Kerim Gurbannepesow Omur Yoly
Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Kerim Gurbannepesow 1929-njy ýylda Gökdepe etrabynyň Ýylgynly obasynda eneden dogulýar. Obadaky ýedi ýyllyk mekdebi gutarýar. Uruş döwrüniň agyr kynçylyklary sebäpli olaryň maşgalasy Tejene göçmeli bolýar. Şahyr 1945-1946-njy ýyllarda Tejen derýasynyň boýunda gurulýan suw howdanynyň gurluşygynda işlän döwründe ýörite gurluşykçylar üçin çykarylýan gazetde jogapkär sekretar bolup işleýär. 1949-1951-nji ýyllarda goşun gullugynda bolup dolanyp geleninden soň ýene-de žurnalistlik kärinde işe başlaýar.
Kerim Gurbannepesow Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlaýar. Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginde, “Tokmak”, “Sowet edebiýaty” žurnallarynda jogapkär wezipelerde işleýär. Ol Ýazyjylar soýuzynyň başlygynyň orunbasary, Dolandyryş agzasy(Член управления), Türkmenistanyň Ýokary sowetiniň deputaty bolup il-ýurduna jany-teni bilen hyzmat edýär. Şahyr Kerim Gurbannepesow 1988-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda aradan çykýar.
EDEBIYAT ALEMI official group