Gussam
29.07.2022 21:11
“Sen ýok. Bir gün gadryň biliner…”
(aýdymdan)

Sen ýok — gadryň hut şu wagtdan bilinýär…
Sen ýok — günler goňras reňke boýandy.
Jübütlere hemdem bolan Aý solup,
Guşlar eýýäm öňküden giç oýandy.

Sen ýok — ses ýok, meýmiredýän hyjuw ýok,
Sen ýok — dünýä tukatlandy (eýesiz!)
Sen ýok — ömür dowam etdi biperwaý,
Sen ýok — bu duýgulam galdy söýesiz.

Pasyllar ornuny çalşyp geldiler,
Ýaz-a ýaz däl,
Özün unutdy tomsam.
Ýatamda bagrymy kerçedi “Sen ýok”,
“Sen ýok” ýüregimi gyýdy oýansam.

Ýaşlyk köýdi, höwes köýdi, yşk köýdi…
Gör, ýene nämeler terk eder meni!..
Düşünýänem ýogsa, ahyrsoňunda,
Hawa, şu “Sen ýok”-lar berkider meni. 😔

Adam-da… küýsegden bagryň dilinýär…
Sen ýok, dünýäm, gadryň eýýäm bilinýär…
8
71
ay_kiz_
29 Iýul 2022
👍👍👍👍👍😔
Papatya
29 Iýul 2022
👍👍👍👍👍
Myhman Myhman
29 Iýul 2022
🥺🥺🥺🥺😭😭😭😭adamlar hiç zat mudimi dal yer yuzunde mert boluñ
Myhman Myhman
29 Iýul 2022
Manyly sözler
Melikee
29 Iýul 2022
Sen ýok , GUSSAM, gadryň eýýäm bilinýär ❤😒😌 !
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.