Greenleaf
27.06.2021 12:02
Sen maňa bir gije düýşümde sataş,
Ynandyr şol pursat ýalan söýgüňe.
Hut çyn sözläp, meň yşkmda ýanýan dek
Haýran galdyr dilden çykan öwgüňe.

Baglarda aýlansak, gülleri ýolsak,
Ynandyr meň üçin ýaşaýanyňa.
Şeýlebir ajaýyp hoş sözler aýdyp,
Ynandyr bu ýola başlaýanyňa!

Ynandyr, döwrümiz üýtgeýär diýip,
Dörär entek aşyklaryň şäheri,
Biz şonda elbetde bagtly bolarys
Söýgi bilen garşy alýas säheri.


Sen meni ynandyr yşkyň şähriniň
Bazarynda söýgi satyljagyna!
Agajynda söýgi miwesi bişip,
Kim geçse başyna atyljagyna.

Sen meni ynandyr, "Yşkyň şährinde
Men melike, sen şa bolarsyň"diýip!
"Dünýäň gam-gussasy ýok ol şäherde
Yşkdan joşup bagtly bolarsyň" diýip.

Şeýdip aldanmaga men mydam taýyn,
Seret, muňa razylyk berdimem.
... Eger söýülmedik adam bar bolsa,
Elbetde, düşünip biler derdime.

Annamyrat Annamyradow
8
101
guli_
27 Iýun 2021
♥♥♥♥
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
27 Iýun 2021
👍👏👏👏👏👏👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.