DERYADA. II
Ýagdaý bütinleý üýtgeşdi: derýada ýuwaşja, salkyn şemal öwüsýärdi, motorly gaýyk çalt
gidýärdi, bu çaltlykdan ýaňkyja şemal güýjeýärdi. Keýpimiz kökeldi. Adam begenende diline
bat berýär, göterimli sözler tapýar. Emma biziňki tersine bolup çykdy: biz bu ýagdaýa şeýle bir
begendik weli, sözlemäge söz tapman, biri-birimiziň ýüzümize seredip ýöne: “weýt-weýt” diýip
otyrys.
Jeýhunyň eredilen altyna meňzeş mele suwy bütin gözýetimi tutup, çalaja tolkunyp ýatyr.
Ilerimizden gamyşlyk kenar görünýär. Gündogar bilen günbatardan hiç zat görnenok. Derýanyň
bu iki tarapy gözýetimde asman bilen birigýär.
Suwuň ýüzi poluň üsti ýaly tekiz, ýuwaşja şemal ony emaý bilen sypalaýar, şunuň
netijesinde bolsa kiçijik örküçler emele gelýär. Biziň gaýygymyz örküçjikleri ýaryp geçmek
bilen olaryň müňüniň, millionynyň başyny bozýar, güýçli tolkunlar emele getirýär. Suw guşlary
uzyn ganatlaryny oýnadyp aşak inýärler, gyzyl injikleri bilen kiçijik tolkunlar emele getirip,
ýene-de uçup gidýärler. Çuň ýerlerde suw gaýnap duran ýaly bolup görünýär. Diňe şu zatlar
bolmasa, derýa günüň şu wagtynda gaty parahat görünýär. Garagumuň tekiz, çägelik ýerlerini
ýadyňa salýar.
Ahally Mämmetdurdy her goşgusynda diýen ýaly Amyderýanyň waspyny etse-de,
“janly” derýany birinji gezek görýärdi. Onuň owadan gara gözleri giňden açylyp, töwerege
galawutly seredýärdi, bu gadymy suw dünýäsiniň ähli syrynyň bütin gözelliginiň, onuň
ajysynyň-süýjüsiniň bir bada aňyrsyna ýetmek isleýän ýalydy. Derýanyň beýik, haýbatly
görnüşi onuň sussuny basdy. Häzir onuň dilinden gözi kän “gepleýärdi”. Onuň bar ünsi, ähli
bolşy derýa berlipdi.
Jeýhunyň gamyşly, jeňňelli kenarlarynda önüp-ösen Annaberdi özüniň “dogduk
depesine” gelipdi. Ol ör turup, döşüni şemala tutup, gündogara, Kerki taraplaryna äňedýärdi,
özüniň “dogduk depesini” agtarýardy.
— Eger gözýetim sähel aňyrrak süýşse, şu ýerde men size ýaşkam suwa düşen ýerlerimi
görkezerdim — diýip, şahyr hyýallanýardy.
— Aý, ýog-a? — diýip, Mämmetdurdy gözlerini giňden açyp, haýran galyjylyk bilen oňa
seredýär. — Oglan ahyry, heý, muňa-da düşüp bolarmy? Ýalaňaçlanyp bu derýa özüňi oklamak
– öz janyňa kast etmek bilen deň ahyry!..
Bu wagt geň bir zat ýüze çykdy: biziň gämide bardygymyza, ýokdugymyza çigit ýalyjak
ähmiýet bermän gelýän gämiçi, Mämmetdurdy soňky sözüni aýdyp gutaryp-gutarmanka, birden
yzyna öwrüldi, Mämmetdurdynyň ýüzüne ullakan ala gözlerini öňküden-de giňeldip, gahar
gatyşykly bir görnüşde seretdi. Onuň bu garaýşyny menden başga hiç kim görmedi. Bu
garaýyşdan meniň inim tikenekläp gitdi...
— Ýeri, sen beri suw hakynda geplemesene — diýip, mundan habarsyz Annaberdi
Mämmetdurda gülüp seretdi: — Seniň öňünde bir kerseni suwdan dolduryp goýup:
“gozganman otur, bolmasa gark bolarsyň” diýsem, gorkyňa on günläp oturyşyňy-da
bozmarsyň… Sen suw bilýärmiň, näme?!
— Päheý, sen-ä oňaraýdyňaýt. Ynha, Garagum kanalynyň ikinji nobaty gutarsyn bakaly,
men seniň bu sözüňe onsoň jogap bererin…
— Ol başga mesele!
Şeýle-de bolsa gürrüň alyşmaýardy. Her kim bu ajaýyp görnüşden köpräk täsir almak
üçin öz pikiri, hyýaly bilen başyna gaýdy. Munuň üstesine-de, gämiçi meni uly aladanyň
aşagynda goýdy. Men bar ünsümi oňa bermeli boldum. Meniň başga zat bilen işim bolmady.
Gämiçiniň ady Rozydy. Uzyn boýly, hor, elleriniň, boýnunyň damarlary çykyşyp duran
bu adamyň ýaşy altmyş bilen altmyş bäşiň arasyndady. Eliniň, ýüzüniň hamy kömürçiniňki ýaly
gap-garady. Ullakan, ala gözleri ýitidi, olaryň agy gar ýaly akdy, garasy garamyk ýalydy.
Sakgalda, murtda, saçda agaran ýekeje-de gyl ýokdy. Emma ýagyrnysy hökgüdi. Inçe
ýüzündäki giň maňlaýy agyrlyk edýän ýaly, Rozy mydama başyny aşak salyp oturýardy.
Süňklek uzyn elleri, göwnüme bolmasa, uzadan ýerine ýetäýjek ýalydy. Bu adam meniň
gözüme başga dünýäniň adamy ýaly bolup görnüp başlady.
Bu gaty geň adamdy. Gaýyga mündi-de, sürüberdi. “Hemmäňiz mündüňizmi?” diýbem
soramady. Ugraly bäri biziň bilen bir gezek hem gürleşmedi. Bu boluş meniň keýpimi gaçyryp
başlady.