Güljagaz♡♡♡
07.04.2023 04:35
Galstuk-kim, haçan oýlap tapdy?
Ilkinji galstugy horwatiýalylaryň oýlap tapandygy, fransuzlaryň bolsa ony kämilleşdirip, şu günki görnüşe getirendigi barada maglumatlarda bellenilýär. Galstugyň oýlanyp tapylyşy XVII asyrdan gözbaş alýar. Fransuzlaryň harby egin-eşigini geýen horwat esgeri boýnuna mata bölegini daňýar. Muny gören fransuzlar ýakada mata bölegini daňmagyň harby lybasa gelşik berjekdigini bilýärler. Netijede, ilkinji galstuk harby lybaslaryň bir bölegi hökmünde ýüze çykýar. Ony fransuzlar «La Cravate» diýip atlandyrýarlar.
Wagtyň geçmegi bilen Ýewropada «La Cravate» uly ösüşe eýe bolýar. 1800-nji ýyllarda şarf görnüşli galstuklar meşhur bolup, ony derejeli adamlar nepisligiň we baýlygyň alamaty hökmünde dakynypdyrlar. 1818-nji ýylda «Neckclothitania» atly kitapça neşir edilip, onda galstuk dakynmagyň düzgünleri we daňmagyň ýörgünli usullary görkezilýär. Senagatda birnäçe ösüşleriň gazanylmagy netijesinde zygyr matadan, ýüň we ýüpek matalardan galstugyň täzeçe görnüşleri öndürilip başlanýar. Bu döwürde askotlar (Angliýada at ýaryşlarynda çapyksuwarlaryň dakynýan boýunbagy) uly meşhurlyga eýe bolýar. Soňlugy bilen alymlar, lukmanlar we baý mülkdarlar hem askot dakynyp başlaýarlar.
1920-nji ýyllarda Nýu-Ýorkda öndüriji Jesi Langford matanyň bir tarapyny burçly kesip, uzynlygyna üçe epläp tikmek usulyny oýlap tapýar. Şeýdip ol «galstuk ýasamagyň» täzeçe usulyna patent alýar. Onuň bu usuly senagat üçin öwrülişik bolup, şu günki güne çenli ulanylyp gelinýär. Oňa «Langford Necktie» diýip at berýärler.
1950-nji ýyllarda galstugyň insiz görnüşleri has ýörgünli bolup, dürli hili nagyşlar bilen bezelip başlanýar. Ony, esasan, aýdymçylar, sazandalar dakynýarlar. 1960-njy ýyllarda bolsa ýaşlaryň arasynda kipper galstugy dakynmak ýörgünli bolýar. Esasan, goňur görnüşi bolan bu galstuk gysgalygy we giňligi bilen tanalýar.
Dört asyryň dowamynda kämilleşip, biziň şu günlerimize gelip ýeten galstuk häzirki zaman jemgyýetinde «medeniýetiň nyşany» hasaplanýar. Häzirki wagtda millionlarça adam galstugyň dürli görnüşlerini iş, ýaşaýyş we medeni şertlerine görä dakynýarlar. Ol adamy salyhatly we medeniýetli görkezýär
18
96
Güljagaz♡♡♡
06.04.2023 04:01
TELEWIZOR..
Irki döwürlerde adamlarda wagtyny gyzykly we şatlykly geçirmekleri üçin şekilli güýmenjeleriň zerurlygy ýüze çykypdyr. Şeýlelikde, ýönekeýje sahna eserleri peýda bolup, keşpleri janlandyrýan ilkinji artistler döreýär. Wagtyň geçmegi bilen has-da kämilleşdirilen teatr eserleri (komediýa, tragediýa) kino sungatyndaky ilkinji ädimlere itergi berýär. Ýazga alnan şekilli hereketlere soňundan haýsydyr bir enjam arkaly tomaşa edip boljakdygy hakyndaky pikirleriň orta atylmagy bilen dünýäniň birnäçe ýerinde «güýmenje gutusyny» oýlap tapmaklyga girişilýär.
Telewizor gelýän ses we şekil ýygylygyny elektromagnit tolkunlary arkaly kabul edip, ýagtylygyň kömegi bilen ekranda şekilleri görmäge mümkinçilik berýän elektron enjamdyr. Telewizor bilen monitor biri-birinden tapawutlanýan enjamlar bolup, olaryň oýlanyp tapylyşy barada dürlüçe çekişmeler bar. «Telewizor» adalgasy grekleriň «tele» hem-de latyn diliniň «visio» sözleriniň goşulmagyndan gelip çykyp, «görmek» diýen manyny berýär.
Maglumatlara salgylansak, ilkinji monitor 1923-nji ýylda Angliýada oýlanyp tapylýar. Şotland inženeri Jon Berd oýlap tapan enjamyny has-da kämilleşdirip, ak-gara nokatlardan düzülen, radionyň ululygyndaky ilkinji telewizory işläp düzýär. 1926-njy ýylda Berdiň ilkinji teleýaýlymy açmagy bilen bu enjamyň meşhurlygy artyp başlaýar. 1936-njy ýylda Berlin tomusky Olimpiýa oýunlarynyň käbir bölekleriniň telewizorda görkezilmegi bilen, bu enjama bolan isleg has-da ýokarlanýar.
1950-nji ýyllarda ABŞ-da telewizorlar öndürilip, ilkinji gezek köpçülikleýin satuwa çykarylýar. 1960-njy ýyllarda teleýaýlymlar reňkli görnüşe geçýär. Bu ýagdaý müşderileriň gyzyklanmasyny has-da artdyryp, öýleriň köpüsinde telewizorlar peýda bolup başlaýar.
Ilkinji telewizorlarda ýaýlymy üýtgedip bolýan düwmeler bolup, tomaşaçy başga ýaýlyma geçirip görmek üçin her gezek ýerinden turmaly bolýar. «Güýmenje gutusynyň» oýlanyp tapylmagyndan 20 ýyldan soň uzakdan dolandyrylýan kabelli pult işlenip düzülýär.
Jon Berd tarapyndan oýlanyp tapylan «güýmenje gutusy» ençeme ýyllardan bäri öýlerimizi bezeýär. Ak-gara ekrandan başlap, tehnologiýanyň ösmegi bilen şu günki görnüşe getirilen telewizorlar adamlaryň wagtyny gyzykly we medeniýetli geçirmeklerine ýardam edýär. Köpleriň iň ýakyn dostuna öwrülen bu enjamlaryň häzirki wagtda dürli ölçegdäki plazma ekranly, ýokary durulykly, LCD (suwuk kristal görkezijili) görnüşleri bar. Mundan başga-da, sensorly, USB porty bolan, hatda üm hereketleri arkaly dolandyrylýan «akylly» telewizorlar hem öndürilýär.
22
187
Güljagaz♡♡♡
03.04.2023 21:26
ÝALAN SÖZLEÝÄN ADAMY NÄDIP TANAMALY?
Adamlaryň arasynda iň köp ara alnyp maslahatlaşylýan mowzuklaryň biri, adamyň beden hereketleriniň üsti bilen ýalan sözläp ýa-da sözlemeýändigini bilip bilmekdir.
Käbir psihologlar, diňe birine seredip ýalan sözleýändigini ýa-da sözlemeýändigini aýdyp bilmejekdigiňizi aýdýarlar. Bu hakykatdanam ünsi çekmeli zatlaryň biri. Ýalan sözlemekligi 2 topara bölýärler:
1. Patologiki ýalanlar;
2. Ak ýalanlar.
Patologiki ýalan näme we onuň patologiki ýalan sözleýändigini nädip bilip bileris?
Patologiki ýalan – kimdir biriniň duýgusyna zyýan ýetirmezlik we olara zyýan bermezlik üçin aýdylýan ak ýalan ýaly däl. Hiç bir sebäpsiz aýdylan ýalana patologiki ýalan diýilýär. Patologiki ýalançylaryň aýratynlyklaryny aşakdaky ýagdaýlary görkezýär:
• Adam utançdan ýa-da kynçylyk çekmek ýaly oňaýsyz ýagdaýlardan gaça durmak üçin ýalan sözläp biler, patologik ýalançy bolsa obýektiw peýdasy bolmadyk ýalanlary ýa-da hekaýalary aýdyp biler.
• Özlerini gahryman hökmünde görkezmek üçin şahsy üstünlikleri hakynda gürleşýärler.
• Berilýän soraglara çalt jogap berýärler, ýöne berýän jogaplary köplenç düşnüksiz bolýar.
• Patologiki ýalançylar ajaýyp kyssaçylardyr. Olaryň ýalanlary gaty jikme-jikdir.
• Ýalan sözleýän bu ýalançy gaty ynandyryjy bolup biler.
• Käwagt özlerini gurban hökmünde-de görkezip bilerler.
• Duýgudaşlygyna ýa-da kabul edilmegine gönükdirilen ýalanlary aýdyp hem bilerler.
• Käwagt özleriniň aýdýan ýalanlaryna ynanýan ýaly.
• Owadan gürleýärler we nirde, nädip gürleşmelidigini has oňat bilýärler.
• Sorag berlende, soraga jogap bermezden üznüksiz gürleşip bilerler.
Ak ýalan näme?
Ak ýalan – käbir adamlaryň gündelik durmuşymyzda ulanýan ýalanymyzdyr. Has dogrusy, zyýansyz, erbet niýetleri öz içine almaýan ýalandyr. Mysal üçin, bir ýere gijä galanymyzda näme üçin gijä galandygymyzy aýtmagyň ýerine kiçijik ýalan sözleýäris. Bu ýagdaý hem ak ýalan kategoriýasyna girýändir.
Ýalan sözleýäni nädip tanamaly?
Kimdir birine sorag bereniňizde ikirjiňlenýän bolsa ýa-da soragyňyza «näme üçin bu soragy berýärsiň?» diýip, jogap berse beýnisinde size berjek ýalany barada azajyk pikir edýän bolmagy-da mümkin.
Ýalan sözleýän adama üns bilen serediň, sebäbi ýalan sözleýän adam stresde bolýar. Agzy gurap başlaýar we impulsy çaltlaşýar.
28
552
Güljagaz♡♡♡
30.03.2023 04:41
UKY....
Uky (latyn. somnus) — bu oýanma ýagdaýyna ters gelýän tebigy fiziologiki ýagdaý, daşarky dünýä reaksiýasynyň peselmegi bilen häsiýetlendirilýär. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSSG-nyň) berýän maglumatlaryna görä, ululara bir gije alty-sekiz sagat uky gerek. Ukusyzlygyň howpy köp gezek ara alnyp maslahatlaşyldy. Durmuşyň hiline, keýpine, öndürijiligine, abadançylygyna ep-esli täsir edýär, garramagy çaltlaşdyrýar. Şeýle hem, dowamly ukynyň ýetmezçiligi beýniňe ýaramaz täsir edýär. Ukusyz bir gün beýnide himiki prosesleriň döremegine, akyl bozulmalaryna sebäp bolýar. Iki günden soň gormonal fon üýtgeýär we nerw baglanyşyklary kesilýär. Üç ýa-da has köp gün ukudan soň beýniniň öýjükleri dargap başlaýar we içki organlara, esasan hem ýürege ýük artýar. Bütindünýä uky güni her ýyl mart aýynyň üçünji anna güni bellenilýär.
Uky, ähli adamlaryň talap edýän zady, ýöne köplenç meşgul durmuşymyz bilen ol üýtgäp durýar. Geçirilen gözlegler, saglygyňy goramak we deňagramly durmuşda ýaşamak üçin ukynyň nähili möhümdigini görkezdi.
Baýramyň taryhy:
Baýram Bütindünýä uky lukmançylyk birleşiginiň (WASM) Bütindünýä uky komiteti tarapyndan döredildi. Onuň maksady uky meselesine, ukynyň bozulmagynyň öňüni almak, bejermek we sagdyn ukynyň ösmegine köpçüligiň ünsüni çekmekdi. Bu gün her ýyl öz aýratyn şygary bilen geçirilýär. Ilkinji Bütindünýä uky güni 2008-nji ýylda esaslandyrylyp, “Rahat ukla, gowy ýaşa!” şygary bilen geçirildi.
Uky hakda gyzykly maglumatlar:
Somnologiýa — uky bozulmalaryny öwrenmek, anyklamak we bejermek bilen baglanyşykly ylym.
Awgust Kekule uklap ýatyrka, benzol formulasyny tapdy.
Rowaýata görä, D.I.Mendeleýew düýşünde himiki elementleriň döwürleýin tablisasyny açypdyr.
Arzuwlar ukuda sarp edilýän wagtyň diňe 15-20%-ini alýar.
Adam uklap galandan bir ýarym sagat soň düýş görüp başlaýar.
26
366
Güljagaz♡♡♡
29.03.2023 08:08
1. Özgäniň kemçiligine bellik edip ýörmekden uly kemçilik barmyka?
2. Asla biriniň umydyny kesme! Belki-de ýeke-täk eýe bolan zady şoldyr.
3. Aýakgabymyň ýoklugyna gynanýardym, aýagy ýok adamy görenime çenli.
4. Ýitirjek hiç bir zady galmadyk adamdan özüňi gora.
5. Haçan-da ýazmagy başarmaýan çagyň ýazmak gerek.
6. Saňa edilmek islemedik zadyňy, başga birine etme.
7. Çykan gapyňy gaty ýapma, belki-de yza dönmek isläp bilersiň.
8. Dilden gelen elden gelse – çyn gedaý patyşa bolar.
9. Iki gezek ýaşaýan ýok, emma bir gezek hem ömür sürmegi başarmaýan köp.
10. Daşy deşen, suwuň güýji däl-de, damjalaryň yzgiderligidir.
11. Garny açlardan has hem kalby açlara gynanýaryn.
12. Adam öz ýalňyşyny, diňe özgeleriň gözi bilen görüp biler.
13. Ýalan at ýaly gider, hakykat ýöräp, ýöne wagtynda ýetişer.
14. Ylymy ogurlatsaň köpeler, maly ogurlatsaň kemeler.
15. Ýaman diýdi – başda ýagşydym menem!
21
131
Güljagaz♡♡♡
28.03.2023 12:05
Bütin dünýä ýüzindäki deňizlerde ýaşaýan jandarlaryň görnüşleri 250 müňden gowrakdyr.
Pandalar çekinjeň haýwanlardyr. Olar adamlaryň ýaşaýan ýerine golaý ýerlerden gaça durýarlar.
Syrtlanalaryň iýmit siňdiriş agzalary ýyrtyjy haýwanlaryň arasynda iň kämilleridir.
Alahöwren Gün şöhlesiniň astynda uzak wgtlap ýatyp bilmeýär. Şonuň üçin hem ol, beýleki ýylanlara görä, Güne az çoýunýar.
Syçan büresi örän çalasyn hereket etmäge ukyplydyr. Ol hiç durmazdan 3 günläp, sagatda 600 gezek böküp bilýär.
Belkalar owukda we Gün şöhlesinden goranmak üçin guýruklaryny saýawan hökmünde ulanýarlar.
Dünýädäki iň uly hem agyr guş düýeguşdyr. Olaryň boýy 2,5 metr bolup, awtobusyň beýikligi bilen deňdir.
Dünýädäki iň uly jandar gök kitdir. Bu läheňleriň uzynlygy 30 metre çenli bolýar. Gök kitleriň üstünde sekiz sany düýäni hatarlap goýsaň bolýar. Olaryň agramy 150 tonna çenli bolup, sany kiçi maşynyň agramyna deňdir.
Dünýädäki iň uly balyk läheň akuldyr. Olaryň boýy 15 metr, agramy 30-40 tonnadyr.
Dünýädäki iň uzyn ýylan torly pitondyr (Zähersiz, tropiki uly ýylan). Torly pitonlaryň uzynlygy 10 metre çenli ýetýär, ýagny alty welosipedi (tigri) hatarlap goýanyňa barabardyr.
Dünýäde diňe suwda ýüzýän balyklar bolman eýsem uçýan balyklar hem bardyr. Uçýan balyklar ýügüçleriniň kömegi bilen sagatda 50 km ýüzende uçup bilýärler. Uçýan balyklar adatça duşmanyndan (akuladan) gaçanynda 100 metr aralygy geçip bilýärler. Olary gomlar ýa-da şemal uçuryp gäminiň üstüne taşlaýsa, uçup gaýtadan suwa düşüp bilmeýärler.
Dünýädäki boýy iň beýik jandar žirafadyr. Žirafalaryň boýy 5,5 metre çenli ýetýär.
Gurbaga ýer yranma hadysasyny birnäçe gün öňünden duýýar.
Pandalaryň esasy iýmiti bambuk agajydyr.
Hindi pillleri öýdeçidir, Afrika pilleri öýdeçi däldir.
18
167