EDEBIYAT ALEMI
20.01.2020 22:49
2019-njy ýy­lyň No­be­liň ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­ra­gy­na awst­ri­ýa­ly ýa­zy­jy, dra­ma­turg Pe­ter Hand­ke, 2018-nji ýy­lyň bu abraýly baý­ra­gy­na bol­sa, pol­ýak ýa­zy­jy ze­na­ny Ol­ga To­kar­çuk my­na­syp bol­dy. Ýe­ňij­ileriň ady Stok­golm­da­ky Şwed ko­ro­ly­nyň ylym­lar aka­de­mi­ýa­syn­da mä­lim edil­di. Alf­red No­be­liň gal­dy­ryp gi­den we­s­ýet­na­ma­sy­nyň düz­gün­le­ri­ne gö­rä, ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­rak “idea­liz­me ýug­ru­lan has äh­mi­ýet­li eser­le­riň aw­tor­la­ry­na” gow­şu­ryl­ýar.

Awst­ri­ýa­ly Pe­ter Hand­ke “ling­wis­tik uky­by ar­ka­ly adam­za­dyň top­lan baý tej­ri­be­si­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny has iç­gin öw­re­nen­li­gi üçin” bu baý­ra­ga eýe bol­dy.

Pol­ýak ýa­zy­jy ze­na­ny Ol­ga To­kar­çuk bol­sa, “eser­le­ri­ni en­­lo­pe­dik hy­ju­wy ar­ka­ly be­ýan edip, dur­mu­şyň dür­li ul­gam­la­ry­na çuň­ňur ara­la­şan­ly­gy üçin” bu baý­ra­ga my­na­syp bol­dy.

Pe­ter Hand­ke 1942-nji ýy­lyň 6-njy de­kab­ryn­da Awst­ri­ýa­nyň Ka­rin­ti­ýa we­la­ýa­tyn­yň Griffen şäherçesinde dün­ýä in­ýär. Onuň il­kin­ji eser­le­ri “Ma­nuscrip­ta” žur­na­lyn­da ne­şir edil­ýär. Aw­to­ryň “Eşegary”, “Der­we­ze­ba­nyň penaltiden gor­ku­sy”, “We­li­lik”, “Öz-özü­ňi nä­hak ga­ra­la­ma” we “Iliň sö­zi” ýa­ly eser­le­ri giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi­niň söý­gü­si­ni ga­zan­dy. 2008-nji ýyl­da Ger­ma­ni­ýa­nyň ki­tap baý­ra­gy­nyň emin ag­za­la­ry ne­mes di­lin­de ýa­zy­lan iň go­wy ro­man­la­ryň da­laş­gär­le­ri­niň ara­syn­da Pe­ter Hand­ke­niň “Mo­ra­wi­ýa­da­ky gi­je” ro­ma­ny­na bi­rin­ji or­ny ber­di.

Ol­ga To­kar­çuk 1962-nji ýy­lyň 29-njy ýan­wa­ryn­da Pol­şa­nyň Su­le­huw şä­he­rin­de as­ly uk­rai­na­ly maş­ga­la­da dün­ýä in­ýär. 1993-nji ýyl­da onuň “Ki­tap­hon­la­ryň sy­ýa­ha­ty” at­ly il­kin­ji ro­ma­ny ne­şir edil­ýär. Aw­tor 2018-nji ýyl­da “Yl­gaw­çy” ro­ma­ny üçin Hal­ka­ra “Bu­ker” baý­ra­gy­na my­na­syp bo­lup, bu ab­raý­ly baý­ra­ga eýe bo­lan il­kin­ji pol­ýak ýa­zy­jy ze­na­ny bol­ýar.

Şu ýy­lyň okt­ýabr aýy­nyň 10-na No­bel ko­mi­te­ti bir­ba­da iki baý­ra­gyň – hem şu ýy­lyň, hem-de ge­çen ýy­lyň baý­ra­gy­nyň eýe­le­ri­niň at­la­ry­ny mä­lim et­di. 2018-2019-njy ýyl­la­ryň ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­rak­la­ry­nyň eýe­le­ri­niň bi­le­lik­de yg­lan edil­me­gi No­bel hep­de­li­gi­niň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy bol­dy. Çün­ki 2018-nji ýyl­da Stok­golm­da­ky Şwed ko­ro­ly­nyň ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy ede­bi­ýat bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy­ny kä­bir se­bäp­le­re gö­rä, yza süý­şü­rip­di. Ýe­ňi­ji­le­ri sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy 10-njy de­kabr­da oý­lap ta­py­jy Alf­red No­be­liň ara­dan çy­kan gü­ni Stok­golm fi­lar­mo­ni­ýa­syn­da ge­çi­ril­ýär.
9
490
Myhman Myhman
22 Yanwar 2020
?????
Myhman Myhman
21 Yanwar 2020
????
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.