Greenleaf
Greenleaf
05.07.2021 09:31
4-nji bap Ol tä ganatlary ýadap, ysgyndan gaçaýýança uçdy. Heziller edindi. Mekdebiň üstünden on-on bäş öwrüm edip, soň öňki öýlerine tarap tutdurdy. Işikde ösüp oturan garry tuduň şahasyna baryp
Greenleaf
Greenleaf
04.07.2021 08:08
3-nji bap Günlerde bir gün ýaňky oglan mekdepden çykyp, gamgyn halda öýlerine gaýdyp barýardy. Gündeliginde bolsa täzeje bir «2-lik», «2-ligiň» gapdalynda hem oglanjygyň kakasyny mekdebe çagyrýan hat
Greenleaf
Greenleaf
03.07.2021 08:53
Kömek Kulyýew ADAM BOLMAK KYN EKENI... Erteki-powest Waleriý Medwedewiň «Barankin, adam bol!» atly powestiniň äheňinde. 1-nji bap Olam ilki siziň ýalyrakdy. Kiçijik bir adamdy, ýöne adamdy. Her gün
Greenleaf
Greenleaf
27.06.2021 12:02
Sen maňa bir gije düýşümde sataş, Ynandyr şol pursat ýalan söýgüňe. Hut çyn sözläp, meň yşkmda ýanýan dek Haýran galdyr dilden çykan öwgüňe. Baglarda aýlansak, gülleri ýolsak, Ynandyr meň üçin
Greenleaf
Greenleaf
26.06.2021 23:02
GÜNÜŇ DOGÝAN ÝURDY ÝAPONIÝA SYÝAHATA GITJEKLER ÜÇIN 1. ÇAÝ PULY GOÝMALY DÄL Çaý pullary goýmak Ýaponiýada kabul edilmedik. Ofisianta ýa-da barmene çaý puly goýmak isläp ýa gaýtargyny goýmak isläp siz
Greenleaf
23.06.2021 09:56
ŞEÝTANA SAPAK BEREN
Il arasynda käbir adamlara ,,şeýtana sapak beren " ýaly häsiýet berýärler. Biz ählimiz bilýändiris şeýle adamlaryň köpbilmiş bolýandygyny, emma welin bu jümläniň nämeden gelip çykandygyny köpümiz bilýän däldiris. Onda bu rowaýaty okap bilersiňiz.
Gadym zamanlarda iki sany dostluklary aňyrdan gelýän, agzybir dostlar bolupdyr. Olar ikisi bile öwlüýäde garagulçylyk edip öwlüýäň arssaçylygyna seredipdirler. Şeýtanyň hem eý görýän kärii iki dosty jetleşdirmek. Ine onsoň günlerde bir gün şeýtan ýaňky iki dosty tersleşdirmegiň kül-külüne düşýär. Elinden gelen, bilýänje ähli pirimlerini ulanýar. Emma welin olaryň arasyna düşüp bilmeýär. Olaryň dostlugy juda aňyrdan gelýän berk dostluk eken, Şeýtanyň salýan allary dagyn olar üçin ujypsyzja bir zat bolýan eken. Ine onsoň Şeýtan nätsede bu iki dostuň arasyna düşüp bilmejegine ahyry göz ýetirip, şunça wagt ýitirenine lapy keç bolup ýüzüni sallap ýol bilen gidip barýan eken. Oň öňünden bir adam çykýar. Görse Şeýtan agamyz juda hapa bolup barýar diýýär. Adamyň Şeýtana nebsi agyrypdyr, oň halyny sorapdyr:
- A how Şeýtan aga näme ýüzüň salyk-la?
- Aý how adam ogly meň ýüzüm salyk bolman kimiňki salyk bolsun. Iki sany dosty tersleşdirip bilmedim. Ulanmadyk pirimlem galmady. Ine menä şoňa keýpsiz bolup barýan.
- Weý, ondan aňsat hem zat bolarmy! Hany Şeýtan aga şol dostlaň nirededigini bir maňa görkezsene.
Ine bärden ikisi tirkeşip dostlaň gapysyny kakýarlar. Dostlaň biri içerde galýar. Biri hem daşary çykýar. Çykan badyna ýaňky adam ol dostuň ýaňagyna bir şarpyk çalyp, batly ses bilen ,, me, al bul-a seň paýyň" beýleki ýaňagyna hem şarpyk çalyp ,, ine, bu-da dostuň paýy" diýýär-de yzyna öwrülip gidiberýär. Ol dost hem yzyna girse içerde oturana bolan wakany aýdyp berýär. Dosty oňa ynanmaýar ,, Ol eliňe puly şapbat bilen urup meň paýymy hem berdi ahyryn. Öz paýyňy nätseň şeýt, meňkini bir äber bärik" diýýär. Ine şeýdip iki dostuň arasyna Şeýtan düşüp bilmän, bir köpbilmiş adam düşüpdir we Şeýtana sapak beripdir. Şu wakadan hem ,,Şeýtana sapak beren" jümle döräpdir.
Bellik: rowaýat meniň taryh mugallymymyň gürrüňi boýunça ýazyldy.
Paýlaşan: Greenleaf.
10
163
Greenleaf
13.06.2021 00:13
AŇSAT BILEN KYN
«Men, men» diýmek üçin ýekeje gezek
Dodagy dodakdan göterip bilsek –
Dünýäni «men» bilen
doldurmak mümkin.
«Men, men» diýmek aňsat.
«Sen, sen» diýmek kyn
«Sen, sen» diýmek üçin sen oňat gerek.

Alym bolmak üçin ýekeje gezek
Gowşak bir romanyň üstünden gülsek –
Şonuň hem ýeterlik bolmagy mümkin.
Alym bolmak aňsat. Adam bolmak kyn.
Adam bolmak üçin baş äpet gerek.

Kitap almak üçin ýekeje gezek
Aýda «wegetarian gününe» dözsek –
Eflatun fonduny edinmek mümkin.
Kitap almak aňsat. Okap almak kyn.
Okap almak üçin müň takat gerek.

Erbet bolmak üçin ýekeje gezek
Kişiň aýnasyna oklasak kesek –
Şonuň hem ýeterlik bolmagy mümkin. –
Erbet bolmak aňsat. Oňat bolmak kyn.
Oňat bolmak üçin aň sagat gerek.

Yşka düşmek üçin ýekeje gezek
Hol aýnadan baksa garagözelek –
Meň ýaly kökerlip galmagyň mümkin.
Yşka düşmek aňsat. Aman çykmak kyn.
Aman çykmak üçin müň hupbat gerek
Kerim Gurbannepesow
12
104
Greenleaf
12.06.2021 07:53
Meniň bir gelnim bar.
Şeýle bir gelin –
Beýle ajap gelin dünýäde ýokdur,
Şeýle bir naharlar bişirýär welin,
Kekre-de oň ýanda tagamlyrakdyr.

Aş bişirse – şerebedir şerebe.
Çapady bişirse – duran bir daşdyr.
Emma özi weli şeýle görmegeý.
Özümem ýaş weli,
Gelnimem ýaşdyr.

Unaş bişirende – belkesi hamyr,
Palaw bişirende – deň-ýary kesmek.
Çörek bişirende ýüzi gül-güldür,
Deň-ýarysy küldür,
Deň-ýary kesek.

Çişlik bişirende – deň ýary kömür,
Börek bişirende – öt ýaly ajy.
Emma ýüregi bar duran bir göwher,
Dilleri bar weli,
baldanam süýji.

Mundan öňki ömrüm biderek eken,
Indi üç ýyl bäri tukat günüm ýok,
Gaýgy, gussa hasrat diýilýän zatlaň
Adyn eşitsem-de, özün bilemok.
Şeýle bir bälçik ol,
bir söz diýdigi
Adam bary burlup,
Şol güler ýatar.

Üç ýyl bäri garnym gyzyl aç weli,
Şonda-da gaharym gelenok beter.

Ýeri, nädip oňa gaharym gelsin,
Ýüzüne gyňralyp bakan mahalym,
Bir bälçigin aýdyp goýberýär welin,
Şo bada güm bolup gidýär gaharym.

Onsoňam, diňe bir bälçikligi däl,
Dökülýär elinden şeýle bir dürler –
Çeken keşdesini gören adamlar
Başyn ýaýkap, ýaýkap, ýaýkap giderler.

Alçaklyk, bälçiklik, eli çeperlik
Gyzlar üçin juda gerekdir welin,
Jan eneler, käte gyzlaryňyza
Nahar bişirmänem öwredeweriň.
Kerim Gurbannepesow
12
126
Greenleaf
11.06.2021 21:43
Ýigidiň gelýänin gördi ol gözel.
Öňünden ylgaşlap çykmak isledi.
Ýigit ýetip geldi gapyň agzyna.
Gyz onuň boýnuna bökmek isledi.

Ýigit «Salam!» diýip elin uzatdy.
Gyz ony goýbermän gysmak isledi.
Ýylgyryp stulda oturdy ýigit.
Gyz derrew bagryna basmak isledi.

Emma welin bu islegleň baryndan
Gyzy halas etdi haýa diýlen zat.
Ýaşa sen, ýaşa sen, ýaşa sen haýa!
Sensiz niçik bordy dünýä diýlen zat?
Kerim Gurbannepesow
10
57
Greenleaf
Greenleaf
14.05.2021 18:28
Işçiniň alypsatar goňşusyna açyk haty Diýdiň sen: «Işçiler nädip oňýarka Alýanja şojagaz aýlygy bilen?..» Emma weli işçiň günlük baýlygyn Deňäp bilmen ýyllyk baýlygyň bilen. Seniň puldan başga bilýän