Guljeren
31.03.2022 13:17
ÝOKARDA BIR AÝ BAR

“Ýokarda bir Aý bar...”
“Ýokarda bir Aý bar...”
Ýene tanyş owaz, tanyş tolgunma...
Göwnüm galkyjaklap, guş bolup gaýýar.

Köp berene – ogul,
Az berene – gyz,
Hatar-hatar ojaklara toý diläp,
Aýlanyp ýör, ynha, bir bölek arzuw,
Düýş deý geçen düýnlermizi gaýtalap.

“Ýokarda bir Aý bar..”
Bu buşluga kagyz-galamym taşlap,
Atylyp çykýaryn işige törden.
Gör-le, çagajyklar iňňän sadaja
sözler bilen bizi şat edip ýörler.

A men weli goşgy ýazjak bolýaryn,
Söz gözläp sünnäli, çeperden şeker.
Ýöne ýürek yzlan ýönekeý sözler,
Asyl, ähli güýçden rüstem bor eken.

“Ýokarda bir Aý bar..”
Ah, bir pursat çagalygňa dolanyp,
Bu şowhuna goşulyşsaň, gönenseň!
Ýöne... bolaýýarmy...
Ýokardaky Aý
Sallanjyrap guk gapdalňa gonansoň.

Şonda-da bu göwün göterlip barýar,
Ýaşalan ýaşlary piňine saýman.
Goý, gitsin ol, saklamaýyn... sebäbi
Ol günleriň gujagynda,
Pygamberler saçagynda
Mydam ýagşy päle, ýagşy hyýala,
Söze goýlan paý bar.
Bize goýlan paý bar!

“Ýokarda bir Aý bar...”

20
69
Carolla
8 Aprel 2022
Gosgyn awtory kimka
Gülhan
31 Mart 2022
Ne hezil yatlamady..ýanmdaky çagalan toparna baş bolp;) yaremezan aýdyp buşlayadyk.

Çagalygmy yatladany üçn,👍🏻 (Ajaýyp post)
Перман
31 Mart 2022
👍👍👍👍👍👍👍
gena_02
31 Mart 2022
Aýlaryň soltany!
melejik
31 Mart 2022
👍👍👍👍👍 çagalygymyzy yatlap aylanarysda nesip bolsa
Lälijek
31 Mart 2022
🖒🖒🖒🖒👏👏👏
Relax
31 Mart 2022
Mukaddes Kuranyñ ýokardan inip başlan aýy bularam şolañ buşlykçysy
Gussam
31 Mart 2022
💞💞💞💞💞💞💞💞
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.