Guljeren
28.04.2022 00:27
GADYR GIJESI

Döwtalapdyk çaga wagty üýşmäge,
Arzuwlary alaýüp dek işmäge,
Garaşardyk Hydyr ata duşmaga,
Gadyr gijesi.

Durmuşa mahsus zat bir bar - ol tizlik,
Biz ol günler namazlyk deý tämizdik,
Entegem paýlaýar ýürege giñlik,
Gadyr gijesi.

Gaýdybalýas käbir diýenlermizi,
Bagyşlaýas göwne degenlermizi,
Kabul eýle barça dileglermizi,
Gadyr gijesi.

Goý, niýetim maña bersin ýaraşyk,
Ykbal kän ýerlerde etdi garaşyk,
Ýörendirin Hydyr ata garaşyp,
Gadyr gijesi.

Söýýär seni bar musulman ymmaty,
Hiç gaçmagaý ynsanýetiñ gymmaty,
Goý, päklensin sende göwün kümmeti,
Gadyr gijesi.

In mukaddes gijamiz bolan Gadyr gijaniz kabul bolsun...Edýän ahli doga dilegleriniz beýik allanyn dergahinde hasyl bolsun
23
32
Перман.
28 Aprel 2022
Амин хеммамизинкем Кабул болгай!
Relax
28 Aprel 2022
Ämin🤲🕋🕋🤲♥️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.