Guljeren
04.04.2022 01:32
Çagadan öwrenmeli...
Belki-de ýalňyşýandyryn,ýöne özüm-ä şu pikirde. Biziň entek öwrenmeli zatlarymyz köp. Onda-da çagalardan. Çagalar biziň köpümizden kämil meselem çagalara kiçijik sowgat berenimizde olar sowgadyn kiçiligine ýa-da ulylygyna seredenoklar biz olaryñ şol beren sowgadymyza diriñ-diriñ bökjekläp duruşyny görýas.
Biz bolsa...Allatagallanyň bize beren şeýle uly peşgeşleri gözümize az görünip, ondan närazy bolýarys.
”Onda maşyn bar,oň öýi meňkiden gowy...” Eýsem biz näme üçin mydama özümiziňkiden gowy zady bolanlara seredýäris? Näme üçin pes ýaşaýanlara seredemzok? Göwniýetmezçilikdenmi? Islendik adam baýap ugrasa tumşugy asmana salam berip ugraýar we diňe özünden
ýokardakylary görýär.Peslere seredesem gelenok.Ine bar mesele şonda.Yada bolmasa bagyşlamak çagalar uzak gaty görüşenok. Derrew ýaraşýarlar. Düýn sögüşen ýalydyr welin bu gün eýýäm gülüşip,oýunjaklaryny paýlaşyp oýnap ýörler. Biz näme? Iki-üç ýyllap gaty görüp gezýän mahallarymyzam kän bolýar.Ýüregmizde şol öňki kineleri göterip ýörüs.Soňam şol kineler ýürege agram salyp ýürek agyrydan ejir çekýäris. Alla adamlaryň günäsini bagyşlaýar,biz başaramzok, hat-da biziñ özümiz bagyşla diýmegi kiçilik bilýäs .Ilki bilen begenmegi, bagyşlamagy başarmaly ana şonda durmuşymyza reňk goşulyp, gözelleşip ugrar.
Aslynda biz hemmezady çynlakaý kabul edýaris, şonuñ üçinem özimizi bagtsyz duýmana öz elimiz bilen iterýäs
27
66
Gussam
4 Aprel 2022
Guljeren, 😊 bolýar gözleşdirip okap görjek hökman nesip bolsa :)
Guljeren
4 Aprel 2022
Gussam, Kakamyrat Rejepowynam babejik dp gosgysy bar olam diysen gowy gosgy
Gussam
4 Aprel 2022
Guljeren, hawa (: täsirlije begendiriji goşgy! Düýn okadym menem .
Guljeren
4 Aprel 2022
Paradise, gowy senema yatanok. Ozuñ gowmy Denizjik nahili. Howa gitdim

Gussam, gowy gosgy eken
Gussam
4 Aprel 2022
ÇAGALAR 👶🏻😊☺️
Göwnüniň läligi. Gözleri ynanjaň.
Sözi hilesiz. Kiçijik adamlar.
Siziň ähliňize gowulyk diläp,
Hemmäňiziň maňlaýyňyzdan öpýärin, Ulalmankaňyz. 😗👶🏻

Gurbanmuhammet AŞYROW.
Paradise
4 Aprel 2022
Yatanokmy sen. Gitdinmi bu gun kitaphana
gena_02
4 Aprel 2022
✔️👍...
Перман
4 Aprel 2022
Хакыкы👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.