Greenleaf
05.07.2021 09:31
4-nji bap

Ol tä ganatlary ýadap, ysgyndan gaçaýýança uçdy. Heziller edindi. Mekdebiň üstünden on-on bäş öwrüm edip, soň öňki öýlerine tarap tutdurdy. Işikde ösüp oturan garry tuduň şahasyna baryp gondy-da, aşakdaky, ýeriň üstündäki durmuşy ýokardan synlamaga başlady.
Gapydan ilki bilen ýaňy mekdebe gatnap ugran inisi çykdy. «Anha, indi öýüňem, mekdebiňem bar jebrini özüň çekiber!» diýip, serçä öwrülen oglan içini güldürdi. Onuň şu wagt hakyky serçe bolup, tuduň şahasynda oturanlygyny biläýse, inisi näderdikä?! Geň galmakdan hem görübilmezlikden ýaňa gözi hanasyndan çykardy. «Eje-e-e, menem serçe boljak!» diýip, zörledip ugrardy. Oglan-serçe durup bilmedi. Şuwlap aşak gaýtdy-da, inisiniň edil burnunyň öň ýanyndan okkesdirme geçdi. Inisi gorkudan ýaňa tas arkan ýykylypdy. Ol gözüni elek-çelek edip, esli wagt durdy. Onýança içerden:
— Gyýw, Batyr, seret hany, gelmeýärmi? — di-ýip, ejesiniň sesi çykdy. Inisi burnuny çekip goýberdi-de, duran ýerinden töweregine garanjaklan bolup:
— Ä-ä, gelenok! — diýdi.
«Samsyk, agaň depäňde otyr ahyryn!» diýip, oglan-serçe içini gepletdi. Soňrak ejesiniň özi çykyp seretdi. Elini gözüniň üstüne kölegeledip, kän durdy.
— Wah, şundan ýaňa göwnüm ynjalman, gula-gym dynman gitdi-dä! — diýip, hüňürdeý-hüňürdeý içeri girdi.
Bäş-on minut geçmänkä, ejesi ýene çykdy.
— Batyr, bar, görüp gel hany, Gurban dagy gelip-mi?!
Oglunyň klasdaşlary Gurban dagynyň bireýýäm gelenini eşidenden son, ejesi hasam howsala düşdi:
— Allajanlarym, näme bolduka muňa? Maşyn-paşynyň aşagyna düşmedik bolsa ýagşydyr hernä!
— Aý, näme bolandyr öýdýäň şo bihepbäňe!
Sapakdan soň mekdepde alyp galandyrlar ýa-da oglanlar bilen pökgi kowalap ýörendir — diýip, kaka-sam içerden dillendi.
— Wah, balajygym nirede bolanda-da, şu wagta gelmel-ä! Gün ýaşyp barýar ahyryn!
Ejesiniň jibrinip, iki ýana zowzuldap ýörşüni görende, oglan-serçäniň bogazjygy doldy. Ejesi özüni beýle gowy görýändir öýdüp, onuň şu wagta çenli kellesine-de gelenokdy. Ol saklanyp bilmän, tas «Eje, men bärde!» diýip gygyrypdy. Özüniň indi adam dilinde gürlemäge hakynyň ýoklugy ýadyna düşüp, hyrçyny dişläýdi.
Onýança ýokardan şuwwuldap bir topar serçe geçiberdi. Oglan-serçe petekesini dolduryp, uludan demini aldy-da, kynlyk bilen ýokary göterildi.
Serçeleriň yzyndan uçdy gitdi.

5-nji bap

Ilki-ilkiler ol barada serçeleriň arasynda uly gürrüň boldy. Gürrüňiň başyny bir gözi çaşyrak, uruşganlygyndan bolsa gerek — kellesi tä beýnisine ýetiberýänçä çokulan, şol bolşuna-da juda garagolsyraýan serçe başlady:
— A-haw, serçeler, täzeden bäri aramyzda biri görünýär welin, asyl öň göze ilýän zat däldi-le?!
Özem hondan bärisiräp, ile goşulanog-aý!
— Haww-aý, gökden düşen ýaly öz-ä!
— Dilem çalgyrdrakmy-nämemi?..
— Dilini özi bilsin welin, asyl oňarýan zady ýok onuň! Ne gurçuk çöplemegi oňarýar, ne-de çekirtge tutmagy.
— A-haw, birhili syrlyja görünýär welin, Çotdy serçe dagynyň iberen jansyzy bolaýmasyn şu?!
— Aý, senem onarýaň-ow! Onun ýaly nalajedeýindenem bir jansyz bolarmy! Hol Çalyň ýa-da Körüň toparyndan azaşyp galan aňkaw diýerler oňa!
— Azaşanam däldir şol. Kowlup gelendir.
Iň ýokardaky şahada sesini çykarman oturan gartaşan serçe bir ganatyny galdyrdy. Jedel tapba ýatdy. Gartaşan serçe serçelere mahsus bolmadyk agraslyk bilen söze başlady:
— Jemagat! Hemmäňiz pikiriňizi aýdyp bolan bolsaňyz, indi maňa gulak asyň! Çalgyrt bolsa-da, aňkaw bolsa-da, başga topardan bolsa-da, azaşyp ýa-da kowlup gelen bolsa-da, ol serçe. Ser-çe! Diýmek, özümiziňki. Kesip taşlara ýerimiz ýok. Şonuň üçinem, ony gyrakladyp, gybatyny edip ýörmän, gaýtam, özümize çekjek bolalyň! Belki, öwrenişip bilýän däldir, belki, başga bir derdi bardyr. Meniň pikirimçe, oňa haýsy-da bolsa bir möhüm ýumuş tabşyrmaly we şeýdip ony zähmet arkaly terbiýele-meli!
«Zähmet arkaly terbiýelemek» diýmeklik serçeleriň dilinde sütüniň süýnýänçä işletmekligi aňladýardy. Şonuň üçinem serçeler ýaňky gartaşan serçäniň pikirini bada-bat alyp göterdiler:
— Eý, biziň parasatly, ýeňilmezek serdarymyz!
Seniň sözleriňde diňe hakykat bar. Biz seniň akylyňa, adalatly hökümiňe öňem boýundyk, häzirem boýun!
— Hawa, ojagaz deljäni serdaryň aýdyşy ýaly edip terbiýelemeli!
— Goý, özüni görkezsin!
— Ynamy ödemese-de, görübiris!..
— Duruň-how entek! Hany, oňa näme ýumuş tabşyrarys?
Serçeleriň arasyna dym-dyrslyk aralaşdy. Olaryň pikirini bilmek üçin, toparyň serdary — gartaşan ser-çe-de sesini çykarmady. Umuman, ol beýlekileriň sözlerini diňläp-diňläp, iň soňundan hemmesinem ýalana çykaryp goýbermegi gowy görýärdi.
Birhaýukdan soň, perleri sal-sal, bir serçe naýyn-jar halda dillendi:
— Eger garşy bolmasaňyz, serdarymyzam makulla-sa, şol täze gelen serçäni maňa berseňiz! Meniň maşgalam agyr, eklejegem özüm. Kakalarynyňam...
— diýdi-de, gözlerini ýaşartdy.
— Ejizleme, Küleje, ejizleme! — diýip, bir eka-byr serçe onuň sözüni böldi. — Seňkiden agyr maşgalany ekläp gördük, ýeke özümiz ekledik.
Şonda-da zeýrenmäň, ejizlemäň nämedigini bilen däldiris. Merdräk bolarlar...
Maslahaty serdar jemledi:
— Onda mende şeýle bir teklip bar! Agsak janawaryň nä güne düşenin-ä hemmäňizem bilýäňiz.
Ýatan ýeri ýagty bolsun pahyryň, pişige ýesir düşüp, serçelerçe gurban boldy. Onuň ýanýoldaşam bir bezzadyň kemanyndan heläk boldy. Höwürtgelerinde bir topar ýumurtga eýesiz galdy. Ine, şol höwürtgäni, şol ýumurtgalary täze geleniň — Deljäniň boýnuna ýükläýsek diýýärin. Goý, sakçylyk etsin, çülpeler ýumurtgadan çykansoňam ekläp-saklap, ile goşsun!
Serçeler mähellesi serdaryň bu teklibinem biragyzdan alyp göterdi. Iki sany serçe ýör-hä-ýör bilen Deljäni (oglan-serçä bizem indi Delje diýibereliň!) öňlerine salyp geldi. Serçeleriň düzüm-düzüm bolup oturanyny gören Deljäniň huşy başyndan uçdy. «Hiýh, ene-atalar ýygnagy oguşýan...
Işim gaýtdy!» diýip, ol pikir etdi.
— Serdaryň ýanyna, serdaryň! — diýip, ony alyp gelen serçeleriň biri çüňki bilen onuň ýeňsesini çalarak gyzdyryp goýberdi. — «Wah, öňräjik, men entek adamkam, şeýtjegiňizi bilen bolsadym, serdaryňyz-perdaryňyz bilen birlikde dyr-pytrak ederdim welin...» diýip, Delje içini hümlede-hümlede, serdaryň gaşyna bardy.
Serdar oňa tarap gözüniň gyýtagyny çalaja aýlady-da, serdar gedemligi bilen sowal berdi:
— Sen, bi, Agsaklaryň höwürtgesini bilýäňmi?
Delje görgüli Agsagy nireden bilsin — towsagy nireden bilsin. Ol eginjigini gysdy.
— Bilmeseň, görkezerler. Şol höwürtge üçin, hö-würtgedäki ýumurtgalar üçin başyň bilen jogap bermelisiň! Bu gün-erte ol ýumurtgalardan bir topar eýjejik serçe çykar. Olary eklemegem seniň boýnuňa.
Ýatdan çykarma, eger şolara bir zat bolaýsa... — Serdar haýbat bilen pysyrdady. — Onda men seni öz çüňküm bilenjik üterin!
(Dowamy bar)
5
46
Ovezova_
5 Iýul 2021
👏👏👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.