Gussam
27.06.2022 09:54
Öwrenmeliniň agzalary barada:

«Mеn hiç kim bаrаdа erbеt zаt аýdyp biljеk däl, ýönе hеr kim bаrаdа bilýän gowy zаtlаrymy wеlin gürrüň bеrmägе tаýyn»😌
(Bеnjаmin Frаnklin)

Teswirleri we postlary okap sizleri tanaýşym barada gysgaça ýazjak bollum 😌.

Öwrenmeli app - Iller 7 ölçäp kesýän bolsa, şu agamyz 77777 gezek ölçäp kesýärow :) 🤓

Zoluşga - Eger Gurbannazar Ezizow häzir bar bolanynda şu gyzy görip :
,,Seni tanap göz ýetirdim bir zada,
Birkemsiz gözel bar eken dünýade " diýjegini anyk bilýän :) 💞

Ylham Gurbanalyýew - Dogrymdan gelsem mende iň güýçli täsir galdyran agza. Sebäbi täze agza wagtlarym 40 ýaşyndan geçen şahyrdyr öýtdüm goşgulyryny okap, manysy gowy bolansoň şeýle netijä gellim öýdýän ters düşünmäň, adamçylygynyň özi bir mekdep tüweleme. Onnaňam şu şahyrmyzyň Dzly bolanyna buýsanýan diňe men dälmikäm diýýän ... (Öwgüni gowja ýetireýinle zýoma ;) )📜

Peri- Ýüregimiň üstünden aýakýalaň geçip gidýän agza... Bir Dana akyldar adamyň ýandepderçesi ýaly şu gyz, iň saýlama jümleler şundan çykýar :) 📚

Şamko - Içimiziň iň şadyýan agzalarynyň Kerbenbaşysydygyna garamazdan soňky wagtlar Şamyrady görüp K.Gurbannepesowyň ,,Kombizonly ýigit" goşgusy ýadyma düşýär (bir gyza aşyk bolupdyr öýdýän :) )🕶️

Papinadoçka - Pespällik diýlende şu agza göz önüme gelýär dogrusy :) 🥰

Poet - Allajan şu şahyrymyzam Dzly bolup çykaýsynda diýip diläp ýörün goşgularyny okap :)📜

Gülhan - Kerim Gurbannepesow goşgylarynda taryp eden : ýüz ýyldan bir gezek dogulýan gyz şudyrow :)🌷

Perman. - Awstraliýa materigi ýaly tutuş özi bir dünýä şu agamyzyňam, tebigaty hem şeýle beýleki materiklerde duşmaýan häsiýetleri bar. Käte düşünmän bärden gaýtsaň musson klimaty (materigiň gyra çetlerindäki möwsümleýin ýeller) agdyklyk edýär , a has içgin bardygyň saýy maýyl we yssy howa aralaşýaň. Özem bu materikde bulutlar gözýaş dökmeýärler :) 🏞️

Myrataly - hakykatçyl we adalatçyl ynsan, onnan daşary synçylygy bilen mende uly täsir galdyrdy diýsem ýalňyşmaryn 😌☺️

Gülşat Ataýewa - Kerim aga aýtmyşlaýyn :
,,Ýagşyny wasp etmek şahyra adat,
Ýok adatam däl hökmanlardandyr.
Gelinler içinde gördüm bir apat,
Ýok apatam oňa gurbanlardandyr!..🌷

D.S - Özüni tanytmany halka ýagşylyk edýän demir sowutly rytsara meňzeýär :) 🗽

Crazy - Şu agza maňa näme üçin ýaraýandygyny bilemok ýöne Ummanyň düýbündäki Merjen daşjagazlary ýaly, beýle gyzy görip :
,, ...Tapaýmarsyn-tapaýmarsyn bir otursaň gapdalynda aňsatlykça gopaýmarsyň" diýilen setir ýadyma düşdi :) 😊

Idiallider - Başardygyndan Idial bolmaga çalyşýan agamyz, hatda teswirlerinde-de iň bärkisi dyngy belgilerdenem ýalňyşlyk tapaýmarsyn, jümleleri çylşyrymly arifmetikany ýada salýan bolsa-da çözmäniň ugruny tapsaň gyzykly :)🤓

Guli - Pikirimçe iň mähirli ýürek eýesi, sebäbi çalt gaharlanýan ynsanlar aslynda iň mähriban we erbetligi başarmaýan ynsanlardyr diýip okapdym psihologiýada :)❤️

Arslan Ýazly - adamyny gülki bilen bejerýän lukman agamyz, Lukmanlara bol ýermikä diýýän bärsi sanasam sogaby känää
(hawa bolowörsin lukmanlaryň köplügi biziň peýdamyza :) )👨🏻‍⚕️

Dusia - wsem Tanaýan lukmanlarmyň içinde gerek bolsada - bolmasa-da mugtuna maslahat berýän ýeketäk janköýer .
Ýok, dur hany ak halatly perişde diýäýinle gowsy men (Süýji söze gytlyk ýoga) )👩🏻‍⚕️

Şahyrlarwemen - Gurbannazar Ezizowyň (sungat) goşgusyndaky ,, Öz özüni ýonup ýörýän " agza şu bolsa gerek :)📜

Milaýa 🌺 - manyly teswirlerini okap ,, şu gyz žurnalistmikä " diýip pikir edýän diňe menmikäm 🤔👩🏻‍💻

m___ - Pikiriçe öwrenmeliniň iň agras oglany şul agzamyz bolsa gerek :) 👨🏻

❤️Gülhanym❤️ - ilkinji agza bolan wagtlarym goýan profil suratym öz ýadymda düşenok ýöne şu gyzyň ýadynda galypdyrda berekella Ýatkeşligi daşa ýazylan ýaly tüweleme...🌼

Lord -Sylaşyk diýlen zady şu agzamyzdan öwrenäýmäli eken😌

Harika😇 - Emojileri (stikerleri) bilen eredýädä adamyny :) 🤗.

Alfons - Ejem : ,,Illeň çagasy bela ýaly" diýip şu oglany nazarda tutýan bolsa geregow, haýran galýan gyzykly maglumatlary nirden toplaýaka :) (Berekella!)🌱

Köwser - adyna gurban bolaýyn, pikirimçe iň bitarap agzamyz şu gyzmyka diýýän urş sögüşden daşda eken tüweleme :)🐱

Kyýas2017 - 5 ýaşly oglanjygyň kakasymyka diýýän, Ýok ynanmaň oýun edýän elbetde ;).
Şobir stilde şobir like teswirini galdyrýar agzamyz, Pikirimçe düzgün tertibe berk üns berýär öýdýän :)✨

Zümerret 🌺 - Dünýädäki 7 täsinlikleriň biri şu gyzdyr öýder, täsinlikler barada maglumat bilmeýän kişi...🌺

Barlagçy - Pikirimçe şu agamyzyň meňkidenem has köp goşgy kitaplary barow :).📚

Serwi - Golfstrim (Ýyly akym) akymy ýaly şo bir tapda şobir energiýada, onnan daşary baran ýeri sowuk bolsada daş döweregini özüniň mylaýymlylygy bilen ýyladýada :)🏞️

Ylham.1989 - Peýdaly we gyzykly post paýlaşýan agzalarmyzyň hatarynda, şahsy özümem postlarynyň muşdaklaryndan 👍✨

Ovezova_ - Näme üçindir bilemok şu gyza ýürekdeşim diýesim gelýär 😌. Öwrenmeliden ýanyma iki agza alyp syýahata gitmeli bolanymda biri şu gyz bolardy...🌷

Şirnazar Taganow - Pikirimçe Hatamtaý ýaly sahy agamyz şu agzamyz bolsa gerek, ne kömegini gysganýar, ne maslahatyny tüweleme, aý hawa şahyra mahsus häsiýetdä olam... Onnaňam şu agamyzy görsem Siýidiniň : Watan üçin çykdym gyr at üstüne" diýen goşgusy ýadyma düşiberýär :)📜

Babu - Profil suraty diýseň ajaýyp agzalardan ☺️👍

Gold - (teswirlerden) şahsyýetini tanap bilsemem häsiýeti gaty çylşyrymly eken tanap başarmadym, birden şadyýan birde gaharjaň pikirimçe şu agzamyz bn Müsürdäki Piramidalaryň arasynda bir meňzeşlik bar ýaly ( syrly we çözmezi kyn) 😌🗺️

Başardygymdan hemmäniň adyny tutjak boldum, Ady tutulmadyk beýleki agzalar aýyplaşmaň 😑, Her biriňiziň ajaýyp syrly häsiýetiniz bar galyny indiki postlarda dowam ederis 🤗
26
507
Gussam
29 Iýun 2022
YGurbanaly23, Serwi, 👍😌😌😌
ylham_gurbanaly
29 Iýun 2022
Serwi, şolar bolaňsoňyz şeýke diýýände;)
ylham_gurbanaly
29 Iýun 2022
Serwi, ondada nähili ajap suratlandyrypdyr;)
ylham_gurbanaly
29 Iýun 2022
Zümerret🌺, aý haýsy bolsa-da şowly bolsun!
ylham_gurbanaly
29 Iýun 2022
Zümerret🌺, psihologiýa ugurlara tabşyraýmasaň, olar ýaly üýtgeşik ugurlaram ýok-da bizde)
ylham_gurbanaly
29 Iýun 2022
Zümerret🌺, a gyzyklanýan, gowy bilýän ugruň haýsy?
ylham_gurbanaly
29 Iýun 2022
Zümerret🌺, a bolmasa?
ylham_gurbanaly
29 Iýun 2022
Zümerret🌺, a plan yest?)
ylham_gurbanaly
29 Iýun 2022
Zümerret🌺, okaýaňyzmy?)
ylham_gurbanaly
29 Iýun 2022
Zümerret🌺, aha, niresi?)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.