Greenleaf
03.07.2021 08:53
Kömek Kulyýew ADAM BOLMAK KYN EKENI...
Erteki-powest Waleriý Medwedewiň «Barankin, adam bol!» atly powestiniň äheňinde.
1-nji bap Olam ilki siziň ýalyrakdy. Kiçijik bir adamdy, ýöne adamdy. Her gün säher bilen jaňly sagadyň sesine tisginip turardy, demlengi duran çaýa agzyny ýakdyryp, bir eline sumkasyny, bir eline-de kökesini alyp, mekdebe tarap eňerdi. Ullakan klas žurnalynda, il deňinde onuňam ady bardy. Ýöne ol öz adyny asla halamazdy. Sebäbi, şol at zerarly onuň gören görgülerini sanap çykjak bolsaň, demiň tükenýär. Beýle diýsem, iliňkiden üýtgeşik, iliňkiden ýaramaz ady bardyram öýtmäň.
Onuňky ýaly ady göterip ýören, özem birkemsiz göterip ýören oglanlar bir däl, on dal, gaty kän. Ýöne onuň pikiriçe, şol ady dakynyp ýören oglanlaryň hemmesem baryp ýatan bagtsyz, keçmaňlaý bolmaly.
Sebäbi şol at ony her gün sazanaklap tagtanyň öňüne çykmaga çagyrýar. Şol adyň yzynda iki eplenişip duran «2-likler» ony ene-atasynyň, deň-duşlarynyň öňünde ýüzügara edýär. Her gezekki ene-atalar ýygnagynda şol at tutulan badyna, mugallymlar ýerli-ýerden jibrinişip, käýinişip ugraýarlar.
Ynha, indi alty-ýedi ýylyň içidir, ýagdaý şeýle.
«Ýok, mundan at bolmaz, mundan durmuş bolmaz!» diýip, ol içinden kän gezekler zeýrenerdi.
Klas aýnasynyň öňündäki agajyň o şahasyndan bu şahasyna böküşip, gaýgy-gamsyz jürküldeşip ýören serçelere onuň hut gözi giderdi. «Şularyňky hezil!» diýerdi. «Süýji ukudan kesilip, säher bilen mekdebe gitme aladalary ýok. Mugallymyň öňünde müzzerip durma gorkusy ýok. Nirä gitselerem, näme etselerem – öz ellerinde» diýerdi. «Wah, menem şularyň biri bolsam bolmaýarmy! Ähli ýoldaşlarymyň içini ýakyp, aýnanyň öňünde eýläk-beýläk bökjekläp ýörsem bolmaýarmy!» diýip, ah çekerdi.
Serçelerem ony has öjükdirjek bolýan ýaly, «jürkde-jürk», «jykyrda-jykyr». Bir köpi gören, garry serçe bolsa käte edil aýnanyň öňüne gonýar-da, ýaňky oglana seredip «juk-juk-juk» diýýär, hatda başjagazynam ýaýkan bolýar. Garry serçäniň bu hereketini özüne duýgudaşlyk hasap edip, oglanyň bokurdagy dolardy. Şol garry serçeden başga oňa nebsi agyrýan ýok. Serçäniňem duýgudaşlygyndan peýda barmy näme! Ol görgüli «A-how, adamlar, bu ikilikçi neressä haýpyňyz gelsin. Ony öz gününe goýuň!» diýip bilmese. Ýa-da onuň ýerine ähli sapaklary özleşdip, «5-lik» alyp berip bilmese. Iň bolmanda öý işini işlemäge kömek edip bilsedi. Ýok-la, serçe nire – bu düşnüksiz mysallar, meseleler nire.
Wah, serçeleriňki hezil-le!


2-nji bap Bir bar eken, bir ýok eken, bir jadygöý bar eken.
Özüniňem soňky döwürde işi şowuna däl eken. Asyl nirä barsa, oňa ýüz berip, sözüne ynanýan adam bolmasa nätjek. Ulularyň-a hemmesi ony samsyk hasaplap, üstünden gülýän eken. Kimiň ýanyna baryp:
— Men jadygöýdürün, näme haýyşyň bolsa aýt!
— diýse:
— Göteril-ä, aňkasy aşan! Häzirem bir jadygöý bormy? Bolaýanda-da, meniň jadygöýe galyp duran işim ýok. Hemme zadymam bar, ýerbe-ýer! — diýip, ony kowar eken. Yzyndanam:
— E-heý, sähne, bütinleý akylyňdan azaşaýman- kaň, tizräk doktora bar, özüňi bejert! — diýip, gygy-ryp galýarmyşlar.
Gepiň gysgasy, jadygöý bütinleý işsiz galypdyr, abraýdan düşüpdir.
Başga alaç galmansoň, jadygöý: «Iň bolmanda, kiçileriň arasynda bir maňa hyrydar çykan tapylmazmyka?!» diýip, şäherme-şäher, obama-oba aýlanmaga başlapdyr. Özem bir gün adam sypatynda aýlansa, ertesi towşana öwrülýärmiş, soň bir görseň, guş bolup gaýyp ýör diýýär.
Jadygöý bir gezek penjiräniň öňünden geçip barýarka, penjireden içerik seretse, birtopar oglanmy-gyzmy, kitap okap, hat ýazyp, garabaşynagaý. Olaryň arasynda bir oglanyň welin ne hat bilen işi bar, ne-de kitap bilen. Iki elini dulugyna diräp, çuň oýa batyp otyr, özem käte-käte daşardaky serçelere seredip, uludan demini alýar. Jadygöý onuň öňünde açylgy duran gündelige seredip görse, gündeligiň gatlary küýküje-küýküje garynjadan doly. Geň galan jadygöý gündelige has içginräk seretse, ýaňky küýküjeler garynja däl-de, «2-lik» eken. «Ä-hä, duruber bakaly!
Görýän welin, gardaş, seniňem işleriň ugruna däl bolara çemeli. Sen-ä meniň kömegimden ýüz öwrüp durmasaň gerek!» diýip, jadygöý içini gepletdi.
Şondan soň, ol her gün garry serçäniň sypatyna girip gelip, ýaňky oglanyň edýän pikirlerini okamaga, arzuw-hyýallaryny öwrenmäge başlady.
(Dowamy bar)
6
135
Ovezova_
4 Iýul 2021
Myhman myhman ine birinji we ikinji baby

👏👏👏
guli_
3 Iýul 2021
👏👏👏👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.