna baryp, ýene daşaryny synlamaga durdy. Günälenýän gyz hakda pikir öwürdi: «Gepi-söz-ä ýerinde. Kemakyl gyz-a däl ýaly. Ýöne bi näme üçin Şalarowyň ýyly hem geçmänkä Şirmyrat bilen toý tutduka? Eger baran ýigidini birazajyk sylan bolsa-ha, beýtmeli däldir bi gyz. Ýa kellesi, dogrudanam, gaty bir ýerinde-de dälmikä munuň?»
Sülçi Soltanow içki pikirini daşyna çykardy. Gyza ýüzlendi:
—Sen Şalarowy gowy görýämidiň?
—Ýok—diýip, gyz sülçi Soltanowy ýene geň galdyrdy.
—Onda näme üçin oňa durmuşa çykmaga razy bolduň?
—Onuň özi meni gowy görýärdi.
—Ol gowy görýä diýip, öz sulhuň almasa-da, oňa çykaýdyňmy?
—Menem ile goşulmaly ahyry!
—Belki, öz sulhuň aljagam sataşar-da? Sen ederini-goýaryny bilmeýän gyza-ha meňzemeýän ýaly-la?
—Men diňe bir ýigidi halapdym—diýip, gyz aşak bakyp, uludan dem aldy.—Ilkinji sapar durmuşa çykan ýigidimi... Hiç bir ýürekde-de iki adam ýerleşmez.
—A sen bolsaň, Şirmyrada-da barmaga razy bolupsyň. —Sülçi Soltanow şeý diýip, gyzy içgin synlady.
Gyzyň ýüzi gyzaryp gitdi:
—Muňa onuň özi günäkär.
—O nähili özi günäkär? Sen razy bolmasaňam, ol seni özi bilen durmuş gurmaga mejbur etdimi?
—Umuman, başda şeýleräk boldy. Ýöne soňy bilen oňa çykmaga meniň özümem razy boldum. Sebäbi milisiýa işgäri bolansoň, men oňa bil baglapdym...
—Näme babatda?
—Başyma düşen hupbatdan dyndarar öýtdüm. Kömek eder öýtdüm. Ol juda batyrdyr, hiç bir zatdan gorkmaýandyr öýtdüm...
Gyzyň bu gürrüňleri sülçi Soltanowyň pikiriniň düýpleýin üýtgemegine itergi boldy. Ol şu pursatdan başlap, gyzyň durmuşa çykan ýigitleriniň ölmeginde diňe bir gyzyň özüni günäläp goýmagyň ýalňyşlyk boljakdygyna düşündi. Aýratyn hem, onuň milisiýa işgäri Şirmyrada bil baglanyny eşidensoň, sülçi Soltanowda şeýle pikir güýjedi.
—Seniň başyňda näme alada bar bolsa, aýt, Jemile!—diýip, sülçi Soltanow ýene onuň gaşyna geçip oturdy. —Men saňa kömek edeýin. Ýöne beýdip, bizi köseme-de, aýt. Seniň toýlaryňy kim bulady? Ýigitleri kim öldürdi?
—Men indi hiç kime ynanamok—diýip, gyz başyny aşak saldy-da, ýene uludan dem aldy.—Men indi maňa hiç kimiň kömek edip bilmejekdigini bilýän.
—Beý diýme. Belki, men saňa, hakykatdanam, kömek ederin, Jemile—diýip, sülçi Soltanow janygyp aýtdy. —Ynan maňa. Men adam öldürýänleriň näçesini tutupdym!
Gyz sülçi Soltanowyň bu sözlerine-de ynanmady. Özem: «Ynanamok» diýen terzde birsyhly başyny ýaýkady.
—Eger sen maňa hakykaty aýtmasaň, onda men ýigitleri seniň özüň öldüripsiň diýen çaklama gelmeli bolýaryn—diýip, sülçi Soltanow ýene sesini gataldyp ugrady.—Sen näme üçin maňa ynam edeňok? Men milisiýa işgäri ahyry! Uly-uly bandalary-da tutupdym men!
—Şirmyradam milisiýa işgäridi—diýip, gyz ahmyrly gepledi.—Men oňa diýseň bil baglapdym. Bagtymy açar öýdüpdim.
—Ol tejribesiz, ýaş. Ýaňyja işe başlady. Seniň bilen baglanyşykly iş ilkinji işi onuň. Men bolsam, nije külpetleri başdan geçiren adam.
Gyz dymdy. Sülçi Soltanowa hiç hili jogap bermedi.
—Sen Şalarowa öň bir ýigit bilen durmuş gurjak bolanyňy aýtdyňmy? Ol saňa öýlenmänkä, seniň öň durmuşa çykan ýigidiň ýogalanyny bilipmidi?
Gyz başyny ýaýkady.
—Näme üçin aýtmadyň?—diýip, sülçi Soltanow geň galdy.
—Nämä gerek?—diýip, gyz biparh jogap gaýtardy.
—Aýdan bolsaň, belki, üýşenerdi.
—Men başyma düşen erbet wakanyň ýatlanmagyny islemedim. Ol aýylganç waka gaýtalanaram öýtmedim.
—Hymm...—edip, sülçi Garaş Soltanow biraz salym dymdy. —Seniň ilkinji gezek durmuşa çykan ýigidiň kim?
—Kuwwat.
—Ony hem ýogalansoň, doktor barladymy?
—Bilmedim—diýip, gyz eginlerini gysdy.—Meni onuň hossarlary: «Aýagyň düşmedi» diýip, urup-enjip, şol wagt kowup goýberdiler. Biz hatda şol waka sebäpli enem-atamyň dogduk obasyny taşlap, göçüp gaýtmaly bolduk. Masgara bolduk. Hem ýogalan ýigidiň gahary gaýnap duran hossarlary bizi günümize goýmadylar. Haýbat atdy durdular.—Gyz ýene gözlerine ýaş aýlady.—Men sebäpli ejem-kakamam kösendi...
—Ol waka bilen milisiýa gyzyklanmadymy?
—Ýok. Belki, olar milisiýa ýüz tutan däldirler...
Sülçi Garaş Soltanow ýene oturgyjyny süýräp, iş stolunyň başyna geçdi. Eline ruçka aldy-da, gyza ýüzlendi:
—Hany, sen onda maňa ilkinji durmuşa çykan ýigidiň salgyny bir ber bakaly.
Gyz sülçi Garaş Soltanowyň ähli sowallaryna jogap berdi. Sülçi Garaş Soltanow gerekli faktlaryny alansoň, ýene gyzyň uguny ýekelemäge synanyşdy:
—Jemile, ine, görýäňmi, men seniň köp sözleriňi kitaba-da ýazamok. Saňa günälenýän hökmünde-de ýüzlenemok. Edil doganyň ýaly gepleşýän.
—Taňryýalkasyn—diýip, günälenýän Jemile Dawudowa onuň sözlerini böldi.
—Ýok, sen maňa taňryýalkasyn aýtma-da, gerekli zady aýt, jigim—diýip, sülçi Garaş Soltanow mümkin boldugyndan gyz bilen ýumşak hörpde gepleşmäge synanyşdy.—Üç adamy öldürene nähili ýowuz jezanyň garaşýanyny-ha sen bilýänsiň. Näme etjek il üçin öz üstüňe şeýle ýowuz ykbaly alyp? Iň gowusy, sen maňa dogryňy aýt, ýigitleri kim öldürdi?
—Men öldüremok şolary—diýip, gyz şol bir sözüni gaýtalady.
—Eger boýun almasaň, onda kimiň öldürenini aýtmaly bolarsyň!
—Onam aýdyp biljek däl.
—Näme üçin?
—Aýtsam meniň özüm öldürilerin.
—Aýtmasaň, barybir, ýigitleriň ölümini senden görerler, Jemile. Barybir ýene seň başyňda ölüm jezasy bar-a.
—Ýigitleri meniň öldürenimi ilki subut etmeli bolarsyňyz-a.
—Subut etmek nämä gerek ony! Toý gijesi öýlenýän ýigitleň ýanynda durmuşa çykýan gyzdan başga adam bolup bilmez-ä! Dogry dälmi?
—Siz sülçi. Toý gijesi ýigit bilen gelniň ýanynda başga-da adamyň bolup biljek-bilmejeginem anyklamaly siz. Ol siziň borjuňyz.
—Diýmek, siziň durmuş toýlaryňyzyň ählisinde siziň ýanyňyzda üçünji birem bolupdyr-da? Şeýlemi?
—Men hiç zat aýdyp biljek däl—diýip, gyz ýene şol bir sözlerini gaýtalady. —Şeýle betbagtam bolsam, meniň ýagty jahan bilen hoşlaşasym gelenok... Şeýle bir ýaşasym gelýä... Ölüm ýadyna düşmeýän adam kän bir ýaşaýşyň gadyrynam bilip durmaýan eken. Ölümiň ýakynlaýanyny duýaňda welin...
«Munuň akyl-a juda ýerinde!» diýip, sülçi Soltanow gyzyň akyl-parasaty hakda oýlandy. Gyzyň soňky sözlerinden özüçe gerek manyny aldy. «Diýmek, bu ýerde üçünji adam hökman bolaýmaly» diýip, özüniň sülçülik tejribesine salgylanyp, pikir öwürdi. Ýumagyň ujy tapylan dek, begendi. Gapyny açyp, milisioner ýigidi çagyrdy-da, günälenýän Jemile Dawudowany alyp gitmegi tabşyrdy. Günälenýän Jemile Dawudowa alnyp gidiljek wagty özelenip, sülçi Soltanowa ýalbardy:
—Meni öe goýberäýiň-dä, dogan! Garaňky jaýyňyzda maňa diýseň kyn düşýä!
Gyzyň naýynjar keşbine sülçi Soltanowyň ýüregi awaman durmady. Ýöne şeýle-de bolsa ol haýbat üçin sesini gataltdy:
—Ýogalanlara aňsatmy? Olaryň hossarlaryna aňsatmy?
—Hany, ýöre!—diýip, milisioner ýigit gyza azm urdy.
Gyz aglamjyrap, gapa ýöneldi.
Edebiýat, myspaser tarapyndan 3 years ago
myspaser3 years ago
***
Sülçi Soltanowda: «Jebir çekenlere awy berlen bolaýmasyn» diýen pikir döräp, olaryň jesetlerini ekspertiza barlagyndan geçirmäge ýene bir gezek hat berdi.
Özi bolsa eline adres alyp, Jemile Dawudowanyň ilkinji durmuşa çykan ýigidi Kuwwat Kuwwadowyň hossarlarynyň gözlegine gitdi. Gitse-de gitdi welin, Kuwwadyň hossarlaryndan ol degerli hiç zat eşidip bilmedi. Diňe ýitiren bir gije-gündiz wagtyna gynandy. Ýigidiň hossarlary sülçi Soltanowy bir bada imi-sala garşyladylar. Ýöne Jemile Dawudowanyň ady agzalanda welin, iki ellerini ýokary galdyryp, dat etdiler. Öz ojaklarynda şol gyzyň adyny tutmazlygy sülçüden haýyş etdiler.
Kuwwady öldüreniň kimem bolsa, Şalarowy hem-de Şirmyrady öldüren şol bir adamdygyny sülçi Soltanow duýdy. Sebäbi hossarlarynyň aýtmagyna görä, Kuwwat Kuwwadowyň hem endam-jany ölen wagty göm-gök bolupdyr. Bokurdagyndan kimdir biriniň bogandygyny duýupdyrlar.
—Edil gaty boglan ýaly, dili çykyp durdy oglumyň—diýip, ýigidiň ejesi wakany gürrüň berip, zar-zar aglady.
Ene bir zat gabat gelýärdi. Kuwwat Kuwwadow hem ýogalanda ilki bada ýigit bilen gyzyň çirkin sesleri ýürekleri ýarara getiripdir. Soň bolsa äpişge döwlüpdir.
—Milisiýa näme üçin habar etmediňiz?—diýip, sülçi Soltanow ýigidiň hossarlaryndan sorady.
—Başa düşen belany Alladan gördük, hanym—diýip, ýigidiň kakasy jogap berdi.—Boljak iş bolansoň, miliseleşip ýörmek nämä gerek diýip, pikir etdik. Milise-de, näme, hanym, boljagy bolan bendäni eýläk äkider, beýläk äkider, keser-tiker... Azar ýamanyny berýä-dä garaz...
—Hawa-da—diýip, sülçi Soltanow ýaşulyny baş atyp, makullady.—Türkmen bolsa merhumy gozgatmagy halanok-da...
—Ol, Jemile diýen gyzyň başga-da hökman bir ýigitjigi bolaýmaly!—diýip, Kuwwadyň ejesi gahardan titir-titir etdi.—Ýa ol gyz başda kimdir birini aldapdyr-da, aldanan hem özüniň oýnalanyna içi ýanyp, şeýdendir... Bi zamanyň gyzyndan her zada garaşaýmalydyr.
—Her zadam bolsa, ogluňyzyň neneňsi ýogalanyny biz täzedenem bir barlap göräeli—diýip, sülçi Soltanow ýaşula ýüzlendi.—Belki, oňa awy berlendir?
Ýaşuly ellerini daldalatdy:
—Ýok, ýok, boljak iş boldy. Indiden soň ýatan bendä azar bermek gerek däl!
—Oglumyň guburyna eliňizem degirmäň!—diýip, jebir çekeniň ejesi hem sülçi Soltanowyň teklibine çürt-ke garşy çykdy.—Indi boljak iş boldy, boýasy siňdi... Oglumyň başyndan şu belany inderen albassynyň bolsa, ömürbaky maňlaýy açylmasyn!
Sülçi Soltanow owadan Jemiläni ýatlap uludan dem aldy:
—Onuň maňlaýy sen gargamanyňda-da açylar ýaly däl, daýza. Ol siziň ogluňyzdan soň hem iki ýigide durmuşa çykypdyr. Ol ýigitleriň ykbaly hem hut siziň ogluňyzyňky ýaly boldy.
Bu sözlere jebir çeken Kuwwat Kuwwadowyň ejesiniň-de, kakasynyň-da gözleri hanasyndan çykan ýaly boldy.
—Hih!—edip, ýigidiň ejesi ýylan gören dek tisgindi.—Toba, toba, daş edewersin!
—Hudaý görkezmesin!—diýip, ýigidiň kakasy-da gözlerini tegeläp, dileg etdi.—Daş düşen ýerinde ýatsyn!
—Bu ýerde bir zat belli —diýip, sülçi Soltanow pikirini öý eýelerine-de mälim etdi.—Üns berýäň welin, ýigitleriň üçüsinem bir adam öldüren bolmaly. Sebäbi ýigitleň ölümi meňzeş. Beýleki iki ýigidiň ýüregi ýarylypdyr. Siziň ogluňyzam şeýle bolan bolmaly, ýogsa endam-jany göm-gök bolmazdy. Ýüregine zeper ýetýänleriň endam-jany gögerýändir.
—Hiý-wi, biz-ä bilmedik, jigi!—diýip ýigidiň ejesi şol bir geň galmadan gözlerini tegeläp oturyşyna seslendi.—Alla janyň özi bilmese, biz nä bileli.
—Ol gyz öň siziň obadaşyňyz eken. Heý, onuň ýaşlykdan tirkeşen, goýan ýigid-ä bolan däldir?—diýip, sülçi Soltanow öý eýelerinden sorady.
—Wah, biz nä bileli, jigi!—diýip, ýene ýigidiň ejesi jibrindi.—Yzyna düşüp ýörüsmi biz onuň? Gyz obanyň o başynda ýaşady, biz bu başynda. Onsoňam näme, bi zamanyň gyzy şähere giden günem söýşüberýä, kino gitse-de...Derek galdymy adamlarda? Ýöne men bir zad-a aýdyp biljek, ýogalan ýigitleň ganyna galan haýyn kimem bolsa, şol Jemile diýen gyzyň tanşydyr.—Ýigidiň ejesi ilki diýjek sözünden utanýanyny mese-mälim bildirip, aşaklyk bilen adamsynyň hem-de sülçi Soltanowyň ýüzüne nazar aýlady-da, birdenem sögünip goýberdi.—Diýmäýin diýsem, oýnaşydyr şonuň!
—Hä-äýt!—edip, ýaşuly aýalyna azgyrylyp goýberdi.—Goý-aýt agzyňy oňa-muňa urmaňy!
Ýigidiň ejesi şundan soň aglap başlady:
—Näme urman agzymy oňa-muňa! Şol ganjyk sebäpli, oglum ne günlere düşdi!
—Hudaý işidir, mert bol!—diýip, ýaşuly aýalyny köşeşdirmäge durdy.
Sülçi Soltanow betbagtçylyga düşen ol öýden yzyna dolanyp gelende, ekspertizada hem oňa hoş habar aýtmadylar. Jebir çekenleriň hiç birine-de awy berilmänligi hakda habar berdiler.
Sülçi Soltanow ýene kelebiň ujuny ýitiren ýaly bolup, keýpsiz halda öýüne dolanyp bardy. Hernäçe ýadaw bolsa-da, bütin gije uklap bilmän çykdy. Ýaňy ymyzganýardy welin, onuň gulagyna günälenýän Jemile Dawudowanyň naýynjar sesi gelýärdi. Ol ses ilki ýuwaşjadan eşidilip başlaýardy-da, soňam şeýle bir çirkin çykýardy welin, sülçi Soltanow gulaklarynyň perdesi deşiläendir öýdüp howatyrlanýardy. Edil şol pursatam, misli, hanjar urulýan dek, ýüregem jigläp-jigläp gidýärdi. Sülçi Soltanow kirpigini kirpigine gatdygy, gyzyň diňe bir sesi eşidilmän, eýsem onuň keşbem sülçiniň göz öňünde janlanýardy. Ol şol bir sözlerini gaýtalap, sülçä ýalbarýardy:
—Meni öe goýberäýseňiz-läň! Men garaňky jaýyňyzda gorkýan!... Goýberäýseňiz-läň! Goýberäýseňiz-läň! Goýberäýseňiz-läň!
Ol daň atansoň, işine-de barman, gürleşmek üçin Jemile Dawudowanyň ejesidir kakasynyň ýanyna ugrady. Olary tapmak kyn boldy. Jemile Dawudowanyň ejesidir kakasynyň ýaşaýan öýi etrap merkeziniň çetinde, gum depelerine tarap başly-barat bolup uzap gidýän hütdükleriň arasynda eken. Daşyna köne demirlerden germew aýlanyp ýasalan howlynyň gapysy köne-sana agaçlardan gurnalypdyr. Howlynyň içinde palçykdan salnan iki sany kiçijik jaý bardy. Jemiläniň kakasy gyrçuw sakgally, ýüzi güne ýanmadan garört bolan, garrylygyna seretmezden, goçak gözleri nurly, altmyşa ser uran ýaşuludy. «Goja ýaşka syratly bolan bolsa gerek. Şu wagtam garrylyga per bermändir» diýip, sülçi Soltanow içini gepletdi. «Jemile hem kakasyna çalym edýär».
Ýaşuly jaýyň gapdalyndaky kölegede otyrdy. Onuň göwresi daýawdy, bükülerli däldi. Jemiläniň ejesi jaýyň gündogar ýüzündäki palçyk ojakda daşy hüýt gara kündügi oturdyp, çaý gaýnadýardy. Ol çepiksijedi. Hut «Goltugyňa alyp gidibermeli» diýilýänlerdendi.
Jemiläniň kakasy sülçi Soltanowyň girip gelýänini görse-de, oňa bir bada baş galdyrmady. Sülçi Soltanow özi onuň ýanyna baryp, iki elini uzadyp görüşdi:
—Salawmaleýkim!
—Gurgunçylykmy, inim?—diýip, Jemiläniň kakasy sülçiniň salamyny agras aldy.—Iş-güýç bilen arma-da!
Özi bilen gürleşen bolsa-da, gyzyň kakasynyň özüni halamaýanyny, özüne gaharynyň gelýänini sülçi Soltanow aňdy. Şeýle-de bolsa, syr bermediksirän boldy.
—Bar boluň—diýip, ol gojanyň gepini ugrukdyrdy.—Dynç alýaňyzmy?
—Aý hawa. Otyryn şu ýerde...—Jemiläniň kakasy agras gepledi. —Başga näme edeli. Pensä çykyldy...Biziňki näme, indi şo-ol ölümiňe garaşyp oturmakdyr-da...
—Ölümi ýatlamasaňyz-laň, atam—diýip, sülçi Soltanow goja göwünlik berdi. Onuň gapdalynda çommalyp oturdy.—Siz entäk, tüweleme, daýaw görünýäňiz-ä.—Sülçi Soltanow goja «atam» diýip durmagy birhili görüp, adyny sorady. —Adyňyz näme siziň, atam?
—Dawut—diýip, öý eýesi şol bir agraslygy bilen gepledi. Soňam gepini ýene öňki gürrüňe syrykdyrdy.—Ölümem indi ýatlabermeli... Ýedi çaga dünýä indi. Şolardan galany-da ýeke gyzdy... Ony-da siz gazamada ugratjak bolsaňyz. Näzik ikimize bu dünede ölümden başga näme galýar?
Şeý diýip, Dawut aga çaý demläp, başagaý bolup ýören aýalyna tarap nazar aýlap goýberdi.
—Daşymyzdan dik görünýän bolsagam, ol gyz sebäpli, iki ýyl bäri içimiz çüýredi...
Gojanyň başyna düşen hasratlaryň çökderligini sülçi Soltanow duýdy.
—Gazamada entek ugradyljak bolup duran adam ýok, Dawut aga, gam çekme sen—diýip, sülçi Soltanow ýaşulyny rahatlandyrmaga synanyşdy.—Hany, entäk ikimiz bir gowy gürleşeli, belki, gyzyňyzyň hiç hili günäsi ýokdur...
Sülçi Soltanowyň soňky sözlerine Dawut aga özüçe düşündi. Gyzynyň boşaýmak umydynyň baryny duýanda onuň ýüzi ýagtyldy:
—Ikimiz aýdyşyňdanam beter gowy gürleşeris, inim. Ýöne sen şol gürrüňiň nyrhyny aýdaý, çekinme-de!
Ýaşulynyň öz sözüne ters düşünenini aňan sülçi Soltanow ýylgyrdy:
—Be-eý, Dawut aga, sülçi geplese, nyrhyň gürrüňini edýändir öýdüp, baryňyz endik edäýipsiňiz-ow! Men-ä hiç wagt nyrh hakda pikir edip göremok. Men bolan wakalaryň sebäbini has anyk biljek bolalyň diýjek bolýan.
—Wah, inim, sebäbini anyklasak, anyklar ýöreris welin, ýöne sen näme alsaň, al-da şol gyzy bir boşat. Gowy däl-ä, boýy ýeten gyz maşgala...ol ýerlerde...
—Ol ýerde başga-da gelin-gyz ýetik—diýip, sülçi Soltanow gojany köşeşdirmek üçin aýtdy.
Dawut aga sülçiniň sözüni böldi:
—Wah, gelin-gyzam ýetik bolsa, ýetikdir welin, biziň gyzymyz adam ynjytjak maşgala däl-ä. Görmediňmi, ol nähili çepiksije!
—Biz entek bar zady anyklamaly. Dawut aga, günäsi bolmasa, gyzyňyz goýberiler—diýip, sülçi Soltanow çyny bilen aýtdy.—Zady alada etmäň siz. Onuň çepiksijeligi hem-de ýuwaşlygy bilen bar zady çözüp bolmaz. «Ere bakardan ýer gorkar...» diýen nakylam-a bardyr...
Sülçi Soltanowyň bu sözlerine Dawut aga hiç hili jogap bermedi. Diňe uludan dem alyp oňdy.
—Hany, geliň, bärde, çaý başynda gepleşäýiň—diýip, Dawut aganyň aýaly Näzik daýza gygyrdy.
Dawut aga ýerinden galyp, sesini çykarman, aýalyna tarap ugrady. Sülçi Soltanow hem onuň yzyna düşdi. Ikisi hem düşege geçdi.
—Balam, näçe çagaň bar?—diýip, Näzik daýza sülçi Soltanowdan sorady.
Sülçi Soltanow belli bir sany aýtmady:
—Bar öz-ä, dört-bäş dagy...
Näzik daýza aglamjyrady:
—Dört-bäş diýýäň sen. Hudaýym bolawersin. Ömürleri uzak bolsun. Döwletli bolsun. Ýöne sen maňa bir zady aýt, şol dört-bäş çagaň biri wagtynda öe gelmese, ýüregiňiz nähili bolýa, hä? Perzent aýralygyna çydar ýalymy, heý? Men bolsam, ene. Onda-da alty çagany ýere duwlap, ýekejesi üçin ýaşap oturan ene. Ol ýekämäm elimden gitse, men näme edeýin?
Şeý diýip, Näzik daýza möňňürip aglady:
—Goýberäý-dä balamy!
—Ol sebäpli üç adam ölensoň, men ony nämä esasalanyp goýbereýin!—diýip, sülçi Soltanow janykdy. —Men size düşünýän, Näzik daýza, size ýüregimem awaýa. Ýöne sizem pikir edip görüň. Ol ýogalan ýigitleriň ejelerem siziň kimin aglaşyp otyr.
—Onyňam şeýle, hanym—diýdi-de, Näzik daýza agysyny goýup, ýüz-gözüni süpürdi. Soňam uludan dem aldy.—Biz-ä nä alaç etjegimizi bilýän däldiris. Şol gyz sebäpli, ömür ýaşap oturan obamyzdan göçmeli bolduk. Soňky gudalaram halys azar berip duransoňlar, şäherden alan jaýymyzam şu hütdüge çalyşmaly bolduk. Indem bilmedik biz-ä näme etjegimizi.
—Gyzyňyzyň öň halaşan adamy barmydy?—diýip, sülçi Soltanow sorady.
—Men-ä ömrüme çopan bolup geçen adam, ejesi bilmese—diýip, Dawut aga aýalynyň ýüzüne seretdi.
—Men bilemok şoň oglan bilen halaşyp ýörenini—diýip, Näzik daýza pessaý gepledi. Ýöne ol sözüni gutararyna mähetdel, Dawut aga gaharyna sandyr-sandyr edip, sag eliniň ýumrugy bilen ýere ýelmäp goýberdi. Soňam:
—Sen bilmersiň hiç zady!—diýip, aýalynyň üstüne düwledi.—Hana, birinji gudaň ogly bilen halaşan eken-ä!
—Halaşsa halaşypdyr, bardy-da şoňa—diýip, Näzik daýza günäsini ýuwmarlamaga çalyşdy.—Men-ä gyzymyň o neresse bilenem duşup ýa gürleşip ýörenini görmändim.
Dawut aga ýene gaharlandy:
—Görmersiň sen. Şu zatlaň şeýle bolanam seň hiç zat görmeýänligiňden.
Näzik daýza ýüzüni sallady:
—Men pahyr günäkärdirin-le bar zatda. Gyz görgüli uzak gün-ä meniň ýanymda. Gije-de näme, ýatýa-da her kim. Men uklamsoň ogryn gidýän bolsa, biljeg-ä däl, biriniň ýanyna!
Sülçi Soltanow är-aýalyň dawasyny üzmek niýeti bilen ýene Dawut aga ýüzlendi:
—Dawut aga, biziň işgärimiz Şirmyradyň ölümi bilen baglanyşykly, heý, bilýän zadyňyz barmy? Gyzyňyz bilen ikisiniň arasynda näme dawa ýüze çykandyr öýdýäňiz? Gyzyňyz meselesinde, heý, pikir edýän zadyňyz barmy?
—Gyzym meselede men näme aýdaýyn! Häzir-ä meniň ýagdaýym kellesine taýak degeniňki ýaly. Siziň işgäriňiz Şirmyradyň ölümi bilen baglanyşykly aýtsam bolsa... Men ikinji gudaň ogly ýogalansoň, gyzymy gaýdyp hiç kime durmuşa çykarmajakdygyma ant içdim. Ýöne siziň işgäriňiz Şirmyrat maňa ol lebzimi ýuwutdurdy. Ol meniň gyzymy gazamatdan alyp galdy. Şonuň üçin men oňa gyzyma öýlenmäge rugsat berdim. Ýöne toý-tomgy etmedik, diňe molla çagyrdyp, nika gyýdyrdyk-da, oňduk.
—Onsoň, şol gije, ýagny Şirmyradyň gyzyňyza öýlenen gijesi başga zat duýmadyňyzmy? —diýip, sülçi Soltanow sorady.
—Duýdum—diýip, Dawut aga uludan demini aldy.—Jemile jan zähräni ýaryp barýan gykylyk bilen çirkin gygyrdy. Yz ýanyndanam wagşyldap, äpişge döwüldi. Biz aýalym ikimiz ylgap gapyny kakyp ugradyk. «Jemile, näme boldy?» diýip gygyryşdyk. Gapy açylmady. Soň biz gapyny döwüp, içerik girdik. Şol wagt siziň Şirmyradyňyz eýýäm dilini sallap, göm-gök bolup ýatyrdy. Jemile bolsa, çaşan eken. Ýüzüne suw sepip, ony özüne getirdik.
Dawut aga ýene uludan dem aldy.
—Şol bir zat gaýtalanýar—diýip, sülçi Soltanow özbaşyna pyşyrdady.—Öňki oglanlaram şeýle ýagdaýda ölüpdir...
Dawut aga ony makullady:
—Hawa...
—Gyzymyň özem dili tutulan dek, hiç zat aýdyp bilenok. Şuň yzyna banditler düşýän bolmaly—diýip, Näzik daýza ýene aglamjyrady.
—Gelen-giden görmediňizmi?—diýip, sülçi Soltanow Dawut agadan sorady.
Dawut aga kelebiň ujuny öz töwereklerinden gözläp boljakdygyna ynam döredip goýberdi:
—Men düňküldi eşitdim, hemem siziň Şirmyradyňyzyň sapançasynyň sesini.
Bu habara sülçi Soltanow ziňkildäp gitdi, soňam dyzyna daýandy:
—Şirmyrat ok atdymy?
—Hawa—diýip, Dawut aga baş atdy.
—Men hiç zat eşitmedim-le?—diýip, Näzik daýza adamsynyň ýüzüne nazar salyp, geň galdy.—Näme üçin ony maňa öň aýtmadyň?
—Sen gulagyň düýbünde top atylanda duýjakmy!—diýip, Dawut aga aýalyna azgyryldy.
—Diýmek, bu ýerde yzarlamaga zat bar—diýip, sülçi Soltanow özbaşyna gepledi. Soňam Dawut aga ýüzlendi:
—Seň gyzyň yzyna ymyklyja düşmelimikä diýýän, Dawut aga.
—Düş-düş—diýip, Dawut aga durmuşdan bizar bolanyň edehädi bilen ellerini biparh silkip goýberdi.—Gyzymy yzarla, öýümi yzarla, näme etseň, şony et, ýöne bu bolgusyzlyklary kimiň edýänini bilseň bolýa, ogul! Men saňa rugsat berýän. Ine, gelip, ýaşamaly bolar öýtseňem, iki otag bar. Ikisem seňki şonuň. Biz aýalym bilen gyşa çenli daşarda-da gün göreris.
—Häzir içerini barlap bolarmy?—diýip, sülçi Soltanow Dawut agadan rugsat sorady. —Şirmyradyň atan okunyň yzy ýokmuka?
—Bar —diýip, Dawut aga ýene sülçini geň galdyrdy. Ol öe girmek üçin ýerinden galdy. —Ýör, görseň öýi.
Öýüň içi daşyndan gören ýaly däldi. Arassady. Polly-potoloklydy. Diwarlara owadan gyzyl gülli kagyzlar ýelmengidi. Daşky jaýda diňe keçe hem köne kilim ýazylgydy. Içki jaýyň diwarynyň töründe süem barmak sygar ýaly deşik bardy.
—Ine, okuň giden ýeri—diýip, Dawut aga deşige barmagyny sokdy. Sülçi Soltanow hem deşigi elläp, barmagyny sokup gördi. Soňam içerä nazar aýlady. Јpişgede akja tutular bardy. Ýerde haly, gapdalda iki adamlyk agaç krowat bardy. Krowatyň üstüne akja prostyn ýapylgydy. Törde, ok degen ýeriň gapdalynda ýüzi aýnaly şifoner, üstüne birküç sany ýorgan-düşek, ýassyk galdyrylan gara reňkli sandyk bardy. Başga zat ýokdy.
—Bu agaç krowaty Şirmyrat aldy—diýip, Dawut aga ara düşen ümsümligi bozdy.
—Hymm...—etdi-de, sülçi Soltanow başga zat diýmedi.
Јpişge bitindi.
—Јpişgäni soň özüm saldym—diýip, Dawut aga sülçiniň äpişgäni synlaýanyny görüp, oňa ýagdaýy düşündirdi.—Ýöne daşarda ot-çöpleriň arasynda aýna bölekleriniň galan bolmagy mümkin.
Daşaryk çykyp, äpişgäniň gabadyndaky ot-çöpleriň arasyna seretdiler. Asyl iş edip gözlemek geregem däldi. Döwük aýna bölekleri her ýerde, her ýerde ýaldyraşyp ýatyrdy.
Sülçi Soltanow goltugyna gysdyrylan gara papkasyndan kagyz-galam alyp, bir salym çommalyp oturdy-da, gören-eşidenlerini belleşdirdi. Ýerden birki sany aýna döwügini alyp, papkasyna atdy. Şondan soň Dawut aga dagy bilen hoşlaşyp, yzyna dolandy.
—Gyzymyzy goýberermiň, balam?—diýip, Näzik daýza boýnuny burup, gygyryp galdy.
—Goýberjek borus—diýip, gidip barşyna jogap berdi-de, sülçi Soltanow yzyna garaman ýoluny dowam etdi.
Barandanam, ol uly başlygynyň ýanyna girdi. Gören-eşiden zatlaryny gysgaça habar berdi. Papkasyndan aýna döwügini çykaryp görkezdi.
Başlygy ony haýran galmak bilen diňledi. Sülçi Soltanow gyzy boşatjakdygyny aýdanda welin, etrap içeri işler bölüminiň naçalnigi Sähet Penaýew ýerinden zöweleninem duýman galdy.
—Ýo-ok!—diýip, ol sözüni süýndürdi—Indi ol gyzy hiç kim goýbermez! Besdir şeýdip Şirmyradyň ýalňyşany! Ol gyzjagaz indi almytyny alar!
—Ony goýbermesek, jenaýatyň üstüni açyp bolmaýar!—diýip, sülçi Soltanow janyny ýakyp gepledi. —Gyz gorkusyna hiç zat aýdanok ahyry!
Başlyk Sähet Penaýew gaharlandy:
—Saýrar entäk ojagaz! Baý, saýrar-a!
Sülçi Soltanow başlygyna ýeň bermedi:
—Eger meniň diýenim bolmajak bolsa, onda men ol işi tabşyraýyn. Alyň yzyna. Işden kowsaňyzam, men ol işe mundan beýläk seredip biljek däl!
Sülçi Soltanowyň atan oky nyşana degdi. Sähet Penaýew gözlerini elek-çelek edip, ýerinde çökdi. Derrew sülçi Soltanow bilen ylalaşmaga durdy:
—Gaharlanybermesene sen, Soltanow! Derrew gyzyberýäň-aý. Men soň özümize zyýan bolarmyka diýýän.
—Nädip zyýan bolsun! Şol dyrnak ýaly gyz goýberilende, nirä gaçar öýdýäň?—diýip, sülçi Soltanow janykdy.
—Gaçmanda näme! Ýene birine durmuşa çykyp, başyny gemrer-dä!—diýip, Sähet Penaýewem gorkudan saplanmandy.—Eger ol ýene şeýdäýse, biziň başymyza nähili oýnuň getiriljegini bilýärmiň?
Sülçi Soltanow başlygynyň sözüni böldi:
—Indi oňa durmuşa çykmaga ýol bermeris.
Iň soňunda başlyk sülçi Soltanow bilen ylalaşdy:
—Durmuşa çykasy gelse, ol gyz senden rugsat sorap durmaz. Ýöne, bolýa-da. Näme etseň, şony et, şol işi bir abraý bilen tamamlaweri!
Sülçi Soltanow bu gün diýseň ýadady. Gyz bilen gepleşmegi ertire goýup, öýlerine gitdi.
Bu gijede onuň gulagyna Jemile Dawudowanyň çirkin sesi birsyhly ýaňlanyp, ony ýatara goýmady. Gyz ýüregi ýarylan dek gygyryp, sülçi Soltanowa ýalbarýardy:
—Meni öe goýberäýiň-dä! Men günäkär däl-ä! Garaňky jaýyňyzda maňa diýseň kyn düşýä!
Ol irden aýalyna birden gijelerine öe gelmese-de, özi üçin alada galmazlygy tabşyrdy. Işiň juda köpdügini aýdyp, çykyp gaýtdy. Göni işe gelibem, milisionerleriň birine tussaglykdaky Jemile Dawudowany getirmegi buýurdy.
Günälenýäni getirýänçäler, Jemile Dawudowanyň adyna açylan jenaýat işi kitabyna, işiň bähbidi üçin, gyzyň öe goýberilýändigi hakda bellik etdi. Gol çekdi. Gyz üçin rugsat kagyzyny doldurdy.
Günälenýän Jemile Dawudowany getirdiler. Sülçi Soltanow oňa oturmagy mürähedem etmedi. Eline onuň wagtlaýynça öe goýberilýändigi hakyndaky rugsat hatyny gowşurdy.
—Sen boş. Öýüňe gaýdyber!—diýip, kagyz bereni bilenem oňman, gyza düşündirdi.—Has dogrusy, wagtlaýynça boşadylýaň. Özem size ikimiz bile gidýäs.
Gyz ýüzüne gussa çaýyp, gözlerine ýaş aýlady.
—Ömrüňiz uzak bolsun!
Ikisi bile ýola düşdi. Sülçi Soltanow köçä çykyp, taksi saklady. Gitmeli ýerleriniň salgyny berdi. Taksiçi baş atyp, äkitmäge razylyk berensoň, sülçi Soltanow ilki taksiniň yzky gapysyny açyp, gyzy mündirdi. Gyz ornaşansoň, gapyny ýapdy-da, özi sürüjiniň ýanyna geçip oturdy.
Sülçi Soltanowyň gyzlary Jemiläni alyp gelmegine Dawut aga-da, Näzik daýza-da diýseň begendi.
—Ýalňyz balam, men bir ölemok seni äkidenleri bäri!—diýip Näzik daýza gyzyny bagryna basyp aglady. —Ýüregim para-para. Gijeler ýatman çykýan.
Jemile aglanokdy. Ýöne onuň ýüzüne dünýäniň hasraty çöküpdi. Ol içeri girdi. Eşiklerini çalşyryndy. Soň ýatyp, dynjyny aldy. Ejesiniň beren çaý-çöregini iýdi. Gün batmanka köneje hammam jaýda saçlaryny ýuwdy, suwa düşdi. Soň bolsa, öňki endigi bilen, içki jaýyna girip, el işine güýmendi. Gutarylman taşlanan ýakany bejermäge oturdy.
Sülçi Soltanow daşaryk atylan keçede Dawut aga bilen bile çökdi. Ol her gezek gyz iş bilen eýläk-beýläk geçende oňa göz astyndan syn edýärdi. Јdimine çenli yzarlaýardy.
Adam ogly üçin pişesiz oturmakdan kyn zat ýokdy. Oturmaga çydaman, Dawut aga eline pil alyp, öýüň daşyndaky ot-çöpleri çapyşdyran boldy. Mellegiň töründe ýasalan agylda gezişip ýören birki sany goýnuna ot-suw beren boldy. Näzik daýza bolsa agşamlyk naharyna güýmendi.
—Goýunlaryňy hiç kim ogurlanokmy?—diýip, sülçi Soltanow hyýalyna ogrular hakdaky pikirini getirip, Dawut agadan sorady.
—Ýok-la—diýip, Dawut aga başyny ýaýkady. —Sen öe gelýänler ogrulardyr öýdýän bolsaň, ýalňyşýaň, ýigit. Ogrularyň meň giýewilem bilen nä işleri bar!
«Dogry. Gojanyň pikirem biçem däl» diýip, sülçi Soltanow oýlandy. Işsizlikden arkan düşüp ýatyşyna uka gitdi.
Bu gije asuda geçdi. Hiç kim gelmedi. Sülçi Soltanow hiç zat bilip bilmedi.
Ertesi gije hem şeýle boldy. Biri günem. Asyl, sülçi Soltanow bu ýerde bir hepde, on günläp bolsa-da bilen zady bolmady.
—Göwnüňize hiç hili garalyk getirmäň welin, men siziň otagyňyzda ýatjak—diýip, ol ahyry goja ýüzlendi.—Sizem ýanymda ýataýyň.
—Aý, ýok, biz-ä seni oglumyz ýaly görýäs, hanym—diýip, Dawut aga çyny bilen aýtdy. —Arkaýyn ýatyber içeri gir-de. Isleseň, gyzymyň ýatýan jaýynda-da ýatyber. Jemile jan seniň jigiň ýaly bir naçar. Öňde-soňda gyzymyzy, betbagtçylyga iterýäniň kimdigini bilip berseň bolýa.
—Hawa...—diýip, sülçi Soltanow işiň ugrugybermeýänine janyny ýakyp, uludan dem aldy.—Gerek bolsa, Jemiläniň ýatýan jaýynda-da ýatmaly bor, agam. Sizem gapyny açyp goýuň-da, bärki jaýdan seredip ýatyberiň. Ýa-da barymyz onuň ýanynda bile ýatalyň.
—Biziň barymyz üýşsek, onuň ýanyna adam geler öýdýäňmi?—diýip, Dawut aga janykdy.—Senem gyz uklansoň, onuň jaýyna gizlin geçmeli borsuň.
—Dogry, dogry—diýip, sülçi Soltanow Dawut agaň pikirini makullady. Dawut aganyň diýenleri onuň ýüregine jüňk boldy.—Gaty makul gep, gaty makul gep.
Näzik daýza Jemiläniň uklanyny görensoň, onuň otagynyň gapysyny açyp goýdy-da, daşky jaýdan sülçi Soltanow üçin ýer ýazdy. Bu ýerden gyzyň ýatýan agaç krowatyna gowy ser salyp bolýardy. Gyzyň bütin synasy görnüp durdy.
Uzakly gün pişesiz oturyp-oturyp, halys bizar boldumy-nämemi, sülçi Garaş Soltanow hernäçe uklamaýyn diýse-de, bolmady. Gözler süzülip, kirpikler kirpige gatyldy. Az salymdanam ol hor çekip ugrady.
Ol juda köp ýatdy. Heziller edip ýatdy. Ol alasarmyklykda bir naçar maşgalanyň aglamjyrap gepleýänini aňdy. Ýöne ukynyň halys basmarlaýanlygy sebäpli, naçaryň aglaýanynam aňyp bilmedi, kimdir birine käýinýäninem. Diňe naçar maşgalanyň naýynjar sesi onuň gulagyna gelen ýaly boldy. Ol bu pursat özüniň aýňalmalydygynam hakydasyna getirip bilmedi. Birdenem daşarda «düňk-düňk» edip ylgap geçen aýak sesi eşidildi. Zarňyldap, nämedir bir zadyň sesi çykdy.
Bu sesler gulagyna ýetensoň, sülçi Soltanow birden ýeňsesine depilen dek bolup oýandy. Alasarmykda bir bada özüniň niredediginem aňşyrmajak boldy. Edil şol wagt daşardan erkek kişiniň «Jemile» diýip gygyran sesi eşidildi. Şol sesi eşiden soň özüniň dem salymyň içinde daşaryk çykmalydygy sülçi Soltanowyň aňyna ýetdi. Şol ses ony basym aýňaltdy. Içki jaýa tarap bir nazar aýlady-da, sülçi Soltanow düwdenekläp, daşaryk ylgady. Daşarda şyňk-şyňk edip, daşjagaz bilen äpişge kakylýardy.
Gyz asuda ýatyrdy.
Sülçi Soltanow gözlerini owkalap barşyna, jaýyň arka ýüzüne nähili aýlananynam duýman galdy. Tas eýwanda ýatan Näzik daýzany basypdy. Onuň üstünden zordan böküp geçdi. Daň atyp gelýärdi. Gündogar agaryp ugrapdy. Sülçi Soltanow jaýyň arkasyna aýlansa-da aýlandy welin, birdenem bu bolýan zatlara haýran galmadan ýaňa doňdurylana döndi. Kürtdürip, duran ýerinde aňalyp durşuna, gözüniň alnyndaky ynanyp bolmajak zada syn etdi. Jemiläniň ýatýan jaýynyň äpişgesiniň öňüňde aýagy ýalaňaç Dawut aga durdy. Onuň bir elinde ýarty kerpiç bardy. Ol kerpiçli elini sallap durdy. Beýleki elindäki kiçijik daşjagaz bilen äpişgäni kakýardy.
Ol sülçi Soltanowy görenden, elindäki daşlaryny taşlady-da, aýalaryny biri-birine süýkäp, ellerini kakyşdyrdy. Soňam aýalaryny gapdallaryna süýkäp goýberdi. Onuň ýüz-gözi aladalydy:
—Hä...Soltanow! Oýandyň-maý?—diýip, ol alada ýugrulan sesi bilen sülçi Soltanowa ýüzlendi.—Sen içerde hiç kimi tutup bilmediňmi?
Soltanow garra jogap bermedi. Gahardan dişlerini biri-birinden geçiräýjek boldy. Kellesi saňňyldap, ýüzi lap-lap gyzdy. Gözleri bilen garryny iýäýjek boldy.
Dawut aga bolsa sülçüden jogap alyp bilmänsoň, iki elini hem ýüzüni aýna diräp, içerik seretmäge durdy. Soň ýene:
—Jemile! Jemile! —diýip gygyrdy.
Şol wagt sülçi Garaş Soltanow epeý-epeý basyp, Dawut aganyň ýanyna bardy-da, onuň ýagyrnysyna penje urdy. Onuň bu bolşuna Dawut aganyň zähresi ýaryldy. Sülçiniň ýüzüne naýynjar bakdy-da:
—Näme boldy, inim?—diýip zarynlady.
Sülçi Soltanow garrap, bir gysym bolan garryny çaga ýaly idenekledip ýola tarap alyp ugrady.
—Näme bolanyny saňa başga ýerde düşündirerin!
Dawut aga ondan sypjak bolup siltendi. Ýöne garrap, haldan giden göwre süňňi bekän, gujurly sülçiniň güýjüniň öňünde ejiz geldi. Güýç bilen ýol almajagyny bilensoň, Dawut aga ýene zarynlap sülçi Soltanowa ýalbardy.
—Dur entäk, inim, sen gaharlanma. Düşünişeli ikimiz. Sen gyzmalyk edýäň! Aýyp dälmi, ataň ýaly adamy şeýdip çaga kimin idenekledip ýörmek!
—Saňa aýyp dälmi, bir topar bendäniň juwan ogullaryny öldürip, soňundanam pukarasyrap ýörmek! Edýän işiň şol bolsa, atam ýal-a däl, atamyň hut özi bolsaňam, eýgilik görkezmen!
Dawut aganyň gözleri hanasyndan çykaýjak boldy:
—Näme? Sen ol ýigitleriň ölümini menden görjek bolýaňmy?—diýdi-de, gahardan titir-titir etdi. —Işleýşiňiz şu bolsa, näçe adamlar ýanyp gidýäkä siziň eliňizden!
Sülçi Soltanowda jenaýatkäriň Dawut agalygyna ynam juda güýçlendi. Özem oňa şeýle bir gahary gelýärdi welin, hut duran ýerinde ony bogup öldüräesi gelýärdi. Birdenem: «Ýok, sen gojany bogup öldürmeli däl. Saňa kösenip-kösenip, it ýaly bolup ölüp gideriň ýaly jeza bellemeli!» diýip, içinden pikir öwürýärdi.
—Sesiň çykmasyn, ýaşuly!—diýip, sülçi Soltanow Dawut aga azgyryldy. —Barmaly ýerimize baraly entäk. Seni mazalyja saýradaryn.
—Bolýa-da—diýip, Dawut aga birhili ysgynsyz jogap gaýtardy.—Geplemesiz bolsa, geplemerinem. Barybir, seniň bilen biziň jynymyz jyňkyryşmanjyk geçjek. Sen biziň birimizi alman goýjak däl.
Sülçi Soltanow uly ýola çykyp, gabat gelen ýeňil maşyna elini galdyrdy-da, özlerini etrabyň içeri işler bölümine taşlamagy haýyş etdi. Eltibem, Dawut agany içeri işler bölüminiň iki gatdan ybarat kaşaň jaýynyň ýerzeminine, demir gapyly, garaňky otaga dykdy.
Dawut aganyň «Dur düşünişeli» diýip ýalbarmasyna-da gulak asman, göni iş kabinetine bardy. Jemile Dawudowa üçin açylan jenaýat işi kitabyna Dawut aga bilen bolup geçen zatlary ýazdy.
Öňler hakyky jenaýatkäri ele salanda, sülçi Soltanowyň süňňi ýeňläp, ädimleri çaltlanardy. Çaga ýaly begenerdi. Ýüregi şatlykly gürsüldärdi. Üstünden uly aladanyň sowlanyny duýardy.
Näme üçindir, Dawut agany tutup getireni bilenem ol birjik-de begenenokdy. Gaýtam alada galdy. Eden işinde bir çiglik bar ýaly, hiç öz-özüne ynanyp bilenokdy. Gahary gelýärdi.
Elektrik çäýnegini toga sokup, çaý gaýnadyndy-da, birki käse çaý içdi. Birneme özüni dürsänsoň, aşak, Dawut aganyň ýanyna düşdi.
Dawut aga agaç skameýkanyň üstünde iki eli bilen maňlaýyny tutup, aýaklaryny sallap otyrdy. Ol gapynyň şakyrdysyna, sülçi Soltanowyň gelip girenine-de seretmedi.
Sülçi Soltanow könelip giden agaç kürsini alyp, Dawut aganyň maňlaýyna geçdi. Iki elini dyzlaryna diräp oturdy-da, ýaşula ýüzlendi:
—Hawa, ýaşuly, näme gürrüňiň bolsa, ine, indi aýdyber. Iki gulagym sende.
Dawut aga gahardan saňňyl-saňňyl etdi:
—Mende hiç hili gürrüňem ýok, bolanda-da aýtjak däl şony saňa. Sen meni näme etseň edäý, inim. Hä. Köpüm ötüp, azym galypdyr. Öňi-soňy bir başa bir ölüm. At-da dynaý.
—Aý, ýok, ýaşuly, seni eden işleriňi boýnuňa goýman, atyp durmarys... Sen entek ählije eden işleňňi birin-birin gürüň berersiň-ä.
—Bermen diýdim-ä!—diýip, Dawut aga ýene gahardan titredi. —Hiç zat aýtjak däl saňa.
—Onda özüň üçin kyn bor—diýip, sülçi Soltanow gaşlaryny gerdi.—Atamyz ýaly adam bolaňsoň, seni, elbetde, urub-a durmarys. Ýöne toga-beýlekä tutarys. Ine, şonda şeýle bir saýrarsyň, Dawut aga...
«Toga tutarys» diýen sözden Dawut aga heder etmän durmady. Birneme köşeşdi.Geplände sözi pessaý çykdy. Şonda-da ýan berýänini duýdurmajak bolup gepledi:
—Saýradyp, näme aýtdyrarsyň öýdýäň maňa.
—Meselem, gyzyňy satyp, aljak puluňy alaňsoň, yzyndanam ogryn baryp, giýewileriňi urup öldürýäniňi...
Sülçi Sotanow şeý diýdi welin, ýene gahardan Dawut aganyň sakgaly titräp gitdi.
—Alladan gorkaňokmy töhmet atmaga!—diýip, ol sülçi Soltanowa gözlerini alartdy.—Hudaý diýeweri, ogul!
—Seniň hakykaty aýtmaýanyň meniň şeýle netijä gelmegime sebäp bolýar, Dawut aga—diýip, sülçi Soltanow bu gezek ýaşulynyň uguny ýekelemäge çalyşdy.—Sen hakykaty bolşy ýaly aýtsaň, biri-birimize töhmet atyşyp durmaly-da bolmarys. Gel, gepi uzaga çekmäli.
—Göni gürleşmezden ozal sen maňa bir zady aýt—diýip, Dawut aga sülçi Soltanowa ýüzlendi.—Seniň işgäriň Şirmyrat gurply ýigitmidi?
Sülçi Soltanow egnini gysdy:
—Men näbileýin. Ony näme üçin soradyň?
—Sen maňa giýewleňden galyň alaňsoň, olary öldürýäň diýip töhmet atyp dursuň-a. Onsoň, biläýjek boldum, öz işgäriňiziň galyň tölemäge gurbunyň bolanyny-bolmanyny...
—Ony diňe sen hem Şirmyrat biler—diýip, sülçi Soltanow öz diýenine tutdy. Özem ýaşulynyň öz sözlerinden gaty görenini duýdy. Birdenem: «Belki, ol gaty görýän kişi bolup, at oýnadýandyr. Şeýdip, meniň ynamyma girjek bolýandyr» diýip, içini gepletdi. Her zadam bolsa, ýaşulyny ugruna kowanyny kem görmedi.—Iň gowusy, sen maňa daňdan äpişgäni näme üçin daşlajak bolanyňy bir aýdyp ber.
—Sen şol wagt Jemiläniň kimdir birine ýalbarýanyny, soňam aglanyny eşitmediňmi?—diýip, Dawut aga sülçi Soltanowa sowal bilen ýüzlendi.
—Ol, näme, agladymy?—diýip, Dawut aganyň habaryna sülçi Soltanow geň galdy. Özüniň hiç zat duýmanyny boýun aldy.—Men hiç zat aňmandyryn.
Dawut aga uludan dem aldy:
—Hawa-da. Sen bir aladasyz adam. Men bolsam gaýgy-hasratdan ýaňa gijeler çirim etmän çykýan. Kirpiklerim kirpiklerime çatyldygy, derrew ziňkildäp galýan. Şu geçen gije-de daň saz beriberende irkilipdirin. Ilki düňküldäp, kimdir biri geçen ýaly boldy. Ilki, şony duýsamam, halys özümi uka aldyramsoň, sensiň, daş çykansyň öýdüp, ýatyberipdirin. Şol barmana gulagyma agy sesi, gyzymyň kimdir birine ýalbarmasy eşidildi. Gapydan çyksa, sen saklarsyň diýip, äpişgä tarap ylgap bardym. Elime daş alyp garaşýanam welin, äpişgeden hiç kim çykmady. Onýança-da sen çykdyň-da, tutduň meni gabyrdadyp.
Sülçi Soltanow ýaşulynyň diýýänlerine ynanjagynam bilmedi, ynanmajagynam.
Dawut aga Soltanowa igendi.
—Sen meniň yzymdan gaýdaňda, ol gapydan çykyp gaçan bolmaly. Meň ýanyma ylgaýançaň içerik ylgasaň bolmaýamy, jenaýatkär tutjagyň çyn bolsa!
«Dogrudanam, şol wagt näme üçin içerik ylgamadymkam?» diýip, sülçi Soltanow içinden pikir öwürdi. Ýöne entek ýaşuly bilen ylalaşasynyň gelmeýänligi üçin, içki pikirini oňa duýdurmady. Pikire batdy.
—Sen, inim, biderek ýere pikire batyp, kelläňe agram salma—diýip, Dawut aga sülçi Soltanowa ýüzlendi.—Maňa-da ynansaň ynan, ynanmasaň ynanma. Men bärde näçe oturmalam bolsa oturaryn. Günäm bar bolsa, çekerin. Sen bolsaň ýeke salym hem durma-da, bize ugra. Ýeke gijäni sypdyrma-da gyzymy garawulla. Isleseň oňa öýlenmäge-de rugsat berýän. Ýöne şol gyza azar berýän haramzadany ele salyp berseň bolýa. Men bizar boldum ähli zatdan!
Sülçi Soltanow ýylgyrdy.
—Öýlenmäge rugsat berýän diýen bolup, soňundan, gadyr gaýyn bilen giýewde etjek bolýan bolaýma sen, Dawut aga! Beýdib-ä meni öz tarapyňa çekip bilmersiň!
Dawut aga agaç skameýkada uzynlygyna süýndi-de, tersine öwrüldi:
—Näme etseň, şony et, hanym. Men-ä aýtjagymy aýtdym...
Ol gaýdyp sesini çykarmady. Sülçi Soltanow daşaryk ýöneldi. Ol daşaryk çykanda, içeri işler bölüminiň kaşaň jaýynyň öňünde Näzik daýzany gördi. Onuň elinde zatdan doly sumkasy bardy.
—Näme, gojaňy garawullamaga geldiňmi?—diýip, sülçi Soltanow özüne gözlerini alardyp, ýigrenç bilen seredýän Näzik daýza ýüzlendi.—Getiren zatlaňňy oglanlara goý-da, öýüňe gaýt. Beýle ýagdaýda gyzyňy ýeke taşlama.
—Taşlanyp geçsin şol gyz ýeke!—diýip, Näzik daýza gahar bilen gepledi.—Gojany goýbermeseň, ölsemem gitmen şu ýerden.
—Јh-ä—diýip, sülçi Soltanow onuň gabadynda kürtdürdi.—Eser daýza ekeniň sen. Öň-ä gyzymy goýber diýip oturdyň. Indem gojany goýber diýýäň. Näme olaryň ýerinde özüm oturaýynmy?
Näzik daýza sypaýyçylyk edip durmady:
—Oturasyň gelse oturaý. Öňi-soňy işiňem oňaraňok. Ýöne meniň gyzymam, goja-da günäkär däl! Olar adam-a beýlede dursun, garynjanam ynjytjak adamlar däl-ä!
—Günäkär seniň gojaň, daýza!—diýip, sülçi Soltanow sesine bat berdi.—Bar, öýüňe gaýt! Men onuň eline daş alyp, äpişgäni döwjek bolup duranyny gözüm bilen gördüm.
—Ýalan aýdypsyň!—diýip, Näzik daýza dessine sülçi Soltanowyň sözlerini böldi.—Heý, olam bir öz äpişgesini döwermi! Seniň gözüňe görnendir o zatlar!
Sülçi Soltanow Näzik daýza bilen daşarda dawalaşyp durmagyň ýerliksizligini aňdy. Ol ýene iş kabinetine baryp bolan gürrüňleri Jemile Dawudowa üçin gozgalan jenaýat işiniň kitabyna belledi-de, başlygynyň ýanyna bardy. Oňa-da bolan zatlary, gojany tutup getirenini gysgaça gürrüň berdi.
—Isläniňçe hereket ediber, Soltanow!—diýip, başlygy oňa göwünlik berdi. —Şol işi bir ýüzli etseň bolýa.
Başlygy bilen gürrüňleşip bolansoň, sülçi Soltanow öýüne gitdi. Naharlandy. Dynç aldy. Pikirler basmarlap duransoň, uklap bilmedi.
Gijara ýene iş ýerine degip geçdi. Näzik daýza henizem öňki oturan ýerinde çommalyp otyrdy.
—Ýör, öýüňe gitseň-ä äkideýin, daýza. Men size barýan—diýip, sülçi Soltanow Näzik daýza ýüzlendi.
—Men şu ýerden butnajak däl diýip aýtdym-a saňa—diýip, Näzik daýza onuň ýüzüni aldy.—Sen ýaşaber biziňkide. Şonuň üçin sen gojany bärde gabap goýýaň-da. Ýöne arkaýyn bol, bir gün seniňem läşiň serler.
Näzik daýzanyň bu sözleri sülçi Soltanowa täsir etmänem durmady. «Läşimiň seriljegini bu nireden bilýäkä?» diýip, içini gepletdi. «Ýa munuňam bu bolýan işleriň sebäpkärinden habary barmyka? Ýa-da agzynyň ugruna diýip goýberäýdimikä?»
Ol yzyna dolandy-da, Näzik daýzanyň ýanyna geldi:
—Hany, ýör, senem gojanyň ýanyna äkideýin-le men, daýza. Ümmüldeşiň-de oturyň. Birki gün hiç zat bolmaz. Läşimi kimiň serjegini bolsa, ertir soraryn senden, bu gün giç boldy.
—Wiý, men-ä agzymyň ugruna ýöne diýip goýberäýdim—diýip, Näzik daýza ýoňsuz zat aýdanyny indi duýup, ör-gökden gelip gepledi. Gojasynyň ýanyna welin, gitmäge höwesek boldy.
—Agzyň ugruna diýdiňmi ýa sebäplije, o zatlary soň anyklarys—diýdi-de, sülçi Soltanow Näzik daýzany gojasynyň oturan ýerine eltip gaýtdy.
Şundan soň ol ýene taksä münüp, Dawut agalara ugrady.
Sülçi Soltanow gelende, Jemile ýolda sadylla bolup durdy.
—Ejeň ýoluna bakýan bolsaň-a, öýüňe gir-de, arkaýyn oturyber, uýam—diýip, sülçi Soltanow münüp gelen taksisinden düşeninden Jemilä ýüzlendi.—Ol kakaň bilen bileje otyr. Gelmez.
—Kakamy siz äkitdiňizmi? Näme üçin siz ejeňiz, kakaňyz ýaly adamlary köseýäňiz, ýoldaş sülçi—diýip, Jemile aglamjyrady.—Uslypmy size şeýtmek?
—Seniň kakaň günäkär—diýip, sülçi Soltanow sowukganly gepledi.—Ol eden işine jogap bermeli bolar.
—Onda hiç hili günä ýok!—diýip, Jemile ýene nalady.
—Ýolda gykylyklaşyp durmaly. Il-gün geňlär—diýip, sülçi Soltanow öe tarap ugrady.—Hany, ýör, öýüňde gepleşeli.
Gyz sülçi Soltanowyň yzyna düşdi. Gidip barşyna-da nalady:
—Bolsam bolaýyn ile gürrüň. Ejem-kakamy milisä ýygnadanymdan il-güne gürrüň bolanym müň paý gowudyr.
Sülçi Soltanow gyzyň gykylygyna bakman, öe gelip, eýwandaky düşege özüni goýberdi. Soňam Jemilä ýüzlendi:
—Sen agşam kim bilen gepleşdiň?
—Hiç kim bilen—diýip, gyz arkasyny eýwanyň sütünine berip durşuna dessine jogap berdi.
—Sen ýalan sözleme, dogryňy aýt!—diýip, sülçi Soltanow birden gyzyp gygyrdy. —Adamlaryň senden başga işi ýokmy?
Gyz ýüzüni aşak saldy-da, göz astyndan sülçi Soltanowa syn salyp dymdy. Sülçi Soltanow dowam etdi:
—Men irden oýanamda, kakaň eline ýarty kerpiç alyp, seniň äpişgäň öňünde duran eken. Ol seniň kimdir biri bilen gepleşip başlanyňy eşidip, şony urmak üçin seniň äpişgäňi garawullanmyş. Muny maňa onuň özi aýtdy.
—Eli nämeli duranam bolsa, maňa öýlenen ýigitleriň ýogalmagynda kakamyň günäsi ýok—diýip, Jemile şol bir sözlerini gaýtalady.—Kakam dagyny öe goýbermeseňiz menem ýygnaýyň.
—Ýygnasam, ýygnaýarynam!—diýip, sülçi Soltanow gyzyň howuny basaryn diýen niýet bilen azgaryldy.—Öňem özüňi aglap-aglap boşatdyranyňy unutdyňmy?
—Ýygnaýyň!—diýip, gyzam onuň sözlerinden gorkup durmady.—Ejem-kakamy ol ýerde sakladyp, men bu ýerde rahat gezip bilmen! Olary goýbermeseňiz, häzir menem gitjek olaň ýanyna. Nirä iberýänem bolsaňyz, üçimizem bileje iberäýiň.
Sülçi Soltanow ýene gaharlandy:
—Sen aýt onda! Kakaň näme üçin daňyň öň ýanynda eli ýarty kerpiçli seň äpişgäňi garawullady? Aýt.
Gyz ýuwaş gepledi. Ýöne gaharly nazaryny sülçiniň nazaryndan geçiräýjek boldy:
—O zatlary siz anyklaň. Siz sülçi ahyry!
—Sülçi bolamda näme!—diýip, sülçi Soltanow bu işden hiç bir uç tapyp bilmeýänine jany ýanyp gygyrdy.—Sülçi näme Hudaýmy ähli zady biler ýaly!
—Sesiňize bat bermäň!—diýip, gyz ýene pessaý gepledi.—Bu ýeri siziň iş ýeriňiz däl. Siziň işiňizi oňarmaýanyňyz üçin, bu ýerde hiç kim günäkär däl!
Jemiläniň bu sözleri sülçi Soltanowyň içine ot bolup ýapyşdy. Gahary geldi. Ýöne çagasy ýaly gyz maşgala: «Sesiňize bat bermäň» diýip, onuň edepsizlik edýänini ýüzüne aýdyp durka ýene gygyrybermäge ejap etdi. Beýnisinde: «Menmi işini oňarmaýan! Menmi işini oňarmaýan! Entek gözüňize görkezerin işimi neneň oňarýanymy!» diýen sözler at çapdy. Özi welin, sesini çykarman, gyza seretdi durdy.
Soň ol ýene maşyn ýoluna ugrady. Jemile-de onuň yzyna düşdi. Sülçi Soltanowyň saklan maşynyna gyz hem özüni atdy.
—Sen nirä? Düş!—diýip, sülçi Soltanow oňa azm urdy. Ony çekip, maşyndan düşürmäge synanyşdy.
—Düşjek-gä. Ejem-kakamyň ýanyna menem salarsyňyz—diýip, jogap berdi-de, gyz ýerinden gozganmadam.
—Ejeň-kakaň ýany bolmaz, düş!—diýip, sülçi Soltanow gyzyň goşaryndan tutup, ony ýene düşürmekçi boldy.
Sülçi Soltanow gyzy çekse-de çekdi welin, çekenine puşmanam etdi. Ol näçe güýç bilen çekse-de, gyzy ýerinden gozgamadam. Gyz misli oturgyja çüýlenen agaç ýalydy. «Be, kiçijigem welin, daýawjadygyny!» diýip, sülçi Soltanow pikir öwürdi. «Hany göreli seň daýawlygyňy!» Şundan soň ol gyza iki elini uzadyp, ony bütin göwresi bilen gujaklap düşürmekçi boldy. Gyzyň çepiksije, kiçijik göwresiniň daşyndan elleri bilen halka gurady. Şeýdip, ony ýene çekdi. Hamala gyzyň ýerinde orta boýly, agajet, ýaşajyk gyz däl-de, bir pilsypat erkek kişi oturan ýalydy. Güýç berenokdy. Sülçi Soltanow bu bolýan ahwalata aňk bolup, gözlerini elek-çelek edip, gyzyň ýüzüne bakdy. Onýança gyz onuň döşünden bir eli bilen itip goýberdi:
—Aýryň eliňizi! Besdir, sylagyňyz ýetdi! Indi sylaman!
Gyzyň eli sülçi Soltanowyň döşüne gaty taýak bolup degdi. Ol nähili yza çekilip, ondan örküni üzeninem duýman galdy. Bolýan zatlara pikiri bulaşyp, näme diýjeginem bilmedi. Sesini çykarman, sürüjiniň ýanyna geçip oturdy.
Maşyn biraz ýol geçensoň, sülçi Soltanow yzyna gaňrylyp, gyza ýüzlendi:
—Men günäkäri tapdym. Ol ýigitleň baryny sen öldüripsiň!..
Gyz bu gezek özüni aklajagam bolmady. Dawa-da tutmady. «Içiň ýansyn» diýen ýaly, gaty arkaýyn gepledi:
—Hawa, men öldürdim şolary... Ýöne meniň nädip öldürenimi welin siz subut etmeli bolarsyňyz.
—Subut ederin!—diýip, gyza pert jogap berse-de, sülçi Soltanow halys kelebiň ujuny ýitirdi. Nädip bu işi tamamlajagyny bilmedi.
—Ine gyzyňyzam getirdim—diýip, ol barşyna, Jemiläni ýerzemine, onuň ejesidir kakasynyň oturan ýerine eltdi. —Seniň gyzyň hemme zat etmäge-de ukuby bar—diýip, sülçi Soltanow Dawut aga ýüzlendi.—Ol şeýle kiçijigem bolsa, diýseň daýawja eken. Belki, karate gatnaşýandyr... Hä, Dawut aga?
—Heý, hiç ýerik çykman, öýde oturan gyzam karate gatnaşarmy?—diýip, gyzynyň ýene bu ýere getirilmegine ör-gökden gelen Dawut aga sülçi Soltanowyň pikirlerini bölüp, gözlerini tegeledi.
—Goý, goý, men indi size jinnek ýalam ynanamok—diýip, sülçi Soltanow kelebiň ujuny ýitirenine gahary gelip, Dawut aganyň üstüne gygyrdy.—Sen gyzyňy-ha satýaň. Puljagazyny alaňsoňam, giýewiňi gyzyň bilen bileje bogup öldürýäň!
—Bu zatlary sen maňa öň aýtdyň, menem saňa jogabyny beripdim—diýip, Dawut aga göwnüçökgün halda aýtdy-da, özüni krowatyna goýberdi.
Şol wagt sülçi Soltanowa naçalnigiň ýanyna gaty tiz barmalydygyny habar berdiler.
—Akylyňyza aýlanýançaňyz oturyberiň!—diýip, Dawut aga daga aýtdy-da, sülçi Garaş Soltanow çykyp gitdi.
Naçalnik Sähet Penaýew ony agras garşylady:
—Gidişiň gidiş boldy-la, Soltanow! Başga-da iş kän-ä!
Sülçi Soltanow özüni oturgyja goýberdi. Çaga ýaly boýnuny burup gepledi:
—Şü Dawudowanyň işini menden alsana, başlyk! Hol, ilerki dagy arkam bilen süýşürmeli bolsa süýşüreýin. Ýöne bu işi al menden. Men beýle uçsuz işe heniz duşup görmändim.
—«Al» sözüňi goý!—diýip, Sähet Penaýew gaharlandy.—Senden alyp, men ony kime bereýin! Ýa jebir çekenleň hossarlarynyň ýokaryk arz edip, üstümize adam ibererine garaşýaňmy? Ýokarky instansiýalardan biri gelip, barlap ugrasa, biz hiç zat oňarmaýan bolup galmarysmy?
Sülçi Soltanow bialaç halda ellerini serdi. Başyny ýaýkady:
—Nä alaç etjegimi bilýän däldirin!
—Be... seniň şeýdip, ýaýdanan halatyňy ilkinji gezek görýän—diýip, Sähet Penaýew sülçi Soltanowyň ýanyna gelip oturdy. —Sen her näme-de bolsa, Dawudowaly işiňi basym suda geçir-de gutar. Başga uly iş bar. Bir uly işgäri öldüripdirler.
—Dawudowanyň işini men neneň gutaraýyn? Men heniz onuň ujuny tapamog-a!
—Be, nätdiň-aý, Soltanow! —diýip, Sähet Penaýew janynyň ýangynjyna ýerinden turup, iki ýana gezmeledi.—Uç tapman, şu çaka çenli sen näme işlediň onda?
—Boş-a gezmedim—diýip, sülçi Soltanow uludan dem aldy.—Ýöne bitiren işimem ýok... Bu günem olaryň üçüsinem getirip gabadym... Bütin maşgalany...
—Indi näme etsem diýýäň?
Sülçi Soltanow bu sowala bir bada jogap berip bilmedi. Sebäbi indi näme etmelidigini onuň özem bilenokdy.
Birhaýuk dymyp oturansoň, sülçi Garaş Soltanow ýene uludan dem aldy:
—Näme etjegimi özümem bilemok... Ýa ol gyza özümem öýlenip görmelimi-nämemi... Kakas-a rugsadam berýä...
Dogrusy, Garaş Soltanow bu sözleri agzynyň ugruna diýip goýberdi. Ýürekden diýmändi. Şeýle-de bolsa, başlygy onuň çynydyr öýtdi. Ör-gökden geldi:
—Seniň aýalyň, çagalaryň bar ahyry, Garaş!
Sülçi Soltanow ýene dymdy. Özem uzak dymdy. Çilim otlandy. Tä şol çilimini çekip bolýança, sesini çykarmady. Içinden pikir öwürdi. «Dogrudanam, oňa öýlenip göräýsem, nähili borka?» diýip oýlandy.
Soňam içki pikirini daşyna çykardy:
—Sähet Penaýewiç diýýän-ä, men ol gyza iň bolman, ýalandan bir öýlenmeli bormukam diýýän. Jenaýatkäri tutmak üçin ile göz eden bolmaly...
—Şeýdeňde, tutaryn öýdýäňmi?—diýip, Sähet Penaýew sorady.
—Aý, synanyşyp gördügimiz bor-da. Bolsa, bolany. Bolmasa-da, soňuny soň görübiýris. Sizem maňa kömek ediň, Sähet Penaýewiç. Toýuň çykdajysyny bölüm üstüne alsyn. Gorag üçinem öýüň daşynda durmaga bäş-on sany işgär beriň.
—Çykdajyny öýlenjek adamyň özi çeksin! —diýip, Sähet Penaýewiç ýylgyrdy.—Gör-ä muny, hem toýuny tutmaly, hem daşyny goramaly. Gaýtam, gorag hakynam özüň töle!
Sähet Penaýew ýylgyrsa-da, sülçi Soltanowyň ýadyna gülki düşenokdy. Ol diýseň gussalydy. Bu işi başyndan sowup bilse razydy. Ony boýun alanyna puşman edip, aňyrsyna çykyp bilmedi.
—Jenaýatkäri tapmagyň hatyrasyna her zada baş urup görübermeli bor—diýip, sülçi Soltanow özbaşyna gepledi.—Bir zada göz ýetirmän, ýaş hem owadan gyzy gazamata iberip goýberip bolmaz-a.
—Sen öýlenmek gürrüňiňi çynyň bilen aýdýaňmy?—diýip, Sähet Penaýew sülçi Soltanowa ýüzlendi.
—Siz maňa henizem ynanaňzokmy, Sähet Penaýewiç?—diýip, sülçi Soltanow geň galyp gepledi. —Işiň bähbidi üçin şeýtmek gerekmikä diýýän! Ýöne siz arkaýyn boluň. Men hamala ol gyza öýlenýän kişi bolan bolaryn. Hakykatda welin, men oňa öýlenmen! Ol meniň çagam ýaly ahyry!.. Ýöne hakykaty diňe ikimiz bileli. Galanlar bilmesin. Birem goh etmez ýaly, aýalyma aýdaýyn...
—Eger sen şeýtmek netije berer öýtseň-ä...—Sähet Penaýew sözüniň soňuny aýtman dymdy.—Ikinji gezek öýlenýän diýip, ýokaryk ýazanlaram-a bolar!
—Näme etseler, edibersinler—diýip, sülçi Soltanow elini silkdi. —Şu işden dynsam bolýa. Bizar boldum men mundan... Hemmelere aýdyň, Sähet Penaýewiç, «Aýaly bilen aýrylyşypdyr, öýlenýä» diýiň. «Goý, hemmeler eşitsin! Men ýaşula-da aýtjak. Goý, ähli goňşularyny-da çagyrsyn! Şonda hakyky jenaýatkärem eşider!
—Bolýa-da—diýip, Sähet Penaýew sülçi Soltanow bilen razylaşdy.—Ýöne toýy tizleşdireweri. Başga-da iş kän!
—Ertiriň özünde başlarys!—diýip, sülçi Soltanow bir yş tapanyna begenip, süňňüeňillik bilen ýerinden galdy-da, çykyp gitdi.
Sülçi Soltanowyň birden ökjesiniň ýeňläbermesi Sähet Penaýewiň göwnüne garalyk getirmänem durmady. «Şu deýýus ýalandan öýlenýän» diýip, çyna tutubermese-de biri» diýip, ol içini gepletdi. «Ýaşajyk gyz görse, bulardan herki zat çykar».
Her zadam bolsa, häzirlikçe Sähet Penaýew özüniň bu pikirini sülçi Soltanowa aýtmagy makul görmedi. «Wagty gelende, görübiýris» diýip içini gepletdi.
Uly başlygy bilen bolan gürrüňçiligi aýtmak üçin, sülçi Soltanow günälenýän maşgalany salyp goýan jaýyna bardy. Soltanowy görenden Jemile Dawudowa ýerinden galyp, delmuryjy gepledi:
—Dogan jan, ejem kakama rehim ediň! Ýaşynyň soňunda bu garrylary beýdip saklamaň, öe goýberiň. Şulary goýberäýseňiz men size ähli hakykaty aýdaryn!
«Bar zady aýdaryn» diýip aglasa-da, gyzyň özüne hiç bir zat aýtmajagyny sülçi Soltanow onuň gözlerinden duýup durdy. Gyzyň gözlerinde gorky bardy. Ol diňe garry ejesi bilen kakasynyň ahyr ýaşynda gazamatda oturanyna dözmän, sülçä ýalbarýardy.
myspaser3 years ago
Sülçi Soltanow gapyny açyp, Dawut agadyr Näzik daýza rugsat berdi:
—Siz gaýdyberiň!
Näzik daýza ýerindenem gymyldamady:
—Men-ä gyzymy taşlap, ölsemem, gitjek däl... Ölsem şunuň ýanynda öljek.
—Bir salym çyk—diýip, sülçi Soltanow Näzik daýza ýüzlendi. —Onsoň, ýa-ha gyzyň seň ýanyňa çykar, ýa-da sen bärik gelersiň.
—Çynyňmy? —diýip, Näzik daýza ynamsyzlyk bilen sülçi Soltanowa ýüzlendi.
Sülçi Soltanow işdenem ýadapdy. Geplemedenem. Şonuň üçin baş atyp oňdy.
Garry är-aýal daşaryk çykansoň, özüni agaç krowata goýberip, sülçi Soltanow Jemilä ýüzlendi:
—Hawa... Diňleýän. Aýdyber...
Garaş Soltanowyň pikir edişi ýaly boldy. Jemile Dawudowa ýene oňa hiç zat aýtmady. Gaýtam ol aglap başlady.
—Siz meniň şu ýaşymda ölüp gitmegime razymysyňyz?—diýip, gyz agysynyň arasynda sülçi Soltanowa ýüzlendi.—Öldürilmegime razymysyňyz meniň?
—Men hiç kimiň ölmeginede razy däl, jigim—diýip, sülçi Soltanow çyny bilen aýtdy.—Ol ýogalan ýigitler üçin kimdir biri jeza çekmel-ä... Onsoňam, men seni şaýat etmäýin... Ýigitleri kimiň öldürenini aýt...
—Şaýat etmeseňizem, onuň özi bilýä...
—Onda näme diýsene, jigi, seniň bilen beýdip, gepi uzaga çekip ýörjek däl... Bir şert bar, sen şoňa razy bolmaly —diýip, sülçi Soltanow gyza ýüzlendi.
—Näme şert bolsa-da, men razy —diýip, gyz dessine jogap berdi.
—Onda şeýle, Jemile...—Sülçi Soltanow bir bada pikirini nähili aýtjagyny bilmän dymdy. Soň dowam etdi.—Ikimiz toý tutmaly bolarys.
Sülçi Soltanow «ýalandan» diýip, gyza hakykaty aýtmak isledi. Soň hem goýbolsun etdi. «Goý, hakykaty bu-da bilmesin» diýip, pikir etdi.—Işiň bähbidi üçin, ikimiz toý tutmaly... Eger sen hakykatdanam günäsiz bolsaň, günäsizligiňi biler ýaly...
Jemile ýüzüni aşak saldy. Ýuwaş gepledi:
—Meniň gaýdyp adama barma niýetim-ä ýokdy welin... Bu wagt men bialaç... Siz näme diýseňiz, şol bolar. Ýöne... näme... —Jemile diýjek sözüni diýip bilmän dymdy. Ahyry pyşyrdy bilen gepledi.—Siz ölümden gorkaňzokmy?
Sülçi Soltanow onuň ýüzüne gazap bilen seretdi:
—Sen meniň öljegimi nireden bilýäň?
Jemile sesini çykarmady.
—Başa näme gelse, görübermeli bor—diýip, sülçi Soltanow daşaryk ýönelip barşyna aýtdy.—Indi sen boş, ejeň dagy bilen öýüňe gaýdyber. Ejeň-kakaň daga meň aýdan zatlarymy özüň ýetirersiň. Goňşy-golamlaryňam çagyrsynlar... Hemmelere aýdyň...
—Goňşy-golamlar nämä gerek...—diýip, Jemile nägile gepledi.—Uly toý hökman däl.
—Hökman—diýip, sülçi Soltanow gaharlandy.—Hemmelere aýtmasaň, bize gerekli adamyň eşitmän galmagy mümkin...
Jemile pyşyrdady:
—Ol eşider-le... Hiç kime aýtmasaňam, ol eşider...
Gyzyň sözlerine sülçi Soltanow yzyna nähili dolananynam bilmän galdy. Näme üçindir ýüregi jigläp gitdi.
—Sen, gyz, bir zatlar-a bilýäň, ýöne aýdaňok—diýip, ol Jemiläniň alkymyna dykylyp gelip, gaharly gepledi.—Zyýany ýok, aýtma! Men entäk bar zady anyklaýyn, onsoň, meni şeýdip kösäniň üçin, seňňem almytjygyňy bererin...
Şeý diýip, sülçi Soltanow çykyp gitdi. Jemile-de onuň yzy bilen çykdy.
***
—Ýakyn günlerde men bir gyz bilen toý tutmaly boljak—diýip, sülçi Soltanow çaý başynda aýalyna aýdanda, aýaly Sülgün eşidýän zatlaryna ynanman, doňup galdy. Birdenem, gözlerini ýaşlap, gykylyga başlady:
—Öýlen, öýlen... Şunça ýyllap seniň hyzmatyňy edip, iň soňunda senden aljak taňryýalkasynymmy şu. Hawa-da, indi aýalyň garrady, onda ne görk galdy, ne görmek. Indi sen ýaşajyk gyza öýlenmeli...
—Sesiňi goý!—diýip, sülçi Soltanow aýalyna azgaryldy. Özem şeýle bir agrasdy, şeýle bir agrasdy welin, misli gerdenine dag ýüklenen ýalydy. —Işiň bähbidi üçin, men şeýtmesem boljak däl. Bir jenaýatyň hiç üstüni açyp bilemizok...
—Hawa-da, işiň bähbidi diý, ýene bir zat diý, garaz, öýlenesiň gelse, bahana kän—diýip, aýaly ylalaşyga gelmän, gykylygyny dowam etdi. Soňam tasanjyrap, ýerinden galdy.—Men seniň başlygyň ýanyna gitjek!
—Otur ýeriňde, men entek aýtjagymy aýdyp bolamok!—diýip, sülçi Soltanow aýalyna ýowuz nazaryny gönükdirip, ýene azgyryldy.—Başlyk bilýä bu zatlary!
Sülgün adamsynyň nazaryndan eýmendi. Ol adamsyny hiç wagt beýle ýowuz halda görmändi. Sülçi Soltanowyň aladasynyň ýetikdigini onuň gahardan gyzaran gözlerinden aňmak bolýardy. Sülgün ýene aglamjyrady. Ýöne adamsynyň diýeninem etdi. Özüni ýere goýberdi:
—Başlygam bilýä diýsene... Ol bilibem şu zatlara rugsat berýämi?
—Sen aglamaňy goý-da, gulak as—diýip, bu gezek sülçi Soltanow sesini ýuwaşadyp, aýalynyň alyn saçlaryny düzedişdirdi. Uludan dem aldy.—Bir topar çagam bar. Üstesine-de, bu ýaşdan soň men beýle işe baş goşjak adam däl. Men saňa ýaşkam dönüklik etmedim, häzir eder ýaly. Men ol gyza ýalandan öýlenýän. Iliň gözi üçin... Şeýtmesem boljak däl. Bilýäňmi näme, bir gyz üç gezek durmuşa çykypdyr. Toý gijesi ýigitleriň ählisi öli çykypdyr...
—Hih!—diýip, Sülgün gorkuly içini çekdi-de, yza tesdi.
Sülçi Soltanow dowam etdi:
—Biz-ä ýigitleň ölümini ol gyzdan görýäs. Gyz bolsa, suw-sil aglap dur. «Men günäkär däl» diýip...
Sülgün bu habara hem gorkdy, hem geň galdy. Sesini çykaryp bilmedi.
—Özem, ol gyz bir bendeleriň ýalňyz çagasy. Gözüňi ýumaga-da, basyp goýbermäge-de dözeňok. Üstesine, subutnama-da ýok, şaýat-da...
—Gyz bilýändir ahyry?—diýip, Sülgün indi birneme köşeşip gepledi.
Sülçi Soltanow ýene uludan dem aldy:
—Ol bilýä. Ýöne aýdanok. Aýtsa, özi öldüriler öýdüp gorkýa... Men nämäniň-nämedigine göz ýetiremsoň, hökman öe gaýdyp gelerin...
Sülgün dymdy. Adamsyna näme diýjegini bilmedi. Birdenem howsala düşdi:
—Ýok, ýok, beýle bolsa, asla-da öýlenme... Ol ýigitleri öldüren seni öldürmez öýdýäňmi! Ýok, gitmersiň!—Şeý diýip, Sülgün adamsyna gujak gerip topuldy.—Men çagalarymyň ýetim galmagyny islämok!
—Men barybir gitmeli—diýip, sülçi Soltanow agras gepledi. —Maňlaýyňda ne bolsa, görübirsiň. Men heniz işi oňarman, yzyna tabşyran adam däl. Indem şeýtmäge namys edýän!
Sülçi Soltanow aýalyna aýtjak zatlaryny aýdyp boldy-da, ýola çykdy. Aýaly: «Gitmersiň!» diýip, naçarlap-naçarlap galdy. Sülçi Soltanow ol her näçe aglasa-da diňlemedi.
Sülçi Soltanow toýa juda gowy taýýarlandy. Harby bölümden ýörite hat ýazyp, gorag üçin on-ýigrimi sany esger aldy. Esgerler Dawut aganyň öýüniň daşyny bildirgisiz garawullamalydylar. Toýa gelenleriň aglabasy milisiýa işgärleridi. Ýöne hiç kim bilmez ýaly, olaryň bary graždan eşigindedi. Ýanlaryna-da ýarag alypdylar.
Bütin toýuň dowamynda sülçi Soltanowyň ýüregi ýarasyndan basylýan ýaly jigledi durdy. Dük-dükläp, şeýle bir urýardy welin, agzyndan çykaýjak bolýardy. Gaty tolgunmadan ýaňa zat işdäsi ýokdy. Häli-şindi ýerinden turup, goragdaky esgerleri barlap gelýärdi. Oturyp rahat tapmady. Toý ahyrladygysaýy, kalbyna her hili pikirler ornaýardy. «Birden menem öläermikäm?» diýip, içini gepledýärdi. Aglap galan aýaly, çagalary birin-birin göz öňünde geçýärdi. «Ölmeli bolaýarmykam?» diýip oýlananda, gorkup gidýärdi. Gorkusyny basmak üçin, çilime ýapyşýardy.
Toý çyn toýa öwrüldi. «Içmänräk oturyň, uruş bolmagy mümkin» diýip tabşyrylandygyna seretmezden, içip-içip, serden geçen milisiýa işgärleri-de boldy. Ýykylyp galanlar-da boldy.
Toý sowlup, gelin bilen sülçi Soltanowy içerik saldylar. Öe girip, gapyny gulplanlaryndan soň, sülçi Soltanowyň galpyldysy has-da artdy. Howanyň yssydygyna garamazdan, ol üşütme tutýan dek, galpyldap başlady.
—Sen ýeriňe geç-de, arkaýyn ukla, men ýatman oturaryn—diýip, ol Jemilä ýüzlendi.
Jemiläniň ýüzünde howsala bardy. Şeýle-de bolsa, ol ýadawlykdan halys basylyp, diwana geçip süýndi. Üstüne ýorgany çekdi.
Sülçi Soltanow çyrany söndürdi. Bir salym içini hümledip oturdy. Daşardan gap-gaç ýygnaýanlaryň, ötüp-geçýänleriň gohy, gep-gürrüňleri eşidilýärdi.
Jemile basym uka gitdi. Ol diwanda bir gysym bolup ýatyrdy. Sülçi Soltanowyň şu pursatda gyza ýüregi awady. «Alla jan, şu gezek bir kömek et. Şu naçary gaýgydan saplaýyn» diýip, ol ömrüne Hudaýa ynanman gelenem bolsa, şu pursatda gudraty güýçlüden medet diledi.
Oturdygysaýy uky basmarlajak bolýanyny duýdy. Uklamazlyk üçin, çilime ýapyşdy. Özem ýerinden turup, öýüň içinde gezmeledi ýördi. Gözleri äpişgededi. Ýüregi bükgüldidedi. Daň atýança şeýdip çykdy. Uklamajak bolup, çilim baryny gutardy.
Daň agardy. Ýöne näme üçindir, öe hiç kim gelmedi. Јpişgeden Dawut aganyň ýüzi göründi. Ol iki elini aýna tutup, içerik seretdi-de:
—Sülçi! Dirimisiňiz-ow! —diýip gygyrdy.
Dawut aganyň äpişgeden seretmesini sülçi ýene terslige ýordy. Şeýle-de bolsa, syr bildirmän, goja jogap berdi. Јpişgäni açdy:
—Diri, Dawut aga! Asyl, hiç kim gelmedem!
—Be, näme üçin beýle bolduka?—diýip, Dawut aga-da alada bilen gepledi. Menem daň atýança äpişgäniň öňünde oturdym.
Sülçi Soltanow maňlaýyna urdy:
—Wah işimiz-ä sen gören ekeniň. Kim saňa äpigäniň öňünde otur diýdi! Bar taýýarlygy puja çykarypsyň-da! Јpişgäniň öňünde biri otursa, adam gelermi bu ýere.
Dawut aga müýnürgäp, ýüzüni ýere saldy. Sülçi Soltanow ýene gaharlandy:
—«Men günäkär däl» diýen bolýaň welin, garry, belanyň körügi sende bolaýmasa.
—Men günäkär-ä däl! Ýöne äpişgäniň öňünde-de bilmän oturypdyryn. Indiden beýläk oturman...
—Indiden beýläk oturmanyňda näme! Indiden beýläk gelmeli adamyň geljegini bilýäňmi sen! —diýip, sülçi Soltanow ýene Dawut aganyň üstüne jany ýangynly gygyrdy.
Gykylyga Jemile ýerinden galdy. Ol sülçi Soltanow bilen kakasy ilki gepleşip başlanda oýanypdy. Olaryň gürrüňlerinem eşitdi. Ýöne gepe goşulmajak bolup, diňşirgendi ýatdy.
—Јpişgäni garawullanam bolsa, gelmeli adamyň gelmäni üçin kakam günäkär däl—diýip, Jemile keýpsiz halda üst-başyny düzedip, durşuna sülçi Soltanowa ýüzlendi.—Geliň bir zady gürleşeliň, ýoldaş sülçi. Gaýdyp şu meselä kakamy goşmaň! Bolmalyňyz bilen boluberiň, ähli zada göz ýetirersiňiz.
Sülçi Soltanow äpişgäni ýapyp, yzyna dolandy. Özem gyzyň sözlerine geň galdy. «Bujagaz bir zad-a bilýä, ýöne aýdanok» diýip, içini gepletdi.
Sülçi Soltanow diwanyň bir gapdalyna çökdi. Jemilä ýüzlendi:
—Hawa, bu ýagdaýa sen näme diýersiň, Jemile? Ine, men saňa öýlendim. Hany, hiç kim gelmed-ä?
Jemile uludan dem alyp, pessaý gepledi:
—Siz maňa öýlenmediňiz, diňe meniň bilen toý etdiňiz... Siz maňa ýalandan öýlendiňiz...
Geň galmadan ýaňa sülçi Soltanowyň gözleri hanasyndan çykaýjak boldy:
—Sen muny nireden bilýäň?
Jemile ýylgyrdy:
—Men näme tentekmi, görnüp duran zady bilmän!
Sowalynyň samsyklaç bolanyny sülçi Soltanow soň düşünip galdy. Birhili utandy. Birdenem gelmeli adam ýadyna düşdi:
—Meniň saňa ýalandan öýlenenimi ol nireden bilýär?
Jemile köp manyly gepledi:
—Aý bilendir-dä.
Sülçi Soltanowyň ýadyna aýaly bilen başlygy Sähet Penaýew düşdi. Birden, sen-men ýok, daşaryk atyldy. «Aýdypdyrlar, aýdypdyrlar» diýip, içinden birsyhly gaýtalady. «Bu işde Sähet Penaýewiň-de eli barmyka ýa?» diýip, birsyhly oýlandy. Gözegçi goýlan esgerlere rugsat berdi-de, köçä çykyp, özüni maşyna atdy. «Eger eli bar bolsa, başlygymam bolsa, göni ataryn» diýip, dişlerini gyjady. «Öýleniş toýunyň ýalandygyny diňe şol bilýärdi. Diňe şol. Onuň bu işde hökman eli bolaýmaly. Aýalym-a adama meni satmaz!»
Pikire gark bolan sülçi iş ýerine nädip ýetenini bilmän galdy.
—Er-ow, öýlenýän ýigit! Gelniňi taşlap, daň bilen näme işläp ýörsüň?—diýip, Sähet Penaýew sülçi Soltanowy görenden, ýylgyryp ýerinden galdy. Salamlaşmak üçin oňa elini uzatdy.
Bütin gije uklaman çykan sülçi Soltanowyň işiniň puja çykanyna jany ýanyp durdy. Ol Sähet Penaýewiň ýakasyndan nähili ebşitläp tutanynam duýmady. Gahardan ýüzi ak tam boldy:
—Sen aýdypsyň, başlyk, aýdypsyň! Indi sen menden sypmarsyň, arkaýyn bolaý! Eden işjagazyňa jogap berersiň indi!
Sülçi Soltanowyň bolşuna Sähet Penaýewiň gözleri hanasyndan çykara geldi. Sülçi Soltanow silkeläp, onuň enter-pelegini ters öwrüp barýardy.
—Dur-how, zaluwat, dur! Seniň edýäniň näme!—diýip, Sähet Penaýew sülçi Soltanowyň ellerinden ýapyşdy.—Näme aýdypdyryn-how men? Kime näme aýdypdyryn?..
Sülçi Soltanow gahardan saňnyldady:
—Meniň ýalandan öýlenýänimi kime aýtdyň?
—Hiç kime-de aýdamok! Duz ursun!—diýip, Sähet Penaýew çyny bilen aýtdy. Onuň hem gözleri tegelendi.—Näme bilnipmi?
Tejribeli sülçi Soltanow Sähet Penaýewiň nazarlaryndan onuň ýalan sözlemeýänini aňdy. Başlygynyň ýakasyny goýberip, özüni seteran duran oturgyçlaryň birine goýberdi. Uludan dem aldy:
—Gelmeli adam gelmedi...
Sähet Penaýew geň galdy:
—Be... Şeý diýsene... Sen menden başga hiç kime aýdaňokmy syry?
—Diňe aýalyma hem saňa aýdypdym... Aýalym-a öýde oturan aýaldyr-da, kime aýdar öýdýäň?
—A goja bilen gyz bilýämidi?
—Özleri aňmadyk bolsalar, özüm-ä aýtmandym...
Sähet Penaýewem bu ýagdaýa näme jogap berjegini bilmedi:
—Be, bu nähili bolaýd-aý?
Sülçi Soltanow ýerinden turdy:
—Aýalymdanam bir habar tutup gaýdaýyn. Adamçylykdyr...
Sähet Penaýew onuň yzyndan gygyryp galdy:
—Sen goja bilen gyzyna köpräk üns ber!
Sülçi Soltanow aýalynyň gyzaran gözlerinden onuň bütin gije aglap çykanyny aňdy.
—Tentek!—diýip gaharlandy.—Sen bolsa bu zatlar çyndyr öýdüp, aglan bolýaň. Meniň bolsa işim şowuna bolmady...
«Iş şowuna bolmady» diýen söze sülçi Soltanowyň aýaly ziňkildäp gitdi. «Näme boldy?» diýen terzde adamsyna seretdi.
Sülçi Soltanow hiç wagt öýüne «Iş şowuna bolmady» diýen habar bilen gelmändi. Aýaly onuň keýpiniň şeýle çökgün wagtyna-da gabat gelmändi. Onuň mydama keýpi kökdi. Her gezek jenaýat işini tamamlanda: «Daş edendirin» diýip, ýumruklaryny gülçüldedip, stola urardy. Begenip, kiçi ogullaryny ýeke-ekeden ýokaryk götererdi.
—Gelmeli adam gelmedi... Meniň ýalandan öýlenýänimi ol bilipdir...—diýip, sülçi Soltanow pyşyrdady. Soňam aýalynyň ýüzüne soragly bakdy.
—Sen-ä hiç kime aýdan dälsiň?
Sülgün gözlerini tegeläp, elini ýakasyna ýetirdi:
—Wa-eý, daş edewersin! Meniň öýden çykýan wagtym bir barmy?
Adamsynyň hakykatdanam ýalandan öýlenýänine Sülgün onuň häzirki aladasyny görüp, birneme ynandy.
—Waý-eý, diri gelen bolsaň bolýa-la, iş gabyr bolsun!—diýip, pyşyrdady.—Goýbolsun edäýsene şol işi!
—Goýbolsun edip bormy? —diýip, sülçi Soltanow ör-gökden geldi. —Ýogalan ýigitleriň hossarlary ýokaryk arz etseler näme? «Etrabyň sülçüleri işlerini oňaranoklar» diýip, arz etseler gowumy?
—Çaý-suw içjekmi?—diýip, Sülgün soňra gepini başga ýana sowdy.
—Çaý-suw içeýin... Bütin gije aýak üstünde çilim çekip çykdym.
Sülçi Soltanow iýip-içip, keýpini köklänsoň, agşama çenli ýatyp, mazaly ukudan gandy. Soňra agşamara ýene Dawut agalara ýöneldi. Olara iňrik garalyp, çyralar ýanansoň bardy.
Bu agşam hem imi-sala geçdi. Soňkusy agşam hem. Sülçi Soltanow gyzyň daşyna höre-köşe bilen geçdi:
—Bu näme boldugy, Jemile? Men ýene şeýdip, siziň öýüňizi kän garawullamaly bormukam?
Gyz sülçi Soltanowyň göreçlerine dikanlap seretdi. Utanyp ýaňaklary nar ýaly gyzardy.
Sülçi Soltanow onuň bir zat aýtjak bolup utanýanyny aňdy:
—Hany, jigim, maslahat ber, men indi näme edeýin? Eger syryň üstüni açyp bilmesem, men seni türmä ibermesem bolmyýa, bilýäň-ä sen muny! Özüňem şu gezek ähli zady aýdaýyn diýip, söz berdiň...
Jemile tersine öwrüldi... Elleri bilen ýüzüni ýapdy:
—Toýumyza uly il geldi. Il meni siziň aýalyňyz hökmünde tanaýar. Siz bolsaňyz, maňa jigim diýýäňiz...—diýip, Jemile pyşyrdady.
Gyzyň bu sözlerine sülçi Soltanow birhili bolup gitdi.
—Dagy näme—diýip, sülçi Soltanow gyza sowal bilen ýüzlendi.—Eger men saňa hakykatdanam öýlensem... Soň seni kim alar? Meniň bolsa aýalym bar.
Jemile sülçi Soltanowyň ýüregini jigletdi:
—Eger diri galsaňyz, o zatlaryň bir alajy bolar...
—«Diri galsaňyz?» —diýip, sülçi Soltanow gyzyň sözlerini gaýtalady. Bu sözlere endamy dyglap gitdi.—Sen näme, meniň diri galmajagymy bilýämiň?
Gyz onuň bu sowalyna jogap bermedi.
—Siz maňa hakykatdanam öýlenmeseňiz size ölen ýigitleriň syry hiç wagt açylmaz!—diýip, ol gamgyn halda aýtdy.
«Ine saňa gerek bolsa!» diýip, sülçi Soltanow maňlaýyna patlatdy. Aýaly göz öňüne geldi. «Aý» diýip, ony ýadyndan çykarmak üçin, elini silkip goýberdi.
Sülçi Soltanow ilkinji gezek görýän ýaly bolup, gyzyň başyndan aýagyna çenli ser saldy. Onuň öňünde çepiksije göwreli çaga göwresi durdy. «Eý-ho! Bu heniz çaga ahyry! Çaga!» diýip, sülçi Soltanow hopugyp, içini gepletdi. «Men nädip muňa el gatyp bilerin!»
Bu gyzy şeýle horluga sezewar edýäni ýatlap, dişlerini gysdy. «Elime düşäýseň bolýa, edil janyňy alaryn!» diýip, oňa hyýalynda haýbat atdy.
—Meniň saňa hakykatdanam öýlenmegime seniň özüň razymy?—diýip, sülçi Soltanow gyza nebsiniň agyrýanyny mese-mälim bildirip sorady.
—Meniň razylygym-dälligim bilen işiňiz bolmasyn—diýip, gyz şol bir gamgyn halda jogap berdi.—Siz öýlenseňizem özüňiz biliň, öýlenmeseňizem... Ýöne men size ýigitleň ölüminiň syryny nädeniňizde bilip biljekdigiňizi aýdýan...—Gyz şeý diýip, biraz dymdy. Soň ýene dowam etdi. —Men şu zatlaram size juda kynlyk bilen aýtdym... Şondan başga hiç zat aýdyp biljek däl...
«Eý-ho! Eý-ho!» diýip, sülçi Soltanow kellesini tutup pikir öwürdi. «Men nädip bu ýagdaýdan baş alyp çykarkam?»
Pikir ede-pikir ede sülçi Soltanowyň kellesi çişdi gitdi. Çilim baryny çekip, jaýyň içini tüssä gaplady.
Ol gijelerini dik oturyp çykýardy. Oýlanýardy. Ölçerýärdi. Pikir öwürýärdi. Çöp ýalyjak naçar maşgalanyň ömrüni zaýalamak ýaly aýylganç işi üstüne almaga ol özüni hiç taýýarlap bilenokdy. Gyz bilen öwrenişmek üçin ol esli gijesini onuň ýanynda geçirdi. Diňe gündiz öýüne gidip, çaý-çörek iýip gelýärdi.
Öwrenişdigisaýy gyz gözüne has-da owadan görnüp barýardy. Bir gün agşamara ol gyz saçlaryny darap durka geldi. Saçlaryny ýaýyp durmasy gyza has-da gözellik berýärdi.
—Siziň adyňyz Garaşmydy?—diýip, gyz birgeňsi ýylgyrdy-da, sülçi Soltanowdan sorady.—Hemmeler Soltanow diýip ýörensoň, adyňyzam ýatdan çykypdyr.—Gyz sülçi Soltanowyň jogabyna-da garaşman, dowam etdi.—Men-ä size Garaş diýip ýüzlenäýjek.
—Ýüzleniber, ýüzleniber—diýip, sülçi Soltanow göwünjeň jogap berdi.
—Garaş diýýän-ä, siz seretmeşek oýnuny bilýäňizmi?—diýip, hamala dünede gaýgysy ýok ýaly, Jemile sülçi Soltanowa ýene ýylgyryp bakdy.
—O nähili seretmeşek?—diýip, sülçi Soltanow gyzyň bolşuna haýran galdy.
—Seretmeşek-dä! Ine, şeýle—diýip, gyz ýene çaga ýylgyryşy bilen ýylgyrdy-da, saçlaryny ýeňsesine taşlap, üstünden ýaglygyny daňdy, soň sülçi Soltanowyň göni göreçlerine bakdy.—Görejiňi garşydaşyň görejine dikmeli. Ýeke salymda ýüzüňi eýläk-beýläk etmän, kirpikleriňem gymyldatman, tä garşyňdakyny ýeňýänçäň garşydaşyň göreçlerine seredip durmaly.
—Beýdib-ä seredip bilerin!—diýip sülçi Soltanow onuň bolşuna eýerdi. Gyzyň göreçlerine göreçlerini dikdi.
—Ýylgyrmak, geplemek bolmaýar. Gaharlyrak bolmaly—diýip, Jemile sülçi Soltanowyň göreçlerine seredip durşuna oýnunyň ýagdaýyny düşündirýärdi.—Gaharlyrak! Ýene gaharlyrak! Ýene!
Ikisi şeýdip, uzak seredişdiler. Ahyry sülçi Soltanowyň gözleri awuşap, ýaşaryp ugrady. Göreçleri ýadady.
—Serediber, gözüňi aýyrma!—diýip, Jemile onuň bolşuny görüp, çyny bilen gaharlandy. Birdenem—Gaharly diýýän!—diýip, şeýle bir çirkin gygyryp goýberdi welin, sülçi Soltanowyň ini düýrügip gitdi.
—Saňa näme boldy, Jemile?—diýip, sülçi Soltanow nädip gyzyň ýanyna baranyny duýmady. Onuň ellerinden tutdy.
Jemile sülçi Soltanowy itip goýberdi. Onuň badyna sülçi Soltanow arkanlygyna ýykylyp gitdi. Gyz bolsa aglamaga durdy.
«Şu gyz diýsem-diýmesem, däli bolaýmasa» diýip, sülçi Soltanow içini gepletdi. «Bir görseň, aglap dur, bir görseň, gülüp».
Dälidir öýdüp pikir etse-de, gyzyň däliligine sülçi Soltanowyň ynanasy gelmedi. Sebäbi gyzyň gepi-sözi ýerbe-erdi.
—Saňa näme boly, Jemile?—diýip, sülçi Soltanow ýerinden turup, ýene gyza ýakynlaşdy.—Näme aglaýaň?
—Siz gidiň Garaş, maňa öýlenmäňem. Bu bolşuňyza, siz barybir ölersiňiz! —diýip, Jemile horkuldap aglady. —Men bilýän, siz ölersiňiz! Siz batyr däl ekeniňiz!
—Kim meni öldürer?—diýip, sülçi Soltanow «Gyz jany ýanyp durka, syry açaýmazmyka?» diýen niýet bilen ondan sorady.
—Görersiň öljek wagtyň!—diýip, gyz aglap durşuna indi «sen» diýip geplemäge başlady.—Men bilýän, ol seni hökman öldürer!
—Kim ol meni öldürjek, Jemile jan, aýdaý!—diýip, sülçi Soltanow gyza delmurdy. Onuň garşysynda dyza çökdi.—Aýdaý diýýän.
Gyz aglamasyny goýup, eliniň ýeňsesi bilen gözýaşlaryny süpürdi.
—Aýtjak däl!—diýip, öýkeli seslendi.
—Jemile jan, seretmeşekde ýeňleni-eňeni bilen adamyň batyrmy-däldigini kesgitläp bolmaz—diýip, sülçi Soltanow ýene gyzy köşeşdirmäge durdy.—Duşmany gören wagty adama şeýle bir güýç gelýändir. Sen ýöne goýaý!
Jemiläniň birneme ýüzi açyldy:
—Şeýlemi?
—Hawa...
—Onda sen garşyňda kim dursa-da ýeňermiň?
—Hökman!
—Ynanýaňmy şoňa!
—Ynanmasam, aýtjakmy!
Jemile dymdy. Daşarda tümlük höküm sürýärdi. Töwerek dym-dyrslykdy.
Jemile sülçi Soltanowyň jübülerinden pistoletdir pyçagyny çykaryp, beýleki jaýa äkidip geldi.
—Olary näme üçin äkidýäň?—diýip, sülçi Soltanow geň galdy.
—Olaryň saňa geregi ýok. Olar saňa diňe zyýan eder—diýip, gyz biperwaý aýtdy.
«Bi meni ýaragsyzlandyryp, işimi görjek bolýa öýdýän» diýip, sülçi Soltanow gyz hakda pikir öwürdi. Özüni goramak üçin ekabyrlandy:
—Bize ýaragy aýry ýerde goýmak bolmaýar. Getir olary—diýip, gyza ýüzlendi.
—Olaryň saňa geregi ýok—diýip, gyz ýene öňki diýenlerini gaýtalady. Sussy peslendi.—Şirmyrat hem ýarag ulanypdy, ýadyňa düşýän bolsa, ol barybir öldi...
Gyzyň bu sözlerine sülçi Soltanowyň ýene ini dyglap gitdi. Üstünden sowuk suw guýlan ýaly boldy. Ol şu pursat özüniň şeýle gorkan gezegini ýadyna düşürip bilmedi.
Gyz öz habary bilen onuň bükgüldisini artdyrdy:
—Ol şu gije geler...
Sülçi Soltanow başa-baş söweşe taýýarlanýan ýaly tolgundy. Geplände öz sesini tanamady:
—Sen ony nireden bilýäň, Jemile?
—Ýüregim syzýa... Seniň bolşuňdan duýýan... Şu gün seniň maňa bolan duýgyň üýtgäp ugrady... Sen meni erbet göreňok...
«Bu näme boldugyka Alla jan?» diýip, içini gepletdi-de, sülçi Soltanow maňlaýyny tutup, özüni ýere goýberdi. Jemile ýerine geçip ýatdy. Ol gözlerini süzüp, birgeňsi bolup ýatyrdy. Özem ymyzganyp barýardy.
Sülçi gyza seredip oturyşyna kän wagty geçirdi. Beýnisinde birsyhly: «Näme bolsa, şol bolsun, şu gün synanyş, synanyş!» diýen pikir at çapýardy. Hatda kimdir biri: «Synanyş! Synanyş!» diýip, gulagyna-da çawuş çakyp duran ýalydy. «Synanyş! Synanyş! Synanyş!»
Sülçi Soltanow turup gyzyň ýatan diwanynyň ýanyna bardy. Gyzyň gapdalyndaky boş ýerde süýnmek isledi.
Jemile alasarmyklykda ellerini kelemenletdi:
—Bu ýerde ýatma! Munuň eýesi bar!
Sülçi Soltanowyň ýene ýüregi dyglap gitdi:
—Kim ol?
—Häzir görersiň. Ol seni öldürer! Iň gowusy git! Menem türmä basma-da, işi ýapaý-da! Meniň saňa ýüregim awaýa, Garaş...
Sülçi Soltanow gyz alasarmyklykda samraýandyr öýtdi. Şeýle-de bolsa, onuň sözleri sülçiniň ýüregini jigletdi. Özem ol «Garaş» diýen sözüniň «ş» harpyny şeýle bir basyp aýtdy welin, misli zemzeniň haşşyldysy ýalydy.
Daşaryk seretdi. Јpişgäniň aňyrsy gap-garady. Tümlükdi... Sülçi Soltanowyň göwnüne bolmasa, äpişgäniň aňyrsynda bir gara göwre gymyldan ýaly boldy.
Sülçi Soltanow özüne erk etmäge çalyşdy. «Gorkmaly däl, gorkmaly däl!» diýip, içinden gaýtalady. Jemiläniň ýanyna baryp, onuň maňlaý saçlaryny sypaşdyrdy. Soňra pökgi dodaklaryny gyzyň näzijek dodaklaryna ýetirdi. Sülçi Soltanowyň bu bolşuna gyz böwrüne pyçak goýlan mekejin kimin «jy-yk!» edip, şeýle bir gygyrdy welin, sülçi Soltanow nädip ondan daşlaşanynam duýman galdy. Gyzyň çyrlamasy ýürek ýargynçdy.
—Be, Jemile, bolşuň nähili seň!—diýip, sülçi Soltanow gyzy oýarmaga çalşyp, onuň egninden tutup, silkeledi.
—Silkeleme, men oýa!—diýip, gyz pyşyrdady. —Gözümi açyp bilemok. Çyrany söndür!
Sülçi Soltanow çyrany söndürdi. Otag tüm-garaňky boldy. Gyz «haş-haş» edip dem alýardy. Ýöne näme üçindir bu haşşyldy çepiksije gyzyň däl-de, uzak ýoldan ylgap, daljygyp gelen erkek kişiniňki ýaly zarply eşidilýärdi.
—Haşşşş! Haşşşş!
Sülçi Soltanow tolgunyp, nämedir bir erbetlige garaşmadan bizar boldy. Ol «näme bolsa, şo bolsuna» salyp çykaryndy-da, Jemiläni bagryna basyp, çyny bilen ysgaşdyryp ugrady. Näzijek gyz demine, gaýmak çalnan ýaly imrigip ugrady.
Şol pursat ilki takyr-tukur, düňküldi eşidildi. Bu takyrdylary sülçi Soltanow Dawut agadan gördi. «Ertire sag-aman çyksam bolýa. Sen garryny äkiderin-de gabaryn. Gaýdyp atam barsa-da goýbermen! Belanyň körügi sende bolmaly» diýip, sülçi Soltanow öz ýanyndan Dawut aga hyýalynda haýbat atdy.
Birdenem, Jemiläniň gapdalyndaky boş ýerde kiçijik, ýöne ýitije çyra ýanan ýaly ýylpyldy peýda boldy. Jemile:
—Wa-aý!—diýip, ýürek ýargynç ses bilen gygyrdy.
Kimdir biri wagşyldadyp aýna urdy. Sülçi Soltanow böküp ýere düşdi. Aýnanyň wagşyldysy bilen bile «A-a-a! A-a-a!» edip, zähre ýaryp barýan ses bilen gygyrýan, ýogyn sesli erkek kişiniň sesi eşidilip ugrady. Jemile yzyny üzmän waýlaýardy. Üýn alşar ýaly bolmady...
Sülçi Soltanowyň gabat garşysynda gar adamsyna çalym edip duran erkek kişiniň göwresi peýda boldy. Onuň gözleri ýitije çyra kimin yşyk saçýardy. Ýüz-gözi, döşleri, elleri-aýaklary durşuna tüýdi. Possuny çöwre geýen ýalydy. Birsyhly arlap aljyradyp alyp barýardy. Iki ellerini öňe uzadyp, sülçi Soltanowy bogmaga synanyşýardy. Jemile-de onuň bilen bilelikde çyrlaýardy.
Sülçi Soltanow näme etjegini bilmedi. Aljyraýardy. Јhli zat ýeke sekundyň içinde bolup geçdi.
—EÝe! Jemiläniň eýesi bar!—diýip, ol kime diýýäninem bilmän, gorkudan aglap duran ýaly gygyrdy. Sebäbi, ol eýe hakda eşitse-de, heniz sataşyp görmändi. Dünede eýe baryna ynananokdam.
—Onuň diňe gözlerine seret, sülçi—diýip, Jemile çyrlap gygyrdy.—Gorksaň ölersiň! Gorkman, onuň howuny ba-as!
Tüýli zadyň sülçi Soltanowa uzan eliniň biri Jemiläniň agzyna gülçüldäp degdi. Şol pursat Jemiläniň sesi sem boldy.
Soňra tüýlek zat ýene iki elini sülçi Soltanowyň boýunlaryna tarap uzadyp, ony bogmak üçin öňe süýşüp ugrady. Sülçi Soltanow Jemiläniň aýdyşy ýaly, onuň diňe göreçlerine bakýardy. Özem şeýle bir gazap bilen bakýardy welin, gözünde oky bolsa atarlydy. Düýt-müýt edip, onuň etini çeýnäesi gelýärdi.
Sülçi Soltanowyň gazaby artdygysaýy tüýlek zat yza tesip ugrady. Özem baş bererli däldi. Birsyhly elini öňe uzadyp, ýürek ýargynç arlaýardy.
Tüýlek zada serede-serede, sülçi Soltanowyň kelle damarlary saňgaty boldy. Tüýlek zat arlap-arlap, ahyry arkasyny diwara berdi. Soň bolsa, ýuwaş-ýuwaşdan diwaryň içine siňdi gitdi... Gözden gaýyp boldy. Sesem galdy.
Sülçi Soltanowyň endam-jany gara suwdy. Ysgyn-mydary gaçypdy. Ýüregi dükürdäp, agzyndan çykaýjak bolup urunýardy. Ol demi ýetmän, dilini sallap, haslap durşuna eli bilen sermäp, çyranyň düwmesini tapdy. Ony süem barmagy bilen basyp goýberdi. Içeri ýagtyldy. Sülçi Soltanowyň endamyndan bar güýji giden ýalydy. Mejaly ýokdy. Ysgynsyz halda özüni ýere goýberdi. Arkanlygyna ýykyldy. Ol çyra ýagtysyna agzyndan ak köpük saçyp, süýnüp ýatan Jemiläni gördi. Ýöne onuň ýanyna baryp, gyzyň halyndan habar almaga ýagdaýy ýokdy. Misli göwresi diýen etmeýän ýalydy.
Gapynyň güýçli urulýanyny, Dawut aga bilen Näzik daýzanyň:
—Jemile, sülçi! Gapyny açyň! —diýip, gygyrýan sesini eşidýärdi. Ýöne ýerinden galyp bilenokdy. Özem şol pursatda «Indi bu zatlary aýdaňda kim ynanar? Adamlarda dünede şeýle zatlaryň baryna ynam goýdularmy näme!» diýip, ýüregini agladyp, zarynlady. «Eger Jemile ölen bolsa, indi onuň ölüminem hökman menden görerler!»
Sülçiniň diýşi ýaly boldy. Dawut aga bilen Näzik daýza gapyny palta bilen ura-ura, ahyry ýykyp, içerik girdiler. Ikisem bir bada agzyndan ak köpük saçyp, dem-düýtsüz ýatan Jemilä topulyp zarynladylar.
—Waý, balam! Saňa näme bold-eý?
Näzik daýza Jemiläniň üstüne özüni goýberdi. Dawut aga bolsa çyp-ýalaňaç ýatan sülçi Soltanowyň üstüne atlanyp, ony ysgynsyzja elleri bilen bogmaga başlady:
—Gyzymy sen öldürdiňmi-i?..