Guljeren
02.04.2022 17:26
Pyragyñ şygryna düşüp gadamyñ
"Ýagşy aý" diýdiren Remezanym,
Hoş geldiñiz!
Aýallaryñ çydamyn,
Bir aýlap ölçejek terezimanym.

Bu aýda geçiljek günäñ, ýalñyşyñ,
Kim Hudaýy ýatlap, oraza tutsa.
Iki esse sogap gazanarmyşyn,
Hem agyz bekläne kim kömek etse.

...Adamsynyñ täret suwun gyzdyryp,
Ýatjak düşegini ýumşajyk düşäp,
Ardynjyran çagy çala ses berip,
Gerek bolsa, gijäñ arkasyn gaşap.

"Agzaçarda" alarylman, ajaman,
"Selälikde" kowup süýji ukusyn,
Ýanýoldaşa ýardam eden ýadaman,
Öýüń bikesine "Tañrýalkasyn!"



Ýatlap seläligi hem agzaçary,
Biri orazasyn tutsa, gysylman,
Diýmek, imanlydyr şonuñ naçary,
Synag pursatlary duran peselmän.

Eý, beýik zenanlar, çydamñyz çäksiz,
Ýogsam, size agram düşmezdi artyk.
Sizsiz sogap işem, imanam ýokdur,
Biz sizsiz näderdik,
Nirä barardyk.

Gözelleriñ görýän görgi agramyn,
Ýeñil däldir, çekmek müñläp "Mizanda"
Hoşgylyk zenanlañ-uly baýragyñ,
Häsiýetnamasy Remezanda.




Aylaryñ soltany bolan oraza aýynda tutyan orazalarynyz, okaýan tarawa namazlaryñyz, edýän doga-dilegleriniz allahyn derhaginda kabul bolsun......
19
50
halmyrat_gmail_com
4 Aprel 2022
Guljeren , Awtory kimkaray senmi Awtory
melejik
2 Aprel 2022
👍👍👍👍👍
Перман
2 Aprel 2022
👍👍👍👍👍👍
Guljeren
2 Aprel 2022
Zümrüt🌺, howa yolda tizrak yazjak bolup yorsim bn yalnys yazypdyryn
halmyrat_gmail_com
2 Aprel 2022
Pyragynyn gosgularna halk aydymlary aytyan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.