TELEWIZOR..
Irki döwürlerde adamlarda wagtyny gyzykly we şatlykly geçirmekleri üçin şekilli güýmenjeleriň zerurlygy ýüze çykypdyr. Şeýlelikde, ýönekeýje sahna eserleri peýda bolup, keşpleri janlandyrýan ilkinji artistler döreýär. Wagtyň geçmegi bilen has-da kämilleşdirilen teatr eserleri (komediýa, tragediýa) kino sungatyndaky ilkinji ädimlere itergi berýär. Ýazga alnan şekilli hereketlere soňundan haýsydyr bir enjam arkaly tomaşa edip boljakdygy hakyndaky pikirleriň orta atylmagy bilen dünýäniň birnäçe ýerinde «güýmenje gutusyny» oýlap tapmaklyga girişilýär.
Telewizor gelýän ses we şekil ýygylygyny elektromagnit tolkunlary arkaly kabul edip, ýagtylygyň kömegi bilen ekranda şekilleri görmäge mümkinçilik berýän elektron enjamdyr. Telewizor bilen monitor biri-birinden tapawutlanýan enjamlar bolup, olaryň oýlanyp tapylyşy barada dürlüçe çekişmeler bar. «Telewizor» adalgasy grekleriň «tele» hem-de latyn diliniň «visio» sözleriniň goşulmagyndan gelip çykyp, «görmek» diýen manyny berýär.
Maglumatlara salgylansak, ilkinji monitor 1923-nji ýylda Angliýada oýlanyp tapylýar. Şotland inženeri Jon Berd oýlap tapan enjamyny has-da kämilleşdirip, ak-gara nokatlardan düzülen, radionyň ululygyndaky ilkinji telewizory işläp düzýär. 1926-njy ýylda Berdiň ilkinji teleýaýlymy açmagy bilen bu enjamyň meşhurlygy artyp başlaýar. 1936-njy ýylda Berlin tomusky Olimpiýa oýunlarynyň käbir bölekleriniň telewizorda görkezilmegi bilen, bu enjama bolan isleg has-da ýokarlanýar.
1950-nji ýyllarda ABŞ-da telewizorlar öndürilip, ilkinji gezek köpçülikleýin satuwa çykarylýar. 1960-njy ýyllarda teleýaýlymlar reňkli görnüşe geçýär. Bu ýagdaý müşderileriň gyzyklanmasyny has-da artdyryp, öýleriň köpüsinde telewizorlar peýda bolup başlaýar.
Ilkinji telewizorlarda ýaýlymy üýtgedip bolýan düwmeler bolup, tomaşaçy başga ýaýlyma geçirip görmek üçin her gezek ýerinden turmaly bolýar. «Güýmenje gutusynyň» oýlanyp tapylmagyndan 20 ýyldan soň uzakdan dolandyrylýan kabelli pult işlenip düzülýär.
Jon Berd tarapyndan oýlanyp tapylan «güýmenje gutusy» ençeme ýyllardan bäri öýlerimizi bezeýär. Ak-gara ekrandan başlap, tehnologiýanyň ösmegi bilen şu günki görnüşe getirilen telewizorlar adamlaryň wagtyny gyzykly we medeniýetli geçirmeklerine ýardam edýär. Köpleriň iň ýakyn dostuna öwrülen bu enjamlaryň häzirki wagtda dürli ölçegdäki plazma ekranly, ýokary durulykly, LCD (suwuk kristal görkezijili) görnüşleri bar. Mundan başga-da, sensorly, USB porty bolan, hatda üm hereketleri arkaly dolandyrylýan «akylly» telewizorlar hem öndürilýär.