Kitaplar hakynda.....
Iň uly neşir 1112 jiltden ybarat Beýik Britaniýanyň Mejlis resminamalarydyr. Bu neşiriň agramy 3300 kilogram. Ony okamak üçin, irden agşama çenli eliňden goýman oturanyňda, alty ýyl töweregi wagt gerek bolýar.
Ýer ýüzündäki iň uly sözlügi XIX asyrda başlanan we XX asyrda beýleki alymlar tarapyndan tamamlanan «Nemes sözlügi» hasaplamak bolar. 33 jiltden ybarat sözlük jemi 33.520 sahypadan ybaratdyr.
Häzirki wagtda iň uly kitap Amsterdamda ýerleşýän, «Deňiz düzgünleriniň ýygyndysy» kitaby hasaplanýar. Kitabyň beýikligi 2 metre, ini 1 metre, galyňlygy bolsa 1,5 metre deňdir.
Iň gadymy kitap Bolgariýanyň günorta-günbataryndan tapylan golýazma hasaplanýar. Kitap ony tapan we adynyň aýdylmazlygyny isleýän adam tarapyndan Bolgariýanyň milli muzeýine getirilipdir. Golýazma 2500 ýyl mundan öň ýasalyp, 24 gezek altyn bilen örtülen 6 sahypadan ybaratdyr.
2002-nji ýylda A.P.Çehowyň «Hameleon» atly hekaýasy ýerleşdirilen hem-de Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen iň kiçi kitap rus ussasy tarapyndan taýýarlanypdyr. Onuň ölçegi bary-ýogy 0,9×0,9 mm deň bolupdyr