Üýtgeşik zatlardan gözlärdim bagty,
Äpet hyýallary besläp göwünde.
Asyl bagtyň çyn keşbini tanaman,
Kän-kän gezek geçipdirin deginden.
Bagt eken baş goyup gijäň döşüne
Ak sabalaň gujagynda oýansaň.
Göýä iň soňky gün ýaşaýan ýaly
Her adamy bagra bassaň, guwansaň.
Bagt eken bagt hakda hyýal ýüwürdip,
Goýnuna ýetmäge synanmaklygam.
Begenmeli zada, begenip çyndan,
Gynanmaly zada, gynanmaklygam.
Bagt eken bu ajap owadan dünyäň,
Söýgüsinden bir bölejik datmasam,
Gyşlarynda ap-ak bolup ýagyplar,
Güýzlerinde durna bolup galgasam.
Ak umytlar bagt odunyň közüdir,
Onda kanagatyň bagta gowuşýar.
Biziň ýönekeýje diýýän ömrümiz
Görle durşy bilen bagt owusýar....
Kakamyrat Rejepow