GÖR-LE, BU DÜNÝÄNIÑ ÖWSÜP DURŞUNY..."
Gör-le, bu dünýäniň öwsüp durşuny,
Gör-le, geň-enaýy oýun-kadasyn.
...Çagajykkam maňa dünýe diýeniň
Gujagydy ejem bile kakamyň.
Örän çyndy maňa ähli zat
hemem
Gözlerime bar zat oýunjak ýaly.
Kiçijek zatlar-a dünýädi maňa,
Dünýä bolsa juda owunjak ýaly.
Soň mekdebe gitdik...
Göýäki bar zat
Kitapdy, galamdy, depderdi maňa.
Olar «A» harpyndan asmana çenli
Basgançak boldy-da, gop berdi maňa.
Soň bir günem müň bir reňke çümdi-de,
Duýman durkam, başga dona bürendi —
Indi dünýä maňa durşuna söýgi,
Jady-jady gözler bolup göründi...
Şükürim kän bu ömürde görenme,
Ykbalyň bu ýolda duş edenine.
Ýöne... bir garasam, şo-ol giňiş dünýä
Öwrülip gidipdir öý-ojagyma,
Ýerleşip gidipdir iş otagyma...
Kakamyrat REJEBOW.