BEKI SEÝTÄKOW
D E R Ý A D A
Hekaýa
I
Dem almaga howa ýetmeýärdi. Biz myhmanhanadaky otagymyzyň gapysyny, aýnalaryny
giňden açdyk. Azajyk-da bolsa howanyň hereket etmegini, şemalyň öwüsmegini göwün arzuw
edýärdi. Hammamdan çykan ýaly bolup, jaýyň ortasynda gara dere batyp duran Annaberdi:
— Tamyň diwaryny aýyrsaňyz-da geljek zat ýok, onuň üçin azara galman, gowusy derýa
boýna gideliň. Belki, ol ýeriň ýagdaýy gowurakdyr. Men eýýäm polotensamy çalşyrmasam
bolanok. Ýogsam, muny ýaňyja elime alypdym — diýdi.
Bu maslahat maňa-da, biziň üçünji ýoldaşymyz Mämmetdurda-da ýaraman durmady.
— Gogolyň pomeşigi ýaly gün batýança, suwa girip otursaňyz-da men bar. Gideliň.
Derýa däl, men-ä deňze-de gitmäge taýýar. Barybir bu gün bize garaşyp duran iş ýok — diýmek
bilen, Mämmetdurdy geýnip başlady.
Biziň köwüşlerimiz-de, geýimlerimiz-de gyzgyn pejiň içinden çykarylan ýaly gyzypdy.
Geýnenimizden soň, ýagdaý öňküden-de agyrlaşdy. Ýürek hopugyp, gözümiz garaňkyrady.
Demimiz içimize sygmaýardy. Biziň şu wagtlar birje arzuwymyz bardy: her birimiz kelle ýaly
buz ýuwdup, onuň bolsa içimizde yzygiderli eräp durmagyny isleýärdik.
Köçäniň ýagdaýy jaýyň içindäkiden-de erbetdi: asfalt alan hamyr ýaly ýumşapdy,
mylkyldap ýatyrdy. Köçedäki maşynlar rezinleriniň nagşyny yzlarynda galdyryp, agras
ýöreýärdiler. Agaçlar köp miwe getiren erik bagy ýaly başlaryny aşak egip oturýardylar, olaryň
tozanly ýapraklary kyrkgünlük ýaly saralyp görünýärdi. Adamlar duluklaryny ýyldyradyp,
kölegäniň goýudan-goýusyny agtarýardylar. Şäheriň depesindäki äpet gün has aşaklap, bürünç
jam ýaly gyzaryp durdy.
Asfalt gutardy. Köçäniň gelşigi gaçdy. Öňümizde perde bolup duran tozan diwary
gozganmaýardy. Adamlar onuň aňyrsyndan girip, bärsinden çykýardylar. Biz hem onuň
bärsinden girip, saçymyzy “gyrawladyp” aňyrsyna çykdyk.
Uniwersiteti ýaňy gutaran, ýaş, orta boýly Annaberdi-de, inçe burunly, inçe ýüzli, agaç et
Muhammetdurdy-da şahyrdy. Emma olaryň häzirki görnüşlerinde hiç hili joşgun ýokdy.
Mämmetdurdynyň deri çykyp gutarypdy. Ol indi bir zat sorasaň, jogap bermegiň ýerine ýüzüňe
serederdi-de, agzyny açaýardy. Mejaly gaçypdy. Hemmämiziň aýagymyz agralypdy, daş
baglanan ýalydy. Annaberdi Puşkiniň “Gyş” diýen goşgusynyň birinji oýnamyny okady. Munuň
özi ýükümizi bir azajyk ýeňleden ýaly etdi. Azajyk-da bolsa göwnümizi aldady. Emma uzaga
çekmedi. Töwerekdäki hakykat goşgudan güýçlüräkdi. Biz garly sowuk şemally ýanwar hakynda arzuw edýärdik. Biz gary göz öňüne getirmäge synanýardyk, emma bolmaýardy. Ol
ýadymyza düşen badyna hyýalymyzda eräp gidýärdi.
Derýa boýuna gelmek bilen dünýä täzeden inen ýaly bolduk. Suwa düşülýän saý ýere
baryp, derrew özümizi suwa urduk. Hezil etdik. Soňra içki geýimlerimizi çalaja sykyşdyryp
geýindik. Alabeder bir şekile girip, pristanyň naçalniginiň kabinetinde peýda bolduk.
Naçalnik biziň öňümizde çaý goýdy. Derýa durmuşyndan gürrüň bermäge başlady.
Geýimlerimiz öl-suwdy, onuň üstesine-de çaý içip derledik... Umuman, ýagdaýymyz gaty
düşnüksizdi. Her kim köne dertli ýaly bugaryp oturýardy.
Bize üç adamlyk motorlyja gaýyk, ony sürüp bilýän adam gerekdi.
Naçalnik goňşy otagdaky sekretaryny çagyrdy. Ol ýok eken. Şonuň üçin onuň özi
golaýdaky bir tama gidip gelmeli boldy. Onuň aýaklary kelteden ýogyndy. Naçalnigiň gujurly
görnüşi bardy.
II-bap birnace islegler we gyzykly teswirlerden son hokman bolar