EDEBIYAT ALEMI
19.03.2020 14:53
Ýomut, gökleň
tagsyp edip özünden,
Çyksa goşun, öňi-ardy bilinmez;
Sygmaý çykdy
deşdi-sähra düzünden,
Ýörän ýoly, gonan ýurdy bilinmez.

Garga salsaň, tugun bile depişer,
Haýbatyndan daglar-daşlar
gapyşar,
Öli turup, dirilere ýapyşar,
Arslany, tilkisi, gurdy bilinmez.

Üç müň naýzabazy
bardyr nökerden,
Tört müň pildary bar,
gala ýykardan,
Teke, salyr ýöriş etse ýokardan,
Öňünde oý-çukur, ýerdi bilinmez.

Ähli iller namys edip gelerler,
Galaň ýykyp,
tagtyň berbat kylarlar,
Dökülerler, galalaryň alalar,
Bu kentleriň üçi, dördi bilinmez.

Magtymguly,
Alynyňdyr bu meýdan,
Ne iş tutar, görüň,
bu Omar, Osman,
At deminden dolar zeminu-asman,
Horasanyň häki-gerdi bilinmez.

MAGTYMGULY PYRAGY ©
11
472
Myhman Myhman
22 Mart 2020
Gowy gosgy???
Lälezar
19 Mart 2020
Mana turkmenistanly rus yazyjylaryn eserleri barada maglumat yada sol eserlen ozleri gerekdi. Okuw kitabyndaky dal yone. Sol temada komek edip bilersinizmi
EDEBIYAT ALEMI
19 Mart 2020
Elbetde! Mumkin
Lälezar
19 Mart 2020
Salam EDEBIYAT ALEMI siz edebiyat hakynda kop maglumatlary bilyaniz seyle gerek?! Sizden hayyst etmek mumkinmi
EDEBIYAT ALEMI
19 Mart 2020
Bagyslan gosgynyn ady Oni ardy bilinmez
Bts
19 Mart 2020
Goshgyn ady Bilinmez dami?
Myhman Myhman
19 Mart 2020
govy gosgy 1nji like menden yitip gitdinizlay
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.