Guljeren
Guljeren
14.05.2022 21:32
Sere gelen soz
Guljeren
Guljeren
13.05.2022 00:15
GÖR-LE, BU DÜNÝÄNIÑ ÖWSÜP DURŞUNY..." Gör-le, bu dünýäniň öwsüp durşuny, Gör-le, geň-enaýy oýun-kadasyn. ...Çagajykkam maňa dünýe diýeniň Gujagydy ejem bile kakamyň. Örän çyndy maňa ähli zat
Guljeren
Guljeren
03.05.2022 23:38
Başdan geçirýän duýgylaryñ hakynda hiç kime aýtma, bu duýgylary hiç kim seniñ duýuşyñ ýaly duýup bilmez #G
Guljeren
02.05.2022 13:42
Aýlaryñ soltany eýledi tamam,
Baýram geldi ýüreklere nur bolyp.
Ýagşy doga-dileg bolup biguman
Çyrag bolar ugran ugruñ ugur bolyp.

Külli musulmanyñ sylagy bu aý,
Bütin adamzadyñ synagy bu aý.
In pynhan niýetiñ aýandyr oña
Saña gan-damardan golaýdyr Hudaý!

Bagtdyr bu baýrama düşmegi ýüzüñ,
Bagtdyr bir-birege mübärek sözüñ.
Şeýdip synag bilen gädilip barýar,
Ine şu gysgajyk ömrümiz biziñ!

Çyrag bolar ugran ugruñ ugur bolyp,
Ýagşy doga-dileg bolup biguman.
Baýram geldi giñ äleme nur bolyp,
Aýlaryñ soltany eýledi tamam.....



Baýramyñyz bilen mahribanlar.... Edyan ahli doga dilegleriniz beyik allanyn dergahinde hasyl bolsun🙂🙂🙂
23
51
Guljeren
28.04.2022 00:27
GADYR GIJESI

Döwtalapdyk çaga wagty üýşmäge,
Arzuwlary alaýüp dek işmäge,
Garaşardyk Hydyr ata duşmaga,
Gadyr gijesi.

Durmuşa mahsus zat bir bar - ol tizlik,
Biz ol günler namazlyk deý tämizdik,
Entegem paýlaýar ýürege giñlik,
Gadyr gijesi.

Gaýdybalýas käbir diýenlermizi,
Bagyşlaýas göwne degenlermizi,
Kabul eýle barça dileglermizi,
Gadyr gijesi.

Goý, niýetim maña bersin ýaraşyk,
Ykbal kän ýerlerde etdi garaşyk,
Ýörendirin Hydyr ata garaşyp,
Gadyr gijesi.

Söýýär seni bar musulman ymmaty,
Hiç gaçmagaý ynsanýetiñ gymmaty,
Goý, päklensin sende göwün kümmeti,
Gadyr gijesi.

In mukaddes gijamiz bolan Gadyr gijaniz kabul bolsun...Edýän ahli doga dilegleriniz beýik allanyn dergahinde hasyl bolsun
23
32
Guljeren
Guljeren
25.04.2022 03:06
Kakalar ölmeýar olar ýaşaýar Ýaşap yörler kakasyzlañ deminde. Olar balalarnyñ ýükin daşaýar Gyzyl guma siñip ýeriñ teýine......
Guljeren
15.04.2022 02:53
Asmana bökmedim şatlykdan ýaňa,
Kynçylyk öňünde dyza çökmedim.
Şatlygyda, hasratyda men girip,
Adamlaryň ýüreginden çöpledim.....

Şatlandym biriniň biri iki bolsa
Gamlandym gamlansa köňül baglanym.
Eger il aglanda aglaman dursam
Haýry näme il diňensoň aglanyn.

Il derdine köňül daglap aglaryn
Il gülende gülmezlikden çetde men.
Eger iliň biri bolup bilmesem
Uly iliň biri bolup geplemen......
21
56
Guljeren
Guljeren
13.04.2022 20:58
Gaýdyp söýmeris diýip söýýaris käte Gaýdyp unutmarys diýip unudyas ýene Ýalňyşmazlyk üçin ýalnyşylýandyr Ýalňyşylany üçin bagyşlanýandyr ~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~~ Käsini aýdyp, käsini aýtman, Pikirlere
Guljeren
11.04.2022 20:33
Tanyş ýollaň, gumaksyja ýodalaň
Gursagyna howur beren höwürtge –
Ak mekdebim! Sen öňümden çykýarsyň,
Hyýal guşum ganatyndan öňürtse.

Şatlyklar, gussalar, ýyllar hem ýollar...
Bir pursatda baryn gyra süýşüre,
Şindizem bir zada begenjek bolsam,
Öňinçäsi sen girýärsiň düýşüme.

Ynha, “A” harpyndan arşa göterip,
Ömrüme ak ganat eçilen ýeriň...
...Hasam hoş bolardym mugallymlarym
Gaýtalanda öňki geçilenleri...

Ýene şol pursatlar doldy-da kalba,
Geldim bu gün huzuryňa salama.
Geldim, ynha, ömür kitabyn açyp,
Şo-ol geçilenleri gaýtalamaga.

Kakamyrat REJEBOW.
21
31
Guljeren
Guljeren
10.04.2022 03:45
Üýtgeşik zatlardan gözlärdim bagty, Äpet hyýallary besläp göwünde. Asyl bagtyň çyn keşbini tanaman, Kän-kän gezek geçipdirin deginden. Bagt eken baş goyup gijäň döşüne Ak sabalaň gujagynda oýansaň.