IKI GYZYM IKI YERDEN..
Gyzlarym Ýazgül bilen Arzygüle.
Iki gyzym iki ýerden
Goýýar meni uly derde.
Stol, kagyz, galam, çaýym
Barysy bireýýäm taýyn,
Goşgy barýar, ýöne yzyn
Ýazdyranok iki gyzym.
Meň gapymy biri açýar,
Beýlekisi ýapyp gaçýar.
Bakman ýazan zatlaryma,
Oýun düşýär ýatlaryna.
Gazaba münýän-de ine,
Düşýärin men ökjelerine.
Gülýär, bökýär, göçýär olar.
Gaçýar, gaçýar, gaçýar olar.
Diýýärin: «Depäme çykmaň,
Soň geläýiň, içim ýakmaň!»
Emma ýene ses eşdilýer,
Mylaýymyň mylaýymy:
«Kaka indi geläýinmi?»
Gygyrýan: «Gulagňyz kermi,
Bar işim boldy biderek!»
...Mendenem bir şahyr bormy?
Häzir goşgy nämä gerek!
G.Ezizow