3-nji bap
Günlerde bir gün ýaňky oglan mekdepden çykyp, gamgyn halda öýlerine gaýdyp barýardy.
Gündeliginde bolsa täzeje bir «2-lik», «2-ligiň» gapdalynda hem oglanjygyň kakasyny mekdebe çagyrýan hat ýatyr. Birden oglanyň gulagyna «jirk-jirk, juk-juk» diýen tanyş ses eşidildi. Ol başyny göterse, iki ädim öň ýanyndaky topbajyk çöpüň üstünde şol garry serçe otyr.
Jany ýanyp duran oglan serçäni gorkuzjak bolup, aýaklaryny tapyrdatdy, serçe sarsmady. Oglan aşak eglip, ýerden kesek gözläp başlady. Serçe welin äwenogam gözüniň gyýtagy bilen oglany synlap, gozganman otyr. Oglan ahyrsoň daşmy, kesekmi, bir zat tapyp, dikeldem welin, ýaňky serçe çöpüň üstünden böküp düşdi-de... adama öwrüldi duruberdi.
Hälki ýumruk ýalyjak serçe, ynha, indi görseň oglanyň üstüne abanyp:
— Salam, eý, ikilikçi oglan! Men jadygöý! Näme haýyşyň bolsa, aýdyber! — diýip dur. «Ikilikçi» lakamyny oglan juda ýokuş görýärdi.
Häzir bolsa ol şeýle bir aljyrady welin, hatda ýokuş görmegem ýadyndan çykardy. Diňe biraz salymdan soň, kynlyk bilen özüne geldi. Şol bada-da sumkasyna ýapyşdy. Depderini çykardy. Ellerini sandyradyp, gerekli sahypany açdy! — Jadygöý aga, ş-şu meseläni işläp berermiň?
Ynha... «5 sany kökäniň hiç birini-de 6 bölege bölmän, olary 6 sany çaga deň paýlamaly».
— Aý, munyň-a, iň emelsiz, siziň diliňizde aýt-sam, «ikilikçi» jadygöýem çözer. Sen ýa-ha meni oýnajak bolýarsyň, ýa-da synap görýärsiň!
— Ýok, meniň çypbakaý-çynym, jadygöý aga!
— Çynyň bolsa, diňle onda! 5 kökäniň 3-siniň her birini iki deň bölege bölüp, 6 sany deň bölegiň her birini bir çaga bereris. Soňra galan 2 kökäniň her birini 3 bölege bölüp, 6 sany deň bölek alarys we her birini bir çaga bereris. Ine, şeýtseň, kökäni 6 bölege bölmegiň geregem bolmaz — diýip, jadygöý meselä-ni çöp döwen ýaly etdi.
— Bäý-bä-ä...
Okuwçy üçin şundan artyk jady gerek däl. Onda-da ikilikçi üçin. Şeýle kyn meseläni bir demde çözüp bilýän adam ýa jadygöý bolmaly, ýa-da mugallym.
— Başga nähili haýyşyň bar, oglan?
— Ertir meniň kakamy mekdebe çagyrýarlar.
Men zerarly, onuň ýene ýüzüni gyzardarlar. Olam gelip, meniň eýimi ýetirer. Sen ertir mekdepde mugallymlaryň hemmesi biragyzdan meni öwer ýaly et! Goý, olar beýlekileriň kakalaryna diýişleri ýaly, meniň kakama-da «Ýoldaş pylanyýew! Şeýle ukyply, akylly ogul ösdürip ýetişdirýänligiňiz üçin, köp sag boluň!» diýsinler.
Jadygöý bir salym oýurganyp durdy-da, başyny ýaýkady:
— Aý, ýok, oglanjyk, munyňy men oňarman.
Mugallymlara meniň jadym ýöremez. Olar menden bilimli, menden akylly. Näme diýseň diý welin, mugallym diýme...
Oglan jadygöýüň bu diýenleri bilen bada-bat ylalaşdy. Başga näme haýyş etjegini bilmän, dymdy.
Jadygöý uludan bir pallady:
— Bar dilegiň şularmydy, oglan? Men-ä gidiber-jek onda!
Oglan alňasady:
— Dur entek, jadygöý aga...
Oglan ýeňsesini gaşady, jadygöýüň ýüzüne seredip, ýuwdundy. Onuň ýaýdanyp durşuny görüp, jadygöý ýylgyrdy:
— Hany, sen «Serçe bolsam!» diýip ýördüň-le?!
— Wiý, haw-wa!!! Sen ony nireden bilýäň?
Jadygöý onuň sowalyna sowal bilen jogap gaýtar-dy:
— Serçe bolasyň gelýäni çynyňmy?
— Çypbakaýja-çynym!
— Edil häzirmi?
Oglan ikirjiňlendi. Ikirjiňlemez ýalymy! Şunça wagtlap adam bolup gezip, birdenem serçe ýa-da başga bir zada öwrüläýmek oýun zatmy?! Onsoňam şu wagt serçä öwrülip oturyberse, onuň sumkasyny, kitap-depderlerini kim öýe eltsin.
Sumkasy, sumkanyň içindäki gündelik, günde-ligiň içindäki «2-lik» bilen kakasyna ýazylan hat ýadyna düşende, oglan tisginip gitdi, ony gaýtadan der basdy. Neresse:
— Hawa, häzir! Edil häzir! Duran ýerimde... — diýiberdi.
— Onda men tä gözden ýitýänçäm, sen «jürk-jürk-jürk» diýip, iki eliňem ganat ýaly galgat-da duruber. Men gözden ýiten badyma, sen serçä öwrülersiň — diýip, jadygöý ugraberjek boldy.
— Dur entek, jadygöý aga! Serçä öwreniňe görä meni serçe dilinde gürlär ýalam et-dä!
— Bolýa, seniň diýeniň bolsun! Ýöne onuň dere-gine sen indi adam diline düşünseňem, gürläp bilmer-siň.
— Aý, adam dilinde gürlemegiň maňa geregem ýok! — diýip, oglanjyk elini salgady. — Serçelerde mekdep, okuw, sapak diýlen zatlar ýokdur-a?
— Ol zatlar-a ýok. Ýöne sen ýene bir zady bilip goý, men gaýdyp adama öwürmegiň tärini bilýän däldirin!
— O-da hiç!
Jadygöý yzyna öwrüldi. Onuň tä garasy ýitýänçä, oglan göýä uçjak bolýan ýaly ellerini galgadyp, «jürk-jürk» diýip, gaýtalady durdy. Birdenkä ol özüni guşuň peri ýaly ýeňiljek duýdy.
Gulaklarynda ýel şuwwuldap, gözleri ýaşaryp ugrady. Ol gözüni açalak-ýumalak edip, aşak seretse, jaýlar ýumurtga ýaly, adamlar hem garynja ýalyjak görünýär. Asyl ol eýýäm uçup barýan bolsa nätjek!
Onuň «E-heý, adamjyklar, maňa serediň, maňa!» diýip gygyryberesi geldi.
(Dowamy bar)