Guljeren
07.04.2022 19:50
BIR ÝERLERE GITSEM...

Bir ýerlere gitsem...
Hiç kim duýmasa...
Gidemsoňam duýulmasa ýoklugym...
Ýüregimi çala eşdip bilseler —
Şol bor setirlerme berlen "aklygym".

Gülmeseler duýgularmyň üstünden,
Ýagşylykda ýatlasalar kämahal.
Men kalbymy köpe açmak isledim,
Zähmet çekdim beýnim bilen kän mahal.

Düşündiler.
Käte düşündirdiler,
Syr berip, syrymy alanlar boldy.
Durmuş gürzüsine ýegşerlip ýörkäm
Oň üstüne şarpyk çalanlar boldy.

Derdimiň ýaryn däl, baryn bagş edip,
Setirlemde açjak boldum ýüregmi.
Bilýän, juda kän berildim duýgyma,
Bilýän, juda kän agzadym "melegmi".

Indi bolsa, "melegem" ýok, söýgem ýok,
Meň henizem ýalňyzlygym, täkligim.
Bir ýerlere gitsem...
Hiç kim duýmasa...
Gidemsoňam duýulmasa ýoklugym...

Sapa HOMMADOW.
21
80
Guljeren
8 Aprel 2022
G🌼.., bilmedim belki
Guljeren
7 Aprel 2022
Babu, oyun yanyndaky alleya
Guljeren
7 Aprel 2022
Babu, yor senem

melejik, aslynda howa gowy bolan wagty esasanam yazda 7den son yeke ozum yoremani gowy goryan aydym dinlap ka wagt ozun ozunede yeterlik bolyan ekenin
melejik
7 Aprel 2022
👍👍👍👍👍gowy gosgy meñem ýeke özüm bir ýerik gitsem 😯
Guljeren
7 Aprel 2022
𝓑𝓪𝓷𝓾𝓬𝓲𝓬𝓮𝓴, yor
halmyrat_gmail_com
7 Aprel 2022
Gowy gerekli gosgy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.