Gussam
Gussam
31.07.2022 05:32
Hemmä üstünlik !!!
Gussam
Gussam
29.07.2022 21:11
“Sen ýok. Bir gün gadryň biliner…” (aýdymdan) Sen ýok — gadryň hut şu wagtdan bilinýär… Sen ýok — günler goňras reňke boýandy. Jübütlere hemdem bolan Aý solup, Guşlar eýýäm öňküden giç oýandy. Sen
Gussam
28.07.2022 23:23
Ykbal aýralyga duş etse eger,
Zaman bir pursatlyk dymar gidenňe.
Kalbyňda şeýle bir ünji döreder,
Diňe yza galar ejiz bedende.

Gitdiň sen ... Umydym arzuwym bilen
Soldy bahardaky gülleriň bary.
Älemgoşar görünmedi asmanda,
Indi ýagyşlaram ýagmajak ýaly.

Gözledim. Men seni uzak gözledim.
Tapdym ýatlamadan ajap gülkiňi
Göz ýetirdim şonda aýralyk däl-de,
Seni mydam ýatlap ýörmek iň kyny

Näbelli gahrymandan ;)
14
81
Gussam
16.07.2022 16:48
ÝYGNA ÝELKENLERI…
«Meniň dünýäm başga, seniňki başga…»,
Diýip, ýüregime salma agyry.
Ylhamym, galamym – sen ilki başda,
Ýygna ýelkenleri, salla labyry.

…Alma-da yzyna tüýküligiňi,
Gaýdyp ber yzyna düýnküligimi.
11
115
Gussam
Gussam
07.07.2022 00:35
Köşeşdirjek bolma, degme aglaýyn Adamyny güýçlendirýär agyry. Gussa ýagyşyna ezildim biraz, Ýagyş hemmäň üstin ezýär ahyry. Köşeşdirjek bolma, degme aglaýyn Degme şatlyk meni biraz terk etsin
Gussam
06.07.2022 20:17
Salam Öwrenmeliniň işjeň we agzybir agzalary! Armaň onnoň!.. Hal ýagdaý şoroşmadygyma meň bilen sögüşjek bolup azara galmaň sögüşmem☺️, çünki öz ýanymdan ýagdaýlaryňyz hemişeki ýaly ajaýypdyr diýip pikir etdim 😌.
Agzalar, sizlerden bir haýyşym bardy eger kyn görmeseňiz . Maňa Kerim Gurbannepesowyň
,,Toý gutlagy" diýen goşgusy gerekdi, tapamok. Şony bilýäniňiz bar bolsa meniň postuma teswir galdyraýyňda haýyş edýän.
Oýlanma baýry, Menzil goşgular ýygyndylarynda ýok. Kerim agaň daşy syýa reňkli ,,saýlanan goşgular" diýen kitabynda bar diňeje. Ol kitap hem mende ýok. Googla gözletsem hem Facebook dan çykýarmy alyp bilemok 🤦🏻‍♀️. ,,Internede tejribesiz bolsaň şo borda dagam" diýip alyp berersiňiz diýen tama edýänlerim hem ýokdäl içiňizde😌.

Goşguçylar, Kerim agaň muşdaklary siz bilýänsiňizemle şo goşgyny gözleşdirip göräýiň :)).

Goşgy şeýle başlanýar:

Çary gardaş saýlap alan dildaryň
Gollary hünärli, kuwwatly bolsun.
Bar arzuwy bolsun seniň didaryň,
Didaryň görende ganatly bolsun.

Taňryýalkasyn 😌.

5
100
Gussam
29.06.2022 19:30
Agzalar içiňizde daşary ýurt nomerinden imo açyp bilýäniňiz barmy ?

Kömegiňiz gerekdi.
2
84
Gussam
28.06.2022 16:20
Kitaphonlar size sorag :)

Özüňiziň şahsy kitaphanaňyzda jemi näçe kitabyňyz bar :)?

* Elektron kitaplar däl, žiwoý kitaplary diýýän :)
11
268
Gussam
Gussam
27.06.2022 09:54
Öwrenmeliniň agzalary barada: «Mеn hiç kim bаrаdа erbеt zаt аýdyp biljеk däl, ýönе hеr kim bаrаdа bilýän gowy zаtlаrymy wеlin gürrüň bеrmägе tаýyn»😌 (Bеnjаmin Frаnklin) Teswirleri we postlary okap
Gussam
Gussam
26.06.2022 06:53
Sähel zada ejizleýän, Men bir sada görgüliň. Geldim, ýene huzuryňa Bütin ömür bergilim. Sen dälmidiň çaga wagtym Aglanymda köşeşdirip, Sen dälmidiň örüm saçym Emaý bilen çözleşdirip, , Entäk-entäk