Güljagaz♡♡♡
31.03.2023 04:40
AGYZ BEKLEMEGIÑ SAGLYGA PEÝDASY....
Agyz bek­le­mek bel­li bir wagt ara­ly­gyn­da iýip-iç­mek­den sak­lan­mak­dyr. Agyz bek­le­mek ruhy taýdan pi­ki­riň tä­ze­len­me­gi, aky­lyň dur­lan­ma­gy üçin peý­da­ly bol­mak bi­len bir ha­tar­da, sag­lyk üçin hem örän äh­mi­ýet­li­dir.

Ag­ra­my azalt­ma­ga kö­mek ed­ýär. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da agyz bek­le­me­giň be­de­niň ag­ra­my­ny 9 gö­te­ri­me çen­li ýeň­led­ýän­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Ýag­ny be­den myş­sa­la­ry­na ag­ram sal­maz­dan, be­den­dä­ki ar­tyk­maç ýa­gy ýi­ti­rip bol­ýar.
HGH-niň bö­lü­nip çyk­ma­gy­ny tiz­leş­dir­ýär. Ada­myň ösüş gor­mo­ny (HGH) te­bi­gy ýag­daý­da be­den­de ön­dü­ril­ýär we gan aý­la­ny­şy­gy esa­syn­da do­ku­ma­la­ra bar­ýar. Agyz bek­le­nen­de HGH-niň köp muk­dar­da bö­lü­nip çyk­ma­gy esa­syn­da ar­tyk­maç ýag ýa­kyl­ýar. Bu bol­sa be­de­niň myş­sa­la­ry­nyň güýç­len­me­gi­ne we çe­ýe­li­gi­niň art­ma­gy­na kö­mek ed­ýär.
Öý­jük­le­riň di­kel­me­gi­ne täsir ed­ýär. Agyz bek­le­mek aw­to­fa­gy (be­de­niň öý­jük­le­ri gaý­ta­dan iş­le­mek ul­ga­my) he­re­ke­te ge­ti­rip, be­den­dä­ki kö­ne öý­jük­le­ri döw­mä­ge we gaý­ta­dan iş­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şeý­le ýag­daý­da adam be­de­ni öý­jük ga­lyn­dy­la­ryn­dan do­ly aras­sa­lan­ýar.
In­su­li­niň de­re­je­si­ni ka­da­laş­dyr­ýar. Agyz bek­le­mek be­den­dä­ki ug­le­wo­dyň we gan­da­ky glýu­ko­za­nyň de­re­je­si­ni dur­nuk­ly ýag­daý­da sak­la­ma­ga hem-de wis­se­ral ýag mas­sa­sy­ny azalt­ma­ga kö­mek ed­ýär. Bi­ler­men­ler süý­jü­li dia­bet­den ejir çek­ýän adam­la­ra agyz bek­le­me­giň oňaý­ly tä­sir ed­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Şeý­le ýag­daý­da be­de­niň in­su­li­ne gar­şy duý­gur­ly­gy art­ýar hem-de gö­re­şi­ji­lik uky­by güýç­len­ýär.
Ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri­niň howpuny azald­ýar. Agyz bek­le­nen­de köp ka­lo­ri­ýa ýak­mak hem-de gan­da­ky şe­ke­riň de­re­je­si­ni pe­selt­mek ar­ka­ly ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri­niň howpuny azal­dyp bol­ýar. Bu ýag­daý me­ta­bo­liz­miň işi­niň go­wu­lan­ma­gy bi­len dü­şün­di­ril­ýär.
Beý­ni­ni güýç­len­dir­ýär. Agyz bek­le­mek new­ro­de­ge­ne­ra­tiw bo­zul­ma­la­ryň öňü­ni alýar. Nerw öý­jük­le­ri­niň di­kel­me­gi­ne we dö­re­me­gi­ne ýar­dam edip, beý­ni­niň işi­ni go­wu­lan­dyr­ýar.
Ra­hat uk­la­ma­ga ýardam ed­ýär. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da agyz bek­le­ýän adam­la­ryň has ra­hat uk­la­ýan­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Bi­ler­men­ler mu­nuň se­bä­bi­ni agyz bek­le­nen­de aş­ga­zan-içe­ge ul­ga­my­nyň ýe­ňil iş­le­ýän­di­gi bi­len dü­şün­dir­ýär­ler.
Gar­ry­lygyň ala­mat­la­ry­ny ha­ýal­lad­ýar. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da agyz bek­le­ýän adam­la­ryň uzak ýa­şa­ýan­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Bu, esa­san, agyz bek­le­me­giň aş­ga­zan-içe­ge ul­ga­my­nyň işi­ni ýe­ňil­leş­dir­ýän­di­gi, ýü­rek-da­mar ul­ga­my­ny we gan ba­sy­şy­ny ka­da­ly de­re­je­de sak­la­ýan­dy­gy hem-de be­den­de ar­tyk­maç ag­ra­myň bol­maz­ly­gy bi­len dü­şün­di­ril­ýär.
Orazañyz kabul bolsun....!

11
85
balkan_gyzy
27 Aprel 2023
Salam ertiriñiz haýyrly bolsun
Şaperi❄️04
26 Aprel 2023
Güljagaz♡♡♡,menki yaljak jigin bolsa daş edip yuwya 😅
Şaperi❄️04
26 Aprel 2023
Melikee,ýuwmaly agşam GAP goymak guna
Güljagaz♡♡♡
26 Aprel 2023
Aý bu günä ýuwuljak däl öýtýän gap...😅
Şaperi❄️04
26 Aprel 2023
Melikee,Wii beytsenem bolyamy 😅
Şaperi❄️04
26 Aprel 2023
Güljagaz♡♡♡,😅😅😅 nejiis tur gowy edip yuw menem yuzyp gelyan 😅
Melikee
26 Aprel 2023
Şaperi❄️04, bana uýar ok.Üstüne pokrawal ýapypjyk goýarn 😜😁
Güljagaz♡♡♡
26 Aprel 2023
Şaperi❄️04, suwa sokup çykardymda ýaltanyp....😅
Şaperi❄️04
26 Aprel 2023
Güljagaz♡♡♡,yuwulanoga dura 😅😅
Şaperi❄️04
26 Aprel 2023
Melikee,bah hemmamiz size ertip gaydyas irdenjigem alyp gaytyas ok?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.