GÜNÜŇ DOGÝAN ÝURDY ÝAPONIÝA SYÝAHATA GITJEKLER ÜÇIN
1. ÇAÝ PULY GOÝMALY DÄL
Çaý pullary goýmak Ýaponiýada kabul edilmedik. Ofisianta ýa-da barmene çaý puly goýmak isläp ýa gaýtargyny goýmak isläp siz adamlary çynlakaý öýkeledip bilersiňiz.
2. NAGTMY ÝA KART
Kart bn hasaplaşyp elbetde bolýar. Ýöne hemme wagt we hemme ýerde däl. Bir sebäbi ähli bankomatlar daşary ýurt kartlaryny kabul edmeýärler. Şeýle hem ähli bankomatlar agşam sagat 7 ä çenli işleýärler.
3. WALÝUTANY NIREDE ÇALYŞMALY?
Eger-de walýutany nagt görnüşde äkitýän bolsaňyz, onda iň gowusy ony göni aeroportda çalyşmakdyr. Döwlet banklaryna gidip çalyşmak hem wagtyňyzy alar, hem banklar walýutany diňe belli bir wagtda we diňe iş günleri çalyşyp berýärler.
4. Zibilleri diňe zibil gaplara!
Köp jahankeşdeleri Ýaponiýaň köçelerindäki arassalyk geň galdyrýar. Sebäbi raýatlaryň arassaçylygy saklamagyna häkimýetiň özi gözegçilik edýär. Häkimýet elmydama raýatlara zibil taşlamagyň jenaýatdygyny we onuň üçin maddy görnüşde jeza beriljegini ýatladyp durýar ( birnäçe ýüzdollar görnüşdäki jerime). Ýaponiýa baryp zibil taşlamaň. Hatda taşlanan ýekeje çilim galyndysy hem size gymmat düşer.
5. ŞAHSY GIŇIŞLIGI BOZMAZLYK
Günbatar medeniýeti Ýaponiýada güýçli ösen hem bolsa, el gysyşmak edil öňküsi ýaly ýaponlary özlerini birahat duýmaga mejbur edýär. Ýaponlar el gysyşmaga gorky hem alada bilen garaýarlar. Umuman Ýaponiýada el uzadanyňyzdan baş egeniňiz gowy bolar.
6. MOBIL TELEFONY KIREÝNE ALMAK
Ýaponiýa gelip smartfonuňyzyň işlemeýändigini bilmegiňiz mümkin. Ähli görnüşler ýapon işleýiş toruna gabat gelmeýär. Iň gowusy göni aeroportda mobil telefony sim karty bilen bile kireýne almakdyr.
7. TAKSI BILEN GITMEKLIK
Taksi bilen gezmek Ýaponiýada gymmat lezzet hasaplanylýar. Eger bardy-geldi taksi hyzmatyndan peýdalanmaly bolaýsa hem indikileri ýatda saklaň. Taksistker hem hiç hili ýagdaýda çaý pul almaýarlar we dogruçyl işleýärler. Puly diňe hasplaýjy boýunça alýarlar. Ýene bir zat taksileriň işigi ýapylanda hem açylanda hem awtomatiki usulda işleýärler. Taksa müneňizde diňe nagt hasplaşyp bilersiňiz. Sebäbi daşary ýurt kartlar bilen hasaplaşmakda kynçylyk döreýär.
8. TRANSPORTDA ÜMSÜMLIK
Jemgyýetçilik transportyndan peýdalanyp onuň ümsümligini belläp bilersiňiz. Ümsümlik bu ýerde özüňi alyp barmagyň medeniýetiniň bir görnüşi hasplanylýar. Hatda jaň sesi hem siziň edipsizligiňiz hasplanylýar. Eger telefonda gürleşmeli bolsa hem muny ýuwaş ýerine ýetiriň. Ümsümlik barada dinamiklerde we wsgonlaryň agzynda hem ýatladylýar.
9. ARASSA JORAPLAR
Ýaponiýada dürli sebäplere görä köplenç aýakgapsyz gezmeli bolýar( ybadathana gireňizde). Şol sebäpli hem jorabyňyzyň abatlygyna we arassalygyna örän ünsli boluň.
10. HAÇAN GITMELI?
Ebetde ýapon tebigaty hemme wagt ajaýyp. Ýöne şeýle hem bolsa iň gözel görnüşleri görmek üçin aprelde- ýapon üljesi sakuraň gülleýän wagty we noýabrda- ýapon klýonlary ot gyzyl reňke boýalýan wagty gitmeklik maslahat berilýär.
Çrşme: Лайфхакии- программа