Guljeren
02.05.2022 13:42
Aýlaryñ soltany eýledi tamam,
Baýram geldi ýüreklere nur bolyp.
Ýagşy doga-dileg bolup biguman
Çyrag bolar ugran ugruñ ugur bolyp.

Külli musulmanyñ sylagy bu aý,
Bütin adamzadyñ synagy bu aý.
In pynhan niýetiñ aýandyr oña
Saña gan-damardan golaýdyr Hudaý!

Bagtdyr bu baýrama düşmegi ýüzüñ,
Bagtdyr bir-birege mübärek sözüñ.
Şeýdip synag bilen gädilip barýar,
Ine şu gysgajyk ömrümiz biziñ!

Çyrag bolar ugran ugruñ ugur bolyp,
Ýagşy doga-dileg bolup biguman.
Baýram geldi giñ äleme nur bolyp,
Aýlaryñ soltany eýledi tamam.....



Baýramyñyz bilen mahribanlar.... Edyan ahli doga dilegleriniz beyik allanyn dergahinde hasyl bolsun🙂🙂🙂
23
51
Перман..
2 May 2022
👍👍👍👍👍
ay_kiz_
2 May 2022
Zümrüt🌺, gowumy gülüm nähili ýagdaýlaryň?
ay_kiz_
2 May 2022
Sagbol siziňkilerem kabul bolsun
Relax
2 May 2022
Sag bol hemañki bile bolsun
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.