Güljagaz♡♡♡
03.04.2023 21:26
ÝALAN SÖZLEÝÄN ADAMY NÄDIP TANAMALY?

Adamlaryň arasynda iň köp ara alnyp maslahatlaşylýan mowzuklaryň biri, adamyň beden hereketleriniň üsti bilen ýalan sözläp ýa-da sözlemeýändigini bilip bilmekdir.

Käbir psihologlar, diňe birine seredip ýalan sözleýändigini ýa-da sözlemeýändigini aýdyp bilmejekdigiňizi aýdýarlar. Bu hakykatdanam ünsi çekmeli zatlaryň biri. Ýalan sözlemekligi 2 topara bölýärler:
1. Patologiki ýalanlar;
2. Ak ýalanlar.
Patologiki ýalan näme we onuň patologiki ýalan sözleýändigini nädip bilip bileris?
Patologiki ýalan – kimdir biriniň duýgusyna zyýan ýetirmezlik we olara zyýan bermezlik üçin aýdylýan ak ýalan ýaly däl. Hiç bir sebäpsiz aýdylan ýalana patologiki ýalan diýilýär. Patologiki ýalançylaryň aýratynlyklaryny aşakdaky ýagdaýlary görkezýär:
• Adam utançdan ýa-da kynçylyk çekmek ýaly oňaýsyz ýagdaýlardan gaça durmak üçin ýalan sözläp biler, patologik ýalançy bolsa obýektiw peýdasy bolmadyk ýalanlary ýa-da hekaýalary aýdyp biler.
• Özlerini gahryman hökmünde görkezmek üçin şahsy üstünlikleri hakynda gürleşýärler.
• Berilýän soraglara çalt jogap berýärler, ýöne berýän jogaplary köplenç düşnüksiz bolýar.
• Patologiki ýalançylar ajaýyp kyssaçylardyr. Olaryň ýalanlary gaty jikme-jikdir.
• Ýalan sözleýän bu ýalançy gaty ynandyryjy bolup biler.
• Käwagt özlerini gurban hökmünde-de görkezip bilerler.
• Duýgudaşlygyna ýa-da kabul edilmegine gönükdirilen ýalanlary aýdyp hem bilerler.
• Käwagt özleriniň aýdýan ýalanlaryna ynanýan ýaly.
• Owadan gürleýärler we nirde, nädip gürleşmelidigini has oňat bilýärler.
• Sorag berlende, soraga jogap bermezden üznüksiz gürleşip bilerler.
Ak ýalan näme?
Ak ýalan – käbir adamlaryň gündelik durmuşymyzda ulanýan ýalanymyzdyr. Has dogrusy, zyýansyz, erbet niýetleri öz içine almaýan ýalandyr. Mysal üçin, bir ýere gijä galanymyzda näme üçin gijä galandygymyzy aýtmagyň ýerine kiçijik ýalan sözleýäris. Bu ýagdaý hem ak ýalan kategoriýasyna girýändir.
Ýalan sözleýäni nädip tanamaly?
Kimdir birine sorag bereniňizde ikirjiňlenýän bolsa ýa-da soragyňyza «näme üçin bu soragy berýärsiň?» diýip, jogap berse beýnisinde size berjek ýalany barada azajyk pikir edýän bolmagy-da mümkin.
Ýalan sözleýän adama üns bilen serediň, sebäbi ýalan sözleýän adam stresde bolýar. Agzy gurap başlaýar we impulsy çaltlaşýar.
28
552
Şaperi❄️04
21 Aprel 2023
Güljagaz♡♡♡,haýsyny isleseň ayday)). Wii men yensiz kõynek geyemoga 😅
Güljagaz♡♡♡
21 Aprel 2023
Imissyou, ýaşlygyñ gadyryny bilmelidä..😌
Şaperi❄️04
21 Aprel 2023
Güljagaz♡♡♡,😅😅 gaty çalt tikdinle)) sen adyn name?
Şaperi❄️04
21 Aprel 2023
Güljagaz♡♡♡, sokup tıkıp ankam asdy 😢
Güljagaz♡♡♡
21 Aprel 2023
Imissyou, 🙄
Güljagaz♡♡♡
21 Aprel 2023
Şaperi❄️04, bolýa tikişäýerin.....😊
Şaperi❄️04
21 Aprel 2023
Güljagaz♡♡♡,seni alyp gaytmaly boljak oyunizden kop isletyaler, yöne bizede gelsen kõynek tikisyan ☺️
Güljagaz♡♡♡
21 Aprel 2023
Şaperi❄️04, işläp ýadadym....😮‍💨
Güljagaz♡♡♡
21 Aprel 2023
Imissyou, hiç ýerik gitmäne ýagdaý ýok şuwagt....🤨
Şaperi❄️04
21 Aprel 2023
Güljagaz♡♡♡,name bolly?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.