Gussam
07.07.2022 00:35
Köşeşdirjek bolma, degme aglaýyn
Adamyny güýçlendirýär agyry.
Gussa ýagyşyna ezildim biraz,
Ýagyş hemmäň üstin ezýär ahyry.

Köşeşdirjek bolma, degme aglaýyn
Degme şatlyk meni biraz terk etsin
Ýalandan ýylgyryp ýadydym juda
Ýüregimem öz erkine emr etsin

Köşeşdirjek bolma, degme aglaýyn
Öz ýalňyşym özüm bilerim ýaly
Hemem ykbal eçilende serpaýyn
Bagtyň gadryn has hem bilerim ýaly

Köşeşdirme ýenem bir az aglaýyn
Hem sorama gözýaşymyň sebäbin!
11
99
gulshatayewa97
7 Iýul 2022
Atayeva,gowy goşgy sulam😢
Gussam
7 Iýul 2022
Ayjennet, Henizem namazlygyň bary ýogsa dertli başymyzy nirä goýardyk ...
Ayjennet
7 Iýul 2022
Henizem göz ýaş bn derdimizi egisýäs. Eger göz ýaş ýok bolan bolsa näderdik....?
Gussam
7 Iýul 2022
Milaya_🌺, 👍
perizadym
7 Iýul 2022
Aglama gyz , galdyr başyñy , ýere garap durma süpür ýaşyñy...
Myrataly
7 Iýul 2022
Gussam,👍 dowam
Gussam
7 Iýul 2022
Myrataly, men.

Atayeva, 👍👍👍
Myrataly
7 Iýul 2022
Awtory kimkA
Gussam
7 Iýul 2022
Ahally_men, :) 👍
Ahally_men
7 Iýul 2022
Zenandan hijem sorama agysynyň sebäbin...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.