EDEBIYAT ALEMI
15.01.2020 21:39
DIŞLERIŇE
Nägehandan gözüm düşdi
Lebiň bilen dişleriňe:
Ýöriberdik, ýürek joşdy,
Talwas edip gaşlaryňa.

Günde görnüşe geleýdim,
Ýüzünden posa alaýdym,
Gündiz pikriň men bolaýdym,
Gije girip düýşleriňe.

Ilki agşam içeli şerap,
Dalaşaly oýun gurap,
Daňdan turup zülpüň darap,
Timar bergin saçlaryňa.

Jem bolanda gelin-gyzlar,
Seniň tarypyňy sözlär,
Eli çeper hünerbazlar
Degmez eden işleriňe.

Halaýyk haýran oýnuňa,
Golum bukawly boýnuňa,
Mätäjini sal goýnuňa,
Teňňe dakyp döşleriňe.

◇Mätäji
8
356
Myhman Myhman
20 Yanwar 2020
gowy gosgy
gulshatayewa97
16 Yanwar 2020
Eldar Ahmedow ööň aýdm edip aýdypdy
Myhman Myhman
15 Yanwar 2020
Z Sha 0p/
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.