Gussam
26.06.2022 06:53
Sähel zada ejizleýän,
Men bir sada görgüliň.
Geldim, ýene huzuryňa ,
Bütin ömür bergilim.

Sen dälmidiň çaga wagtym
Aglanymda köşeşdirip,
Sen dälmidiň örüm saçym
Emaý bilen çözleşdirip,
,, Entäk-entäk dirikäm bir,
Ýaş dökmegin gyzym " diýen.
,, Mele buýra saçjagazyň,
Sowuk ýele dözmen " diýen

Şol günlerem daşda galdy,
Durmuş ara saldy wagty.
Ýöne, ýene agladym men,
Öňkümden has tapawutly.

Sebäp käbir duýgularym
Ýüregime berýär agram
Käbäm, indi barmagym däl,
Has näzigräk ýerde ýaram.

Köp ýerlerde gödek boldum
Köp ýerlerde sada boldum
Ýöne seniň diýişiň dek
Ejizlere aga boldum

Indi özüm ejiz gelýän
Durmuşyň agyr-ýeňlinden
Şonda-da men ýeňilmerin
Sypap durýarkaň egnimden.

2022
14
182
Gussam
28 Iýun 2022
TKM.., Towa towa eýgilimki ☺️? Sizem meni birine meňzedýäňiz öýdýän 🙄☺️

TKM.., imo giremok men :)
Gussam
28 Iýun 2022
TKM.., Biz tanyşmy ? 🤨
Gussam
27 Iýun 2022
YGurbanaly23, dogry. Minnetdar :).
ylham_gurbanaly
27 Iýun 2022
Gussam, goý 1ýylda biri bolsun, ýöne gowy bolsun) tüweleme gowy👏👍
Gussam
27 Iýun 2022
YGurbanaly23, Gowy Hudaýa şükür siz gowmy? Hä bolýar göwnüňize ýaran bolsa, aslynda siz soransoňyz paýlaşypdym 😊. Olar ýaly dälle (keşde ýaly) bärde gaýdýan ☺️. Sanyny bilemok Köp goşgularmyň ýitirdim okuwçykam 😒, häzir özümde bary ýogy 10 ýa ondanam az :). Yzgider ýazyp bilemok 6 aýda 1 goşgy ☺️
ylham_gurbanaly
27 Iýun 2022
Gussam, Salam. Gowmy? Kimdigiňi aýtmadyňda, goşgy gowy ýazlypdyr, duýgular keşde ýaly sünnälenipdir. Näçenji goşgyň?
Gussam
27 Iýun 2022
YGurbanaly23, salam. ? .

YGurbanaly23,hossar manyda 😊.
ylham_gurbanaly
27 Iýun 2022
Ejizlere aga boldum🤔
Poet
27 Iýun 2022
Gowy goşgy bolupdyr. 👏👏👏👍👍👍
❤❤❤Gülkäbe❤❤❤
26 Iýun 2022
👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.