INDI BILÝÄN...
Bilmändirin, ahmal eden ekenim,
Ser sämeden ýelgininde ýaşlygyň,
Bir agajyň öwrüljegin tokaýa,
Birje damjaň deňiz bolup daşjagyn.
Indi bilýän bu durmuşa keseden
Garanym bigäne synçy deý ylla.
Agyr kerwenleriň uzyn ýollarda
alynmadyk demi-dynjy deý ylla,
Awara-awara aýlanypdyryn
Aýlawda azaşan çaman at ýaly...
Indi bilýän ömrüň özümkidigni,
Ýaşanym alynma-amanat ýaly.
Dymmak mydam hözir berip durmy nä?!
Altyna deň görseler-de dymmagy,
Öz sözüm aýdaýyn.
Gyrçap aýraýyn
Ömrüme ýapyşan goşadyrnagy.
Indi bilýän, öz-özüme ynanman,
Özgelere asla ynanyp bilmen.
Öz söýgim ýüregmi çoýup durmasa,
Özgäň söýgüsine ýylanyp bilmen.
Bire baglaýyn-da, başlaýyn, ýogsam,
Agar-döner, bu bir däli göwündir.
Bir ýerden owazy gelýär aýdymyň:
«Kim aýdypdyr dünýä bäş günlük diýip,
Ömür bir gün, olam, ynha, şu gündür...