EDEBIYAT ALEMI
EDEBIYAT ALEMI
26.04.2020 20:06
Soÿgi Hekayasy! gadymdan galypdyr sheyle rowayat, bolupdyr bir yigit, ady hem bayat. yetiship eline yarag alypdyr, yow gelse gaygyrman gylyc salypdyr. onuñ gülshen atly yary bolupdyr, yigitler shol
EDEBIYAT ALEMI
EDEBIYAT ALEMI
13.04.2020 20:02
Sagat (Hekaya) Gürrüňiň iň gyzykly ýerine ýetende, şirin söhbete awy gatyp, ünsi bozup üýrýän itlere haý-küş diýmek üçin zowwa ýerinden galan Kyýas, aýnadan seretmäne howlukdy. Telefon siminden
EDEBIYAT ALEMI
13.04.2020 19:57
Salam hormatly agzalarymyz!
Edebiyat alemi name sebapden yitip gitdi diyip pikir etdinizmi?!!
Biz oz postlarymyzy paylasyp baslayas!
9
217
EDEBIYAT ALEMI
EDEBIYAT ALEMI
23.03.2020 10:26
DERYADA. II Ýagdaý bütinleý üýtgeşdi: derýada ýuwaşja, salkyn şemal öwüsýärdi, motorly gaýyk çalt gidýärdi, bu çaltlykdan ýaňkyja şemal güýjeýärdi. Keýpimiz kökeldi. Adam begenende diline bat berýär,
EDEBIYAT ALEMI
EDEBIYAT ALEMI
20.03.2020 12:29
BEKI SEÝTÄKOW D E R Ý A D A Hekaýa I Dem almaga howa ýetmeýärdi. Biz myhmanhanadaky otagymyzyň gapysyny, aýnalaryny giňden açdyk. Azajyk-da bolsa howanyň hereket etmegini, şemalyň öwüsmegini göwün
EDEBIYAT ALEMI
EDEBIYAT ALEMI
20.03.2020 10:17
"Soygi Mukamy" Ýaşlygymda men bir gyza sataşdym, Gözleriniň ody ýürekde galdy. Gyz däldi-de, ýanyp duran ataşdy, Garaýşy bu goşa garakda galdy. Müň gyzyň içinden gözüňe iler, Onki süňňüm
EDEBIYAT ALEMI
EDEBIYAT ALEMI
20.03.2020 08:15
Salam mahriban agzalar hemmejanizin ertiriniz hayrly bolsun! Bugun siz ucin haysy sahyrymyzyn gosgularyny goyaly siz ucin haysy has gyzykly! Siz bilen Admin boldy
EDEBIYAT ALEMI
EDEBIYAT ALEMI
19.03.2020 18:39
"HAMALA ÇAGALYK GEÇMEJEK ŸALY" Hamala çagalyk geçmejek ýaly, Çagalygyň kenarynda kän durdum. Bu dünýe durşuna sowaldy maňa, Şo sowallaň jogabyna näm berdim. Ol şeýle kenardy, – Beýik
EDEBIYAT ALEMI
19.03.2020 14:53
Ýomut, gökleň
tagsyp edip özünden,
Çyksa goşun, öňi-ardy bilinmez;
Sygmaý çykdy
deşdi-sähra düzünden,
Ýörän ýoly, gonan ýurdy bilinmez.

Garga salsaň, tugun bile depişer,
Haýbatyndan daglar-daşlar
gapyşar,
Öli turup, dirilere ýapyşar,
Arslany, tilkisi, gurdy bilinmez.

Üç müň naýzabazy
bardyr nökerden,
Tört müň pildary bar,
gala ýykardan,
Teke, salyr ýöriş etse ýokardan,
Öňünde oý-çukur, ýerdi bilinmez.

Ähli iller namys edip gelerler,
Galaň ýykyp,
tagtyň berbat kylarlar,
Dökülerler, galalaryň alalar,
Bu kentleriň üçi, dördi bilinmez.

Magtymguly,
Alynyňdyr bu meýdan,
Ne iş tutar, görüň,
bu Omar, Osman,
At deminden dolar zeminu-asman,
Horasanyň häki-gerdi bilinmez.

MAGTYMGULY PYRAGY ©
11
472
EDEBIYAT ALEMI
22.01.2020 16:02
GIDIJI BOLMA!

Gel, köňlüm,
men saňa nesihat kylaý,
Watany terk edip gidiji bolma;
Özüňden eg bir gaýry namardyň
Hyzmatynda gulluk ediji bolma.

Hyzmat kylsaň, bolsun bir asylzada,
Ata-babasyndan beýik begzada,
Eger her çent bolsa aç hem üftada,
Ýanyndan bir zaman gidiji bolma.

Akmaýan galmazdyr bir akan aryk,
Bir tende adam ki semiz, kä aryk;
Bir ýüzi çirikdir, bir ýüzi çaryk,
Çirik diýp, gaty söz aýdyjy bolma.

Ýagşylardan hergiz
çykmaz ýamanlyk,
Asly ýaman bolsa, çykmaz ýagşylyk,
Aslyna tartadyr ýüwrük, çamanlyk,
Ýüwrükni çamanga satyjy bolma.

Çakylyk, habarsyz bir ýere barsaň,
Imtiýaz eýlegil otursaň, tursaň,
Bir nesihat bereý, pendimi alsaň,
Kişi aşynyň duzun dadyjy bolma.

Çagyrlan ýere bar, otur-da turma,
Çagrylmadyk ýere barma, görünme,
Utanmaz adam dek süýrenip ýörme,
Buýrulmagan işni ediji bolma.

Eger sen hem bolsaň nermi-mylaýym,
Mylaýym sen bolsaň, guluň bolaýym,
Gulagymga beren pendiň alaýym,
Kişige gaty söz aýdyjy bolma.

Gökden nem düşmese,
ýer ot getirmez,
Ýygylsa müň gaýgy, bir iş bitirmez,
Är ýigit köňlüne gaýgy getirmez,
Namardyň ogly dek gaçyjy bolma.

Mert ogludyr ile ýazar desterhan,
Dogry söz üstünde berer şirin jan,
Ömrüni ötgerer, diýmez bir ýalan,
Jäht eýläp, ýalan söz aýdyjy bodma.

Sahty-dil ýüregi hergiz boş bolmaz,
Her niçe gynansa köňli hoş bolmaz.
Bir-birewge iki ýagşy duş bolmaz,
Ýagşyny ýamana satyjy bolma.

Töwekgel ner bolar, endişe — maýa,
Köňlüňni iberme her kaýsy jaýa,
Barçanyň daýanjy kadyr allaýa,
Alladan özgäge söýenji bolma.

Okyr bolsaň, ok ur nebsiň gözüne,
Gara, çyn göz bilen meshap ýüzüne,
Aldanyp girmegil şeýtan sözüne,
Ýagşylygy hiç wagt goýujy bolma.

Eger bolsun diýseň ýeňil-agyrlar,
Kelçik sözläp agyrtmagyl bagyrlar,
Ýoluksa gözüňe güňi-sagyrlar,
Olarnyň halyna gülüji bolma.

Tapsaň-da dünýäde mülki-Isgender,
Karunyň maly hem bolsa miýesser,
Ahyry bolar sen ýerge barabar,
Köňlüňde men-menlik satyjy bolma.

Aýdarlar: ýyrtyk don görse it gapar,
Päli ýaman bende hudadan tapar,
Ahyry bir güni kylar sen sapar,
Dar köňüllik işi ediji bolma.

Eger çendi ki bol sahyby-mansap,
Sözün diňle, adalatly bol deňläp,
Söz tapsaň sözlegil, tapmasaň bol hap,
Goldan gelmez işni ediji bolma.

Garrylyk gitgisi bir gün apaty,
Ýigidiň gitgisi bir gün kuwwaty,
Ganymat bil, gapyl adam, pursaty,
Murda dek uzanyp ýatyjy bolma.

Maksat, bu sözlere kylgyl ygtybar,
Çyn adama her wagt adamlyk derkar,
Aňlamaý söýleme: «tamda gulak bar»,
Iç syryň kişige aýdyjy bolma.

Daň atanda molla çagyrar azan,
Bozulmazmyş hergiz kysmatda ýazan,
Ýigitlik bostandyr, garrylyk — kazan,
Bostany hazana satyjy bolma.

Kitabyn açyban okan molla diýr,
Gögerer ýagmyryň suwy birle ýer,
Alkyşy, patyha, doga birle är,
Mazluma sütemlik ediji bolma.

Döwletli ogullar ýaşda baş bolar,
Ýaşaganda, bidöwletler ýaş bolar,
Rehimsiz zalymlar bagry daş bolar
Barar ýere kesek atyjy bolma.

Är ýigit balasy bara pur bolar,
Gamçysy elinde ýaman zor bolar,
Märeke görmegen ýigit har bolar,
Bolar-bolmaz sözi aýdyjy bolma.

Eý köňül, gel imdi haky tapaly,
Nesibe merkebin münüp çapaly,
Aýdarlar: hak ermiş mähri-wepaly,
Hergiz öz sözüňden gaýdyjy bolma.

Men diýdim bir niçe pendi-nesihat,
Bilseň nesihatdyr, ýogsa — pesihat,
Pesihat bilmegil, barça nesihat,
Ýalgançy sözleri aýdyjy bolma.

Magtymguly, göwnüňdedir köp arman,
Tapmady derdine akybet derman,
Ýetişer bir güni hakdan bu perman,
Gaflat düşeginde ýatyjy bolma.

Magtymguly
11
420