HUKUKKÖMEGI
01.06.2022 00:22
OGURLUK TALANCYLYK GARAKCYK
Ýönek sözlik: MYSAL Bir adamynyn öninde duran emlagini özi bilmezden almak ogurluk bolyar, Birinin emlagini serdip duran wagty alsan onda talancylyk bolyar, Egerde birinin emlagini elinden ganyryp alasan onda ol garakcylyk bolya.
Bellik: ogurluk edenin usti acylmanka ogurlukda ogurlanan emlagi meyletin dolylygna eyesine getirmegi we cyn yurekden okunmegi jenayat jogapkarcilikden bolaşadyp bilner. Egerde basga jenayatyn alamaty yok bolsa.


TÜrkmenistanyñ JK 227 madda OGURLYK
   (1) Ogurlyk edene, ýagny, başga biriniň emlägini gizlinlik bilen ogurlana,
   zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan ellisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

   (2) Şu aşakdaky ýagdaýlarda ogurlyk edene:
   a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen bolsa;
   b) gaýtadan;
   ç) ýaşaýyş jaýyna, başga jaýa ýa-da zat saklanylýan jaýa girilip ogurlyk edilen bolsa;
   d) edilen ogurlyk raýata ep-esli möçberde zyýan ýetiren bolsa,
   emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

   (3) Şeýle ýagdaýlarda ogurlyk edene:
   a) uly möçberde zyýan ýetirmek bilen;
   b) guramaçylykly topar tarapyndan ogurlyk edilen bolsa, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, alty ýyldan on iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

   (4) Şular ýaly ýagdaýda ogurlyk edene:
   a) aýratyn uly möçberde zyýan ýetirmek bilen;
   b) jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan ogurlyk edene,
   emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

   Bellikler.
   1. Şu Kodeksiň maddalarynda ogurlyk diýlip, kesekiniň emläginiň kada-düzgüne ters ýol bilen mugt alynmagyna we (ýa-da) günäkäriň ýa-da başga adamlaryň peýdasyna geçirilmegine, betnebislik maksatlary bilen amala aşyrylyp, hususyýetçä ýa-da şol emlägiň başga eýesine zyýan ýetirilmegine düşünilýär.
   2. Şu babyň maddalarynda görkezilen emlägiň uly möçberi diýlip, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýüzüsinden geçýän emlägiň bahasy; aýratyn uly möçberi diýlip bolsa, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň iki ýüzüsinden geçýän emlägiň bahasy hasap edilýär.
   Ýetirilen zyýanyň möçberi hasaplanylan mahalynda zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberi diýlip, jenaýat edilen pursatyna çenli Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen iş hakynyň ortaça derejesine düşünilýär, uzaga çeken we dowam edýän jenaýatlar boýunça bolsa, degişlilikde jenaýatçylykly hereketiň gutaran pursatyna çenli ýa-da iň soňky jenaýat edilen pursata çenli kanun tarapyndan bellenilen iş hakynyň ortaça derejesine düşünilýär.
   3. Şu Kodeksiň 227-233 maddalarynda gaýtadan edilen jenaýat diýlip, şu maddalarda göz öňünde tutulan jenaýatlardan birini ýa-da birnäçesini ozal eden adam tarapyndan edilen jenaýat hasap edilýär, şeýle hem şu Kodeksiň garakçylyk üçin, radioaktiw materiallaryny ogurlamak ýa-da gorkuzyp almak, ýaragy, ok-därileri, partlaýjy maddalary ýa-da partladyş enjamlaryny ogurlamak ýa-da gorkuzyp almak, neşe serişdeleri ýa-da psihotropiýa maddalaryny ogurlamak ýa-da gorkuzyp almak üçin jogapkärçiligi göz öňünde tutýan maddalardaky jenaýatlardan birini ozal eden adam tarapyndan edilen jenaýat hasap edilýär.




Türkmenistanyň JK 230 madda TALAŇÇYLYK


Talaňçylyk
   (1) Talaňçylyk edene, ýagny, kesekiniň emlägini aç-açan ogurlana,
   bir ýyldan iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

   (2) Şu aşakdaky ýagdaýlarda talaňçylyk edene:
   a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen bolsa;
   b) gaýtadan;
   ç) ýaşaýyş jaýyna, başga jaýa ýa-da zat saklanylýan jaýa girmek bilen;
   d) jebir çeken adamyň ömri ýa-da saglygy üçin howply bolmadyk zorlugy ulanmak bilen ýa-da şeýle zorlugy ulanmak howpuny salmak bilen;
   e) raýata ep-esli möçberde zyýan ýetirmek bilen edilen bolsa,
   emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

   (3) Talaňçylyk şular ýaly ýagdaýlarda amala aşyrylanda:
   a) uly möçberde;
   b) guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,
   emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, alty ýyldan on iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

   (4) Şu aşakdaky ýagdaýlarda talaňçylyk amala aşyrylanda:
   a) aýratyn uly möçberde zyýan ýetirmek bilen;
   b) jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan,
   emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.




TÜRKMENISTANYÑ JK 231 madda GARAGCYLYK
Garakçylyk
   (1) Başga biriniň emlägini almak maksady bilen, adamyň jany üçin ýa-da saglygy üçin howply bolan zorlugy ulanmak ýa-da şeýle zorlugy ulanmak howpuny salmak bilen birlikde çozuş (garakçylyk) edene,
   emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

   (2) Amala aşyrylan garakçylyk:
   a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;
   b) ýaşaýyş jaýyna, başga jaýa ýa-da zat saklanylýan jaýa girmek bilen;
   ç) ýarag ulanmak ýa-da ýarag hökmünde başga zatlary ulanmak arkaly;
   d) gaýtadan;
   e) rayata ep-esli möçberde zyýan ýetirmek bilen edilen bolsa, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

   (3) Şu aşakdaky ýagdaýlarda garakçylyk amala aşyrylanda:
   a) uly möçberli zyýan ýetirmek bilen;
   b) guramaçylykly topar tarapyndan garakçylyk edilen bolsa,
   emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, alty ýyldan on iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

   (4) Şular ýaly ýagdaýlarda garakçylyk edilende:
   a) aýratyn uly möçberde zyýan ýetirmek bilen;
   b) jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan;
   ç) jebir çekeniň saglygyna agyr şikes ýetirmek bilen garakçylyk edilen bolsa,
   emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilyar
8
122
HUKUKKÖMEGI
1 Iýun 2022
JENAYATA ADMINSTRAIWA DUSYAN YAS BAR. YASY YETMESE BOLANOK
Keremaly.
1 Iýun 2022
HUKUKKÖMEGI, Hmm . töhmet atanlygy sebaplı yaralanan kışı hem jerıme aldy . Karoçı ıkı tarap hem jerıme aldy . Bu kışıler yetgınjek yaşyna yetmedık okuwçy
HUKUKKÖMEGI
1 Iýun 2022
OGURLUK TOHMETINI ATYAN BOLSA OGURANDYGYNY SUBUTNANA BOLMASA ONA KANUNY CARE GORUP BOLMAZ.

Islendik jenayat edendigi barada subutnamalar bilen tassygyny tapmasa ol adam azat
Keremaly.
1 Iýun 2022
HUKUKKÖMEGI, yaralanan kışı garşydaş günala ogyrlyk töhmet atyar . Hemde ol kışınınarz edıp fızıkı şıkesın üstıne ogyrlyk etdı (zadymy ogyrlady) dıyıp töhmet atyar . Töhmet atyanlygyny tassyklajak delıl yok yöne şayat bar .
HUKUKKÖMEGI
1 Iýun 2022
Ogurluk yapylyan tohmet atylyan barda aydayynmy
Keremaly.
1 Iýun 2022
HUKUKKÖMEGI,tassyk hökmınde şol zadyn alynmadygy töhmetlıgını tassyklajak şayatlar bar şayat garyndaş dal .
Keremaly.
1 Iýun 2022
Yaralanan şahs garşy tarapdaky günala ogurlyk töhmetını atsa ıkı tarap hem jeza göryamı.....Yaralanan şahs ılkı garşydaş günalını arz eden !
Aladdin👻
1 Iýun 2022
Isinde ustunluk👌
perizadym
1 Iýun 2022
👍👍👍👍👏
unknown_12
1 Iýun 2022
👍👍👍👍👍👏👏👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.