SENIÑ ÜSTÜÑDE
Ýykylmyş şährimiz heniz oturmyş.
Niçe horluk gördük seniň üstüňde.
Ölenler ozdurdy, galan ne gördi.
Köp jepalar çekdik seniň üstüňde.
Bir musallat geldi jahany alyp.
Bir maslahat tapmadylar il bolup.
On bäş gün gan akdy misli sil bolup.
Niçäni baýdyrdyk seniň üstüňde.
Nurberdi han gol ýeterden daş boldy.
Berdimyrat han uly ile baş boldy.
Gökdepäň üstünde çyn söweş boldy.
Niçe horluk gördük seniň üstüňde.
Ýegenäniň kärizine gelensoň.
Ondan soňra Ýaňgalany alansoň.
Aý tutuldy Berdi kary ölensoň.
Aý, gün ýas baglady seniň üstüňde.
Her ýaga ýanaşsaň belent bagt bilen.
Kesgir gylyç, bedew arap at bilen.
Gara batyr ötdi saý ýigit bilen.
Niçeler jan berdi seniň üstüňde.
Nedir daşaýakdyr ýygynyň güli.
Amanşa söýünhan baryndan uly.
Annamämmet keçe, Öwlüýäguly.
Olary aldyrdyk seniň üstüňde.
Hanmämmet atalyk, Orazmät hany.
Illerniň üstünde perwazdy jany.
Ol ärleriň hemra bolsun imany.
Olaram aldyrdyk seniň üstüňde.
Öwezmyrat Dykma inip jahana.
Kürdüstany getirmişdi amana.
Söweş güni deger her biri ona.
Niçäni aldyrdyk seniň üstüňde.
Bu işler iş däldir, belli zyýanlar.
Oňa gulak salmaz akly nadanlar.
Meýlisde dalaşan sermest ýigitler.
Olary aldyrdyk seniň üstüňde.
Niçesiniň allanäme geregi.
Niçesiniň gara bagry ýaraly.
Şol zalymyň görülmedik ýaragy.
Ulug dawa gurduk seniň üstüňde.
Ejizlermiz saçyn ýaýyp aglady.
Hudaý urdy, pygamberler gargady.
Ýigrim üçi, duşenbe gün dargady.
Köp jepalar çekdik seniň üstüňde.
Kätibi diýr galdyk ah bilen dada.
Ryswa bolduk biz ýakyna-ýada.
Hemmesi hyrlyly bäş müň pyýada.
Olary aldyrdyk seniň üstüňde.
Öweztagan KÄTIBI.