Galstuk-kim, haçan oýlap tapdy?
Ilkinji galstugy horwatiýalylaryň oýlap tapandygy, fransuzlaryň bolsa ony kämilleşdirip, şu günki görnüşe getirendigi barada maglumatlarda bellenilýär. Galstugyň oýlanyp tapylyşy XVII asyrdan gözbaş alýar. Fransuzlaryň harby egin-eşigini geýen horwat esgeri boýnuna mata bölegini daňýar. Muny gören fransuzlar ýakada mata bölegini daňmagyň harby lybasa gelşik berjekdigini bilýärler. Netijede, ilkinji galstuk harby lybaslaryň bir bölegi hökmünde ýüze çykýar. Ony fransuzlar «La Cravate» diýip atlandyrýarlar.
Wagtyň geçmegi bilen Ýewropada «La Cravate» uly ösüşe eýe bolýar. 1800-nji ýyllarda şarf görnüşli galstuklar meşhur bolup, ony derejeli adamlar nepisligiň we baýlygyň alamaty hökmünde dakynypdyrlar. 1818-nji ýylda «Neckclothitania» atly kitapça neşir edilip, onda galstuk dakynmagyň düzgünleri we daňmagyň ýörgünli usullary görkezilýär. Senagatda birnäçe ösüşleriň gazanylmagy netijesinde zygyr matadan, ýüň we ýüpek matalardan galstugyň täzeçe görnüşleri öndürilip başlanýar. Bu döwürde askotlar (Angliýada at ýaryşlarynda çapyksuwarlaryň dakynýan boýunbagy) uly meşhurlyga eýe bolýar. Soňlugy bilen alymlar, lukmanlar we baý mülkdarlar hem askot dakynyp başlaýarlar.
1920-nji ýyllarda Nýu-Ýorkda öndüriji Jesi Langford matanyň bir tarapyny burçly kesip, uzynlygyna üçe epläp tikmek usulyny oýlap tapýar. Şeýdip ol «galstuk ýasamagyň» täzeçe usulyna patent alýar. Onuň bu usuly senagat üçin öwrülişik bolup, şu günki güne çenli ulanylyp gelinýär. Oňa «Langford Necktie» diýip at berýärler.
1950-nji ýyllarda galstugyň insiz görnüşleri has ýörgünli bolup, dürli hili nagyşlar bilen bezelip başlanýar. Ony, esasan, aýdymçylar, sazandalar dakynýarlar. 1960-njy ýyllarda bolsa ýaşlaryň arasynda kipper galstugy dakynmak ýörgünli bolýar. Esasan, goňur görnüşi bolan bu galstuk gysgalygy we giňligi bilen tanalýar.
Dört asyryň dowamynda kämilleşip, biziň şu günlerimize gelip ýeten galstuk häzirki zaman jemgyýetinde «medeniýetiň nyşany» hasaplanýar. Häzirki wagtda millionlarça adam galstugyň dürli görnüşlerini iş, ýaşaýyş we medeni şertlerine görä dakynýarlar. Ol adamy salyhatly we medeniýetli görkezýär