EDEBIYAT ALEMI
19.03.2020 18:39
"HAMALA ÇAGALYK GEÇMEJEK ŸALY"

Hamala çagalyk geçmejek ýaly,
Çagalygyň kenarynda kän durdum.
Bu dünýe durşuna sowaldy maňa,
Şo sowallaň jogabyna näm berdim.

Ol şeýle kenardy, –
Beýik kenardy,
Alkymynda sorag Adasy bardy.
Aňyrsynda bolsa, başga bir beýik,
Başga bir giň kenar uzap gidýärdi.

Ol şeýle bir uzak,
şeýle çuň eken,
Ol şeýle bir beýik,
şeýle giň eken.
Çeker şatlygyny diňe göteren,
Gaýgysynam diňe göteren çeker.

Şo kenara gelip oý edip ýörün,
Ýygnap ýeňil, agyr soraglaň baryn —
...Ne bir o kenarda jogap tapdym men,
Ne bir bu kenarda jogap tapýaryn.

✓GURBANNAZAR EZIZOW
12
481
Aycicek
28 Mart 2020
Diyseň gowy goryanda su gosgyny?
☆NUR☆
19 Mart 2020
Gaty gowy goryan su gosgyny sag bolun????
BBaharjyk❣
19 Mart 2020
Gowy gosgy.????????
Orash Ovezberdiyew
19 Mart 2020
Salam
Lälezar
19 Mart 2020
???
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.