Guljeren
09.04.2022 02:41
Unutdym...

Men seni bireýýam ýatdan çykardym,
Ýatlap ýörmek peýdasyz:a söýmeseñ,
Unutdym, her säher suratyñ ogşap,
Her agşamam düýşe girýäñ diýmeseñ.

Men seni bütinleý ýatdan çykardym,
Söndi çep gursakda lowlan ataşam,
Ýöne senden habar beräýjek ýaly,
Her bir gabatlaşan,
Her bir sataşan.

Seni mydamalyk ýatdan çykardym,
Seni ýatlamagyñ hajaty hem ýok,
Yöne bilýarmiñ şol otly gözlen,
Bu gyzlaryñ birindenem tapamok.

Seni hyýalymdan çykardym welin,
Ynanaý şeýlebir giñedi dünýäm
Dünýam giñese:de giñändir welin,
Men bir hakykata indi düşünýän.

Seni hyýallardan sogrup, zyñyp,
Ganaty gyrlan garlawaç kimin,
Sensiz galanymda düşündim dünýäm,
Asyl zyñan zadym -özüm ekenim.
20
28
Guljeren
08.04.2022 03:23
Sen hakda bir şygram ýazmadym, eje,
"Başarmaryn bärden gaýdaryn" diÿip
Ýöne öz ýanymdan oýlandym niçe,
Şanyña bir hoş söz aýdaryn diÿip.

Ýüregimde duýgular bar şeýlebir,
Ony ak kagyza seçip bilemok.
"Eje" sözün ýazýan...
Bolany. Ynha,
Şol bir sõzden añry geçip bilemok.

Men soñ añdym...
Soñ-soñ gelip aklyma...
Heran-haçan aýtsam "Eje" sõzüni,
Galan ähli sözleñ sakga saklana,
Şol mukaddes söze geçit berýänin.
Uç gyraksyz asman-zemin arada
Şol ýeke-täk sözüñ hõküm sürýänin,
Şol ýeke-täk sözüñ ganat gerýänin
Men soñ-soñlar añdym...
19
18
Guljeren
Guljeren
07.04.2022 19:50
BIR ÝERLERE GITSEM... Bir ýerlere gitsem... Hiç kim duýmasa... Gidemsoňam duýulmasa ýoklugym... Ýüregimi çala eşdip bilseler — Şol bor setirlerme berlen "aklygym". Gülmeseler duýgularmyň
Guljeren
06.04.2022 10:59
Filosof Eflatundan şeýle sorapdyrlar: "Size görä adamzadyñ iñ geñ galdyran ýagdaýy näme?"
Eflatun şeýle jogap beripdir: "Çagalygy islemezler,ulalmak üçin howlugarlar.Soñra-da çagalygyny küýsärler. Mal-mülk üçin gije-gündiz
ylgap, saglyklaryna zyýan ýetirerler, öñki saglygyna gowuşmak üçin ýygnan mal-mülklerini harçlarlar. Ertirleriñ aladasy bilen bu günlerini unudarlar. Netijede, bu günlerini we ertirlerini ýaşamaz ýaly ederler.
Hiç wagt ölmen öýdüp ýaşarlar, ýöne ýaşamadyk ýaly hem ölerler".
- Onda adamlar nahili ýaşamaly? - diýip danadan ýene soranmyşlar.
Dana şeýle jogap beripdir:
- Hiç kime özüñizi söýdürjek bolmañ, hiç kimiñ öñünde kiçelmäñ, hiç kime-de ulumsylyk satmañ. Goý, sizi il söýsün. Iñ esasy zat bolsa, durmuşda iñ kän zada eýe bolmak däl-de, iñ az zada mätäç bolup bilmekdir.
40
179
Guljeren
Guljeren
04.04.2022 01:32
Çagadan öwrenmeli... Belki-de ýalňyşýandyryn,ýöne özüm-ä şu pikirde. Biziň entek öwrenmeli zatlarymyz köp. Onda-da çagalardan. Çagalar biziň köpümizden kämil meselem çagalara kiçijik sowgat
Guljeren
03.04.2022 01:25

Bilýän, asla ýerliksiz däl,
Howatyryň, hederiň.
Herhal menem abraý üçin,
Elde barym ederin.
Çünki diňe süňňüme däl,
Ömre ornan edebiň…
Esasy zat sen özüňe,
Beren halal duzuňa,
Hemem, alkyşdan serpaýlap,
Ýola salan gyzyňa,
Ynamly bol, Pederim!

* * *

Bilýäňmi, nämeden gorkýan,
Seniň ynjamagyňdan.
Özüm bukýan ünjülerim,
Beter ynjarsyň diýip…
Ýene-de bir zatdan gorkýan,
(Ondan Hudaý saklasyn!).
Hiç gyz eziz kakasynyň,
Jigerini ýakmasyn!
Janym bilen yhlas edýän,
Saňa men hakda diňe,
Gowy-gowy habar barsyn,
Ähli maksadym, ine…
Emma durmuş şeýle, nätjek,
Ajysam bar, süýjüsem.
Ýöne sen bar bolsaň bolýar,
Endiretmez hijisem…
Kaka, ýaşaweri uzak,
Sen maňa ýaşamak üçin,
Beýik dartyş güýjüsiň!
Bilýäňmi nämeden gorkýan?!
Seniň ynjamagyňdan…
21
55
Guljeren
02.04.2022 17:26
Pyragyñ şygryna düşüp gadamyñ
"Ýagşy aý" diýdiren Remezanym,
Hoş geldiñiz!
Aýallaryñ çydamyn,
Bir aýlap ölçejek terezimanym.

Bu aýda geçiljek günäñ, ýalñyşyñ,
Kim Hudaýy ýatlap, oraza tutsa.
Iki esse sogap gazanarmyşyn,
Hem agyz bekläne kim kömek etse.

...Adamsynyñ täret suwun gyzdyryp,
Ýatjak düşegini ýumşajyk düşäp,
Ardynjyran çagy çala ses berip,
Gerek bolsa, gijäñ arkasyn gaşap.

"Agzaçarda" alarylman, ajaman,
"Selälikde" kowup süýji ukusyn,
Ýanýoldaşa ýardam eden ýadaman,
Öýüń bikesine "Tañrýalkasyn!"



Ýatlap seläligi hem agzaçary,
Biri orazasyn tutsa, gysylman,
Diýmek, imanlydyr şonuñ naçary,
Synag pursatlary duran peselmän.

Eý, beýik zenanlar, çydamñyz çäksiz,
Ýogsam, size agram düşmezdi artyk.
Sizsiz sogap işem, imanam ýokdur,
Biz sizsiz näderdik,
Nirä barardyk.

Gözelleriñ görýän görgi agramyn,
Ýeñil däldir, çekmek müñläp "Mizanda"
Hoşgylyk zenanlañ-uly baýragyñ,
Häsiýetnamasy Remezanda.




Aylaryñ soltany bolan oraza aýynda tutyan orazalarynyz, okaýan tarawa namazlaryñyz, edýän doga-dilegleriniz allahyn derhaginda kabul bolsun......
19
50
Guljeren
Guljeren
01.04.2022 10:35
DOLANASYM GELDI Gijigen ykbala ýazygy ýöňkäp, Ezilen ýassygma bagrymy oýkap, Geçmiş ahmyrymy kalbymda çaýkap, Dolanasym geldi. Gitseň-de ykbalym hazana baglap, Ýarama duz sepip, göwnümi tyglap,
Guljeren
31.03.2022 13:17
ÝOKARDA BIR AÝ BAR

“Ýokarda bir Aý bar...”
“Ýokarda bir Aý bar...”
Ýene tanyş owaz, tanyş tolgunma...
Göwnüm galkyjaklap, guş bolup gaýýar.

Köp berene – ogul,
Az berene – gyz,
Hatar-hatar ojaklara toý diläp,
Aýlanyp ýör, ynha, bir bölek arzuw,
Düýş deý geçen düýnlermizi gaýtalap.

“Ýokarda bir Aý bar..”
Bu buşluga kagyz-galamym taşlap,
Atylyp çykýaryn işige törden.
Gör-le, çagajyklar iňňän sadaja
sözler bilen bizi şat edip ýörler.

A men weli goşgy ýazjak bolýaryn,
Söz gözläp sünnäli, çeperden şeker.
Ýöne ýürek yzlan ýönekeý sözler,
Asyl, ähli güýçden rüstem bor eken.

“Ýokarda bir Aý bar..”
Ah, bir pursat çagalygňa dolanyp,
Bu şowhuna goşulyşsaň, gönenseň!
Ýöne... bolaýýarmy...
Ýokardaky Aý
Sallanjyrap guk gapdalňa gonansoň.

Şonda-da bu göwün göterlip barýar,
Ýaşalan ýaşlary piňine saýman.
Goý, gitsin ol, saklamaýyn... sebäbi
Ol günleriň gujagynda,
Pygamberler saçagynda
Mydam ýagşy päle, ýagşy hyýala,
Söze goýlan paý bar.
Bize goýlan paý bar!

“Ýokarda bir Aý bar...”

20
69
Guljeren
30.03.2022 18:05
INDI BILÝÄN...

Bil­män­di­rin, ah­mal eden eke­nim,
Ser sä­me­den ýel­gi­nin­de ýaş­ly­gyň,
Bir aga­jyň öw­rül­je­gin to­ka­ýa,
Bir­je dam­jaň de­ňiz bo­lup daş­ja­gyn.

In­di bil­ýän bu dur­mu­şa ke­se­den
Ga­ra­nym bi­gä­ne syn­çy deý yl­la.
Agyr ker­wen­le­riň uzyn ýol­lar­da
alyn­ma­dyk de­mi-dyn­jy deý yl­la,

Awa­ra-awa­ra aý­la­nyp­dy­ryn
Aý­law­da aza­şan ça­man at ýa­ly...
In­di bil­ýän öm­rüň özüm­ki­dig­ni,
Ýa­şa­nym alyn­ma-ama­nat ýa­ly.

Dym­mak my­dam hö­zir be­rip dur­my nä?!
Al­ty­na deň gör­se­ler-de dym­ma­gy,
Öz sö­züm aý­da­ýyn.
Gyr­çap aý­ra­ýyn
Öm­rü­me ýa­py­şan go­şa­dyr­na­gy.

In­di bil­ýän, öz-özü­me ynan­man,
Öz­ge­le­re as­la yna­nyp bil­men.
Öz söý­gim ýü­reg­mi ço­ýup dur­ma­sa,
Öz­gäň söý­gü­si­ne ýy­la­nyp bil­men.

Bi­re bag­la­ýyn-da, baş­la­ýyn, ýog­sam,
Agar-dö­ner, bu bir dä­li gö­wün­dir.
Bir ýer­den owa­zy gel­ýär aý­dy­myň:
«Kim aý­dyp­dyr dün­ýä bäş gün­lük di­ýip,
Ömür bir gün, olam, yn­ha, şu gün­dür...
19
37