EDEBIYAT ALEMI
22.01.2020 16:00
Yazmasy Agyr Dusen Gosgy!!!

Bütin oba garaşyp dur.
Ýola bakýar hemmeler.
Atasy pyşyrdaýar:
«Geler. Geler. Geler».

Gelnejesi pyşyrdaýar:
«Gelermikä? Kim biler...»
Atasy göwünlik berýär:
«Geler-le... hökman geler».

Gök toraňňyň saýasynda
Ýüzläp adam dymyp dur.
Çekizeli ak haltadan
Turşy damja damyp dur.

Ýygnanyşdy babadaşlar,
Içginler hem daşgynlar.
Ne signal bar, ne şowhun –
Dymyşyp dur maşynlar.

Geldi dürli maşynlar –
Gyzyl, sary, ýaşyl, ak.
Geldi garaşylmaýanlar.
Garaşylýan gelenok.

Göýä pikir hem etmän
Bu gürrüňler babatda.
Ak guş kimin irkilip,
Ene ýatyr tabytda.

Göterlerne garaşyp dur
Köpi gören agaç at.
Ene ýatyr üstünde
Giň maňlaýly,
Agajet.

Şol enäniň ogluna
Garaşyp dur hemmeler.
Geldi tanyş, nätanyş –
Geldi şondan öňňeler.

...Ol henizem gelenok.
Meger, häzir ýoldadyr.
Iň söýgüli ulagy
Samolýot däl, «Wolgadyr».

Ýöne weli uçurýandyr
Samolýota deňeçer.
Şondan yza-ha galmaz,
Oňarsa öňe geçer.

Ol henizem gelenok...
Meger, häzir ýoldadyr.
Ýa-da iki eli hem
Ullakan stoldadyr.

Tüweleme, uly adam
Bolup gitdi indi ol.
Ýaňy bolsa has ullakan
Bir stula mündi ol.

«Sypaýmasyn birden!» diýip,
Oturandyr ýapyşyp.
Owadanja gelinler
Çaý çekýändir çapyşyp.

Üýtgeşikdir öňündäki
Kişmiş, kemput, şokolad.
Ýa gök çaýyň humaryna
Ýazýandyr bir doklad.

Ýok, ýok, özi doklad ýazmaz,
Ýazýandyrlar başgalar.
Ýaranjaňlar her sözüne
Ellerin çarpyşarlar.

Ol bolsa özi ýazan dek
Gülümsirär, ýylgyrar.
Ýazanlar onuň deregne
Utanjyrar, ýygrylar.

...Ýigrimi ýyl mundan ozal
Gutarypdy bir WUZ-y.
Ony oňa gutardan hem
Tabytdaky ezizi.

Güýzde pagta ýygypdy.
Gyşda körek çöpläpdi.
«Oglum ullakan okuwda!»
Buýsanç bilen gepläpdi.

Howdan gurdy, gazy gazdy
Laýa batyp dyzyndan.
Ýygnanjasyn lükgeläp
Ibererdi yzyndan.

Ogly üçin ak mütgelden
Bir haltajyk tikindi.
Üçlügini, manadyny,
Şaýysyny, köpügni –

Artdyranja puljagazyn
Atdy şonuň içine.
Şeýle-şeýle kyrk ýaşynda
Ak çozupdy saçyna.

Ogly okuwyn gutardy.
Ene dertläp ýykyldy.
Ol şonda sypap otyrdy
Bir gözeliň çokulny.

Dakýardy enäň pulundan
Her barmagna bir ýüzük,
Gulagyna teneçir,
Bilegine bilezik.

Söýüşdi, gujaklaşdy.
Paýtagtdan jaý tutundy.
...Enesinden utanmady,
Ene ondan utandy.

Ene käte paýtagta
Gezmäge gelen wagty,
Gelni diýdi: «Ýok etsene
Bu porsy garabagty!»

Ogly diýdi: «Ýakymsyz
ysyň bar-la, jan eje.
Bu eýýamda arassa
Bolmaly myhman, eje!»

Ene diýdi: «Wah, jan ogul,
Her nije porsasak-da,
Ulalansyň, ýetişensiň
Şu porsuja gujakda...»

Soňra bolsa uzak gije
Ýorganynda aglardy.
Daňyň atarna mähetdel,
Otla tarap ylgardy.

...Şeýle-şeýle günler ötdi,
Aýlar ötdi nobatly.
Edeni şowuna boldy.
Durmuş ony aýnatdy.

Her sözünde bir oýun,
Her elde bir desmaly –
Bir ýyl bäri saklap otyr
Has uly bir stoly.

Bu gün bolsa enesi
Amanadyn tabşyrdy...
Gelen telegrammany
Stolunda ýygşyrdy.

Ony aýalyndan başga
Görkezmedi hiç kime.
Är-heleý karara geldi:
«Barsak bor-la üçüne!»

...Bütin obaň gözi ýolda.
Garaşyp dur hemmeler.
Atasy pyşyrdaýar:
«Geler, geler, geler».

Gelnejesi pyşyrdaýar:
«Gelermikä! Kim biler!»
Ene-de misli gozganýar:
«Geler balam, geler geler».

Onýança-da
«Gelýär!» diýip,
Ardyndy bir ýaşuly.
Göründi ýaşyl meýdanda
«Wolgalaryň» ýaşyly.

«Geler diýdim ahbeti!»
Bir daýandy atasy.
Gara-köýük ýüzüniň
Artyp gitdi ýagtysy.

Onýança-da ýaşyl «Wolga»
Aşak indi ýapydan.
Geljek adamyň deregne
Şofýor çykdy gapydan.

«Şu gün gelip biljek däl.
Gyssagly bir iş çykdy...»
Birden ataň gözlerinden
Iki çogdam ýaş çykdy.

Ýetmiş ýaşyň içinde
Aglamadyk ol goja,
Gözýaşyny süpürdi-de,
Bir
ýylgyrdy çalaja.

Ol ýylgyryş ömürbaky
Çykmaz meniň ýadymdan.
Beýle aýylganç ýylgyrşy
Görmändim men adamda.

...Göterdiler enäniň
Ak guş ýaly tabydyn.
Ýaz şemaly ykjatdy
Üstündäki mawudyn.

Salladylar çukura
Ak saçly bir dünýäni.
Içki öýüň gapysyna
Eltilende enäni –

Iki omzuny diräp
Çukuryň erňegine,
Hiç giresi gelmedi
Öz girmeli öýüne.

Iň soňkuja pursatda-da
Öz ogluna garaşdy.
...Ýazsamam ýazdym weli,
Agyr düşdi bu goşgy.

K.Gurbannepesow
14
517
EDEBIYAT ALEMI
22.01.2020 15:56
IKI GYZYM IKI YERDEN..

Gyzlarym Ýazgül bilen Arzygüle.

Iki gyzym iki ýerden
Goýýar meni uly derde.
Stol, kagyz, galam, çaýym
Barysy bireýýäm taýyn,
Goşgy barýar, ýöne yzyn
Ýazdyranok iki gyzym.
Meň gapymy biri açýar,
Beýlekisi ýapyp gaçýar.
Bakman ýazan zatlaryma,
Oýun düşýär ýatlaryna.
Gazaba münýän-de ine,
Düşýärin men ökjelerine.
Gülýär, bökýär, göçýär olar.
Gaçýar, gaçýar, gaçýar olar.

Diýýärin: «Depäme çykmaň,
Soň geläýiň, içim ýakmaň!»
Emma ýene ses eşdilýer,
Mylaýymyň mylaýymy:
«Kaka indi geläýinmi?»

Gygyrýan: «Gulagňyz kermi,
Bar işim boldy biderek!»
...Mendenem bir şahyr bormy?
Häzir goşgy nämä gerek!

G.Ezizow
13
493
EDEBIYAT ALEMI
20.01.2020 22:53
MARSEL PRUSTYN NABELLI ESERLERI ÇAP EDILDI!!

Ara­dan çy­kan­dan 100 ýyl soň­ra, fran­suz ýa­zy­jy­sy Mar­sel Prus­tuň (1871-1922) tä­ze ki­ta­by öz muş­dak­la­ry­na go­wuş­ýar. Fran­suz ne­şir­ýa­ty “Edi­tions de Fal­lo­is” ba­sym söz us­sa­dy­nyň ozal çap edil­me­dik do­kuz no­wel­la­sy­nyň we he­ka­ýa­sy­nyň, şeý­le hem meş­hur ýa­zy­jy­nyň ir­ki dö­re­di­ji­li­gi­ne de­giş­li “Ýi­ti­ri­len wag­tyň göz­le­gin­de” at­ly ýe­di jilt­lik epi­ki ro­ma­ny­nyň çy­ka­ryl­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Ýa­zy­jy ola­ry 1896-njy ýyl­da il­kin­ji ge­zek ne­şir edi­len “Şat­lyk we gün­ler” at­ly ki­ta­by­na gi­riz­me­gi ni­ýet edi­nip­dir. Em­ma ne­şir taý­ýar­la­nyl­ýar­ka nä­bel­li se­bäp­le­re gö­rä, ol ýer­den 9 ese­ri­ni aý­ryp­dyr. Bu gol­ýaz­ma­lar ge­çen asy­ryň ahy­ryn­da ara­dan çy­kan, ne­şir­ýa­ty esas­lan­dy­ry­jy Ber­nar de Fal­lua­nyň eli­ne dü­şüp­dir. In­di bu eser­ler “Syr­ly ha­bar­çy” we “Ne­şir edil­me­dik no­wel­la­lar” ady bi­len çap edi­ler. 180 sa­hy­pa­lyk kitap okt­ýabr­ aýy­nyň için­de ne­şir edi­lip, oňa Prus­tuň gol­ýaz­ma­la­ry­nyň nus­ga­la­ry hem gi­ri­zi­lip­dir. Bu­lar Prus­tuň eser­le­ri­ni öw­ren­ýän bi­ler­men Ber­nar de Fal­lua­nyň ta­pan ýe­ke-täk gol­ýaz­ma­sy däl­dir. Mun­dan öň ol Mar­sel Prus­tuň 1896-1899-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da ýa­zyp, çap edil­män ga­lan 900 sa­hy­pa­lyk “Žan San­teý” ro­ma­ny­ny hem ta­pyp, ça­pa taý­ýar­lap­dy.
11
472
EDEBIYAT ALEMI
EDEBIYAT ALEMI
20.01.2020 22:49
2019-njy ýy­lyň No­be­liň ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­ra­gy­na awst­ri­ýa­ly ýa­zy­jy, dra­ma­turg Pe­ter Hand­ke, 2018-nji ýy­lyň bu abraýly baý­ra­gy­na bol­sa, pol­ýak ýa­zy­jy ze­na­ny Ol­ga
EDEBIYAT ALEMI
20.01.2020 17:04
ÄRSARYNYÑ GYZY

Ýarym diýip, ýola çyksam,
Ýollar — ärsarynyň gyzy;
Jeren gözläp, çöle çyksam,
Çöller — ärsarynyň gyzy.

Çölüstanda bardyr baýlar,
Zyndan boldy maňa jaýlar,
Ötüp barýar ýyllar, aýlar,
Günler — ärsarynyň gyzy.

Alma-naryň ysy ýupar,
Ter mämeler goldan sypar,
Ýüzi görkli, eli çeper,
Çeper — ärsarynyň gyzy.

Ýerde ýatmaz ýazyň güli,
Saýraýyr bagyň bilbili,
Men islemen özge güli,
Güller — ärsarynyň gyzy.

Kemine bir dessan ýaýar,
Kimler dadar, kimler doýar,
Ýüregimde daglar goýar,
Çöller — ärsarynyň gyzy.

KEMINE
12
723
EDEBIYAT ALEMI
20.01.2020 11:31
JANYMYN JANANASY
Sen-sen meniň dilberim,
Janymyň jananasy;
Iki jahan serwerim,
Köňlümiň gamhanasy.

Ýüzleriň gül-gülmüdir,
Owazyň bilbilmidir,
Zülpleriň sünbülmidir,
Dişleriň dür dänesi.

Yklym perizady sen,
Gamgyn köňlüm şady sen.
Sen bir yşkyň ody sen,
Men pakyr perwanasy.

Men bir misgini-gedaý,
Sen näzenin, husna baý,
Kirpigiň ok, gaşyň ýaý.
Men onuň nyşanasy.

Jynmu sen ýa almu sen,
Janyma ajalmu sen,
Güňmu sen ýa lalmu sen,
Eý, sonalar sonasy.

Gylaw berdiň duşmana,
Dosgy kyldyň bigana,
Indi görmek gümana,
Ýamandyr zamanasy.

Zelili, ahy-zaryň,
Dilberim, alla ýaryň,
Birew sorsa «Ne käriň?»
— Bir senem diwanasy!

ZELILI
9
449
EDEBIYAT ALEMI
EDEBIYAT ALEMI
17.01.2020 11:54
Alajy Bolmaz! Kate dişler diliñ galasy bolmaz Käte şerem iliñ belasy bolmaz Döwletli işe zerur maslahat Döwletsiz işiñ salasy bolmaz Şalaryñam belli permany bolmaz Haýyrly işiñ hiç armany bolmaz
EDEBIYAT ALEMI
EDEBIYAT ALEMI
16.01.2020 22:48
Gurbannazar Ezizow (1940-1975) Gurbannazar Ezizow - talantly türkmen şahyry, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi. Gurbannazar Ezizow 1940-njy ýylyň 1-nji martynda Aşgabat
EDEBIYAT ALEMI
EDEBIYAT ALEMI
15.01.2020 21:50
Kerim Gurbannepesow Omur Yoly Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Kerim Gurbannepesow 1929-njy ýylda Gökdepe etrabynyň Ýylgynly obasynda eneden dogulýar. Obadaky
EDEBIYAT ALEMI
15.01.2020 21:39
DIŞLERIŇE
Nägehandan gözüm düşdi
Lebiň bilen dişleriňe:
Ýöriberdik, ýürek joşdy,
Talwas edip gaşlaryňa.

Günde görnüşe geleýdim,
Ýüzünden posa alaýdym,
Gündiz pikriň men bolaýdym,
Gije girip düýşleriňe.

Ilki agşam içeli şerap,
Dalaşaly oýun gurap,
Daňdan turup zülpüň darap,
Timar bergin saçlaryňa.

Jem bolanda gelin-gyzlar,
Seniň tarypyňy sözlär,
Eli çeper hünerbazlar
Degmez eden işleriňe.

Halaýyk haýran oýnuňa,
Golum bukawly boýnuňa,
Mätäjini sal goýnuňa,
Teňňe dakyp döşleriňe.

◇Mätäji
8
356