Gussam
28.07.2022 23:23
Ykbal aýralyga duş etse eger,
Zaman bir pursatlyk dymar gidenňe.
Kalbyňda şeýle bir ünji döreder,
Diňe yza galar ejiz bedende.

Gitdiň sen ... Umydym arzuwym bilen
Soldy bahardaky gülleriň bary.
Älemgoşar görünmedi asmanda,
Indi ýagyşlaram ýagmajak ýaly.

Gözledim. Men seni uzak gözledim.
Tapdym ýatlamadan ajap gülkiňi
Göz ýetirdim şonda aýralyk däl-de,
Seni mydam ýatlap ýörmek iň kyny

Näbelli gahrymandan ;)
14
81
Poet
30 Iýul 2022
👍👍👍👍😏
Papatya
28 Iýul 2022
👍👍👍👍👍
perizadym
28 Iýul 2022
👍👍👍👍👍👏🍂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.