HUKUKKÖMEGI
07.06.2022 07:08
Türkmenistanyň raýatlaryna pyýadalaryň ýol hereketiniň kadalaryny bozmagy üçin jerimeler kesgitlenildi



Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi raýatlara pyýadalaryň ýol hereketiniň kadalaryny bozmagy we onuň jerimeleri barada habar berýän bildiriş kagyzlaryny köpçülikleýin mälim etdi.

Hususan-da, düzgün-tertibiň berjaý edilişine gözegçilik edýän işgärler paýtagtyň we welaýatlaryň ýaşaýjylaryny ýol hereketiniň kadalaryna laýyklykda, pyýada geçelgelerinden, şol sanda ýerasty we ýerüsti geçelge ýerlerinden geçmegi berk berjaý etmäge çagyrýarlar.

11-nji maýda Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň güýje girizilendigini ýatladýarys.

Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 231-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda, pyýadalaryň ýol hereketiniň düzgünleşdiriji duýdurmasyna boýun egmezligi ýa-da bellenilmedik (geçmesiz) ýerlerde ýoluň gatnalýan böleginden geçmegi, mopedleri, welosipedleri we gaýry hereket serişdelerini dolandyrýan adamlaryň, arabakeşleriň hem-de ýoldan peýdalanýan beýleki adamlaryň ýol hereketini düzgünleşdiriji duýduryjylara boýun egmezligi, hereketde ilkinjiligi görkezýän, gadagan ediji ýa-da buýruk beriji ýol belgileriniň talaplaryny berjaý etmezligi üçin 40 manat möçberde jerime kesgitlenilýär.

Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmasy üçin administratiw temmisi ulanylandan soň onuň alty aýyň dowamynda gaýtadan edilmegi üçin 100 manat möçberinde jerime salynýar.

On alty ýaşa ýetmedik ýetginjek pyýadalaryň ýol hereketiniň kadalaryny bozmagy üçin ata-enelerine ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara jerime salynýar. Bu ýagdaýda 358-nji maddanyň 4-nji bölegine laýyklykda, düzgüniň birinji gezek bozulmagy üçin 40 manat jerime tölegi tölenýär.
6
77
zumerret_
13 Oktýabr 2024
Şul agza gitmeli daldi . Gelmezmika yene
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.